
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda giň möçberli işler amala aşyrylyp, olar röwşen geljegimiz bolan ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, kämil hünärli, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri baradaky aladalardan gözbaş alýar. Ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmaga, mazmunyny baýlaşdyrmaga, dünýä tejribesi esasynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge gönükdirilen sanly ulgamyň bilime ornaşdyrylmagy netijesinde döreýän şert-mümkinçilikler bu ugurda öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini görkezýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip nygtaýar. Bu belent maksada ýetmekde bilime sanly ulgamy ornaşdyrmagyň döwrüň öňe çykarýan esasy talabydygy hemmämize mälimdir. Şol esasdan, häzirki wagtda bilim edaralarynyň işini «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary derejeli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilip, olaryň barha ilerleýändigi, şolaryň netijesinde hem bu ugurdan kämil ylymly-bilimli ýaş hünärmenleriň kemala gelýändigi guwandyryjydyr. Bilim ulgamynda dünýä tejribesinden ugur almak bilen, ähli döwrebap şert-mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, döwletli tutumlary rowaç bolsun!
Amanbagt Orazberdiýewa,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
çeşme: Balkan gazeti