
Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde nebitgaz senagatyna aýratyn orun degişlidir. Şonuň üçinem häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly pudagy döwrebap derejede ösdürmek, bu ugurda kämil hünärmenleri taýýarlamak boýunça uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa berkarar Watanymyzy ykdysady taýdan ösdürmek boýunça bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan badalga alan asylly başlangyçlaryň netijesinde nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösýän pudaklarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň başyny başlan taryhy özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmek we onuň halkara energetika ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde pudagyň işini täzeçe guramak, önümçilik kärhanalaryny döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün etmek, olary halkara ölçeglere laýyk enjamlaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler täze derejelere çykýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylýar we döwrebaplaşdyrylýar. Nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze, döwrebap toplumlary gurmak esasynda innowasion önümçilikleri döretmek we geologiýa-gözleg işlerini kämilleşdirip, pudagyň kuwwatyny artdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän işleriň hatarynda pudak üçin zerur hünärmenleriň taýýarlanylmagyna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Biz ýaşlara we olaryň sowatlylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berýäris. Ýurdumyzda ilatyň, şol sanda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi, aýratyn hem, hünär bilimlerini almaklary babatda ähli şertleri, mümkinçilikleri döredýäris» diýip belläp geçýär.
Biziň orta hünär okuw mekdebimizde hem nebitgaz senagaty üçin hünärmenleri taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Munuň üçin okuw-terbiýeçilik işini guramagyň döwrebap usullaryndan netijeli peýdalanylýar. Hususan-da, talyplaryň nazary bilimleriniň önümçilik bilen baglanyşdyrylmagyna uly üns berilýär. Bu bolsa ýaşlaryň çuňňur bilim almaklaryna, saýlap alan hünärlerine kämilleşmeklerine ýardam edýär.
Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Şonuň üçinem durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, bu ulgamda hem üstünlikli durmuşa geçirilýän tutumly işler gazanylýan durnukly ösüşiň esasy bölegini düzýär. Muňa oňat düşünýän kalby buýsançdan doly talyplarymyz ýurdumyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşjak kämil hünärmenler bolup ýetişmegi özleriniň perzentlik borjy hasaplaýarlar.
Berkarar Watanymyzyň bagtyýar ýaşlaryna uly ynam bildirip, olaryň dünýä derejesinde bilim almagyny we kämil hünärmenler bolup ýetişmegini üpjün etmäge gönükdirilen asylly işleriň sakasynda durýan Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize egsilmez alkyş aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Maýa BAÝRAMMÄMMEDOWA,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Çeşme: Türkmenmetbugat