Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYK HUKUK ÝAGDAÝY OKGUNLY ÖSÜŞLERE GIŇ ÝOL AÇÝAR
17.02.2025

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanandan soň agzybirligi, bitaraplygy, parahatçylygy, hoşniýetliligi içeri we daşary syýasatynda öňe çykardy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleyasy tarapyndan mundan 29 ýyl ozal taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi bilen, ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny eýeledi. Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynda 185 döwletiň wekilleriniň goldamagynda Türkmenistan Bitaraplyk hukugyna eýe boldy. 2015-nji ýylyň 3-nji iyunynda bolsa Birleşen Milletler Guramasy ýurdumyzyň bu hukuk ýagdaýy baradaky Kararnamany ikinji gezek tassyklady. Şunuň bilen birlikde, BMG-nin Baş Assambleýasy Türkmenistanyň teklip etmegi esasynda, 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diyip yglan etdi. Bu bolsa Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge goşýan mynasyp goşandynyň ählumumy derejede ykrar edilmeginiň subutnamasydyr. BMG-nin Aşgabatdaky Merkezi Aziya üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy bolsa parahatçylyk söyüjilikli daşary syýasatymyzyň dünýä derejesinde goldanylýandygyny görkezýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen bitaraplygy sebit howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bitaraplygyň binýatlaýyn esaslary BMG-niň Merkezi Aziýadaky sebiti parahatçylyk we hyzmatdaşłyk zolagyna, yklymlaýyn durnuklylygyň pugta guralyna öwürmäge gönükdirilen strategik esaslaryna laýyk gelýär. Bitaraplyk syýasaty sebit we ählumumy derejede halkara parahatçylygy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda, dünýä yurtlarynyň arasynda dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde wajyp ähmiýete eýedir. Halkara hukuk kadalaryna ygrarlylyk Türkmenistanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan halkara taslamalarynda doly beýanyny tapýar. Şolaryň maksady döwletleriň ýakynlaşmagyny üpjün etmek hem-de olaryň arasyndaky gatnaşyklarda ynanyşmak we aýdyňlyk ýagdaýyny döretmek meýli bilen baglydyr. Bitaraplyk bu türkmen halkynyň parahatçylyksöýüji ýörelgesiniň beýleki döwletler bilen birek-biregi hormatlamaga, dostlukly, agzybir, ylalaşykly ýaşamağa çalyşmagynyň beýanydyr. Ýurdumyz umumadamzat gymmatlyklaryna we demokratiýanyň ýörelgelerine eýermek, ýurduň içinde raýat asudalygyny saklamak, Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda bolup, öz syýasatyny ýöretmekdir we şuňa meňzeş alan borçlaryny üstünlikli yerine yetirmekdir. Bitaraplyk derejesi daşky howplardan gorap saklaýar, deňhukukly özara hormat goýujylykly, beýleki döwletlerin içki syýasatlaryna gatyşmazlyk bolup durýar.

Hemişelik Bitarap Türkmenistanda alnyp barylýan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynda ynsanperwerlik ýörelgelerine ayratyn uly üns berilýär. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda demokratik edaralaryň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, adam hukuklary babatynda öz üstüne alan borçnamalaryny netijeli yerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistan degişli halkara guramalar bilen ysnyşykły we köpugurly hyzmatdaşlygy alyp baryar.

Türkmen halky hemişe parahatçylygy we agzybirligi baýdak edinýär, bu babatda işjeň hereket edýär. Bu ýörelge halkymyzyň ata-baba gelýän asylly däbidir, pederlerimizden miras galan hoşniýetlilik, raýdaşlyk syýasatydyr. Bu müdimi ýörelge Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen halkara hukuk ýagdaýyna eýe bolup, giň gerimde ösdürilýär we parahatçylygyň mi zemez sütüni hökmünde barha çuň kök urýar. Bitaraplygyň hemişelik hukugynyň bolmagy asudalygyň, parahatçylygyň hemişelik dabara lanmasydyr, dostlukly gatnaşyklara, taraplara bähbitli hyzmatdaşlyga, netijede gülläp ösüşe itergi berýän uly güýçdür. Garaşsyzlygyň we Bi-taraplygyň gülläp ösüşe, özgerişlere badalgady gy, uly güýçdügi, başlangyędygy geçen ýyllaryň dowamynda doly subut edildi. Bu günki günde ýurdumyz örän uly sepgitlere yetdi.

Garaşsyzlygyň, Bitaraplygyń ganatynyň astynda ýurdumyzyň ähli pudaklary, şol sanda nebitgaz toplumy sazlaşykły ösdürilýär. Geçen ýyllaryň dowamynda gaz, nebit senagatynda, geologiýa pudagynda, berkarar döwletiň bina edilmegi bilen ymykly ýola düşen nebitgazhimiýa senagatynda ägirt uly ösüşler gazanyldy, iri taslamalar durmuşa geçirildi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan energetika syýasaty ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegini we onuň halkara energoulgamyna sazlaşykły goşulyşmagyny ugur edinýär. Ýurdumyzda bu ulgamda maýa goýum taslamalary amala aşyryldy we möhüm ykdysady ähmiýete eýe bolan maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Munuň özi sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda oňyn täsirini yetirýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýy, parahatçylyk arkaly ösüş döwlet syýasaty, nebitiň we gazyň baý gorlaryna eýe bolmagy, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalaryny, abraýly maliye düzümlerini özüne çekýär. Netijede, işewür hyzmatdaşlygy, energiýa çeşmeleriniň daşary bazara ugradyłyşy giňelýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny giň gerimde ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyna gönükdirilen syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek. Şu ýyl nebitgaz pudagyny ösdürmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze, döwrebap toplumlary gurmak, geologiýa-gözleg işlerini kämilleşdirmek bilen bagly işlere aýratyn üns berildi.

Ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen sebit we ählumumy derejede parahatçylygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmaga, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmäge, döwletleriń we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli infrastruktura taslamalaryny, şol sanda nebitgaz pudagyna degişli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär. Üstümizdäki şanly ýylyň 11-nji sentýabryndaky möhüm wakalar hem oňa şaýatlyk etmek bilen, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda täze, möhüm sahypa boldy. Şol gün Serhetabat-Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsinin açylyş dabarasy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan- Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat-Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat-Hyrat optiki-süyümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir yol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyń, Turgundy-Hyrat demir yolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy-Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegin çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda yerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary geçirildi. Taryhy wakalar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň özara bähbitli döwletara, şeýle hem ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän sebit we halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ýolunda möhüm tapgyra gadam basandygyny alamatlandyrýar.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli, parasatly döwlet syýasatlarynyň netijesinde nebitgaz toplumynyň pudaklarynyň ähli agzybir işgärleri özleri baradaky atalyk aladany duýup, şanly ýyly üstünlikler bilen jemlediler.

Mämmet MÄMMEDOW, žurnalist.
Muhammetmyrat ATAGARRYÝEW, «Türkmennebit» DK-nyň umumy bölüminiň

baş hünärmeni. Konserniň TDP-niň ilkinji partiýa guramasynyň başlygy.
Salyh HUDAÝWERENOW, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.