Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Polimer galyndylaryny gaýtadan peýdalanmak
31.01.2025

Häzirki zaman önümçiliginde polimer materiallar köp möçberde öndürilýär. Näçe köp polimer ulansak, şonça-da köp zyňyndynyň emele gelýändigi hemmämize mälimdir.  Bu bolsa meseläniň ykdysady we ekologik tarapyny ýüze çykarýar.

Garyşyk polimer zyňyndylaryny, polietilen we polipropilen görnüşli zyňyndylary bir tehnologik yzygiderlilikde gaýtadan işlemegiň esasynda önüm öndürmekligiň netijesiniň ýokary boljakdygy şübhesizdir. Ýagny bu ugurda oba hojalygy pudagynda damjalaýyn suwarmak ulgamy zerur bolansoň, polimer turbalary, lagym suw akdyryş turbalary, gök önümleri gaplamak üçin gutulary, binagärlik bezeglerini öndürmek mümkinçiliginiň bardygyny bellemek gerek.  Meseläniň ekologiýa dahylly tarapynda bolsa zyňyndylaryň daşky gurşawymyza ýaramaz täsirini peseltmekdäki wezipäni bellemek ýeterlikdir. Gündelik durmuşymyzda zyňylýan zyňyndylaryň düzüminde polimer materiallarynyň zyňyndylarynyň agramy uly bolmasa-da (7-8 %), olaryň dykyzlygynyň pesdigi sebäpli, göwrüminiň (zyňyndylaryň göwrüminiň 18-20 %) uly bolmagy olary derrew göze ilginç edýär we meseläniň ekologiýa bilen bagly tarapyny ýüze çykarýar.

Bellenilen iki meselä bu günki günde dünýä döwletlerinde aýratyn üns berilýär. Gündelik durmuşda diňe gaýtadan işlenen polimer önümleriň 1400-den gowrak görnüşi ulanylýar. Bu önümleriň bahasy ilki öndürilen önümleriňki bilen deňeşdirilende 20—25 göterim arzan bolýar. Olar öndürilende, energiýa sarp edilişi 84 göterim azalýar. Käbir ýurtlarda gaplaýjy materiallar taýýarlanylanda olaryň düzüminiň 25 göterimden az bolmadyk möçberi gaýtadan işlenen polimer materiallardan bolmagy kanuny talaba öwrüldi. Geljekde bu sany 50—65 göterime ýetirmek göz öňünde tutulýar. Biz durmuşda köp ulanylýan plastmassa we polimer materiallary ulanyşdan galansoň, bir tehnologik yzygiderlilikde olaryň zyňyndylaryny gaýtadan işläp, olardan önüm öndürmek arkaly Watanymyzyň ykdysady hem ekologiýa taýdan ösüşine goşant goşup bileris. Garyşyk polimer zyňyndylaryny gaýtadan işlemek arkaly oba hojalygynda ýerleri suwarmak we lagym suwlary akdyrmak üçin suw geçiriji turbalaryň dürli görnüşlerini öndürmegi öwrenmek maksadalaýyk ädimdir.  Adamzadyň ýaşaýşynda mese-mälim görünýän netijeleriň biri galyndylary emele getirýändigidir, olaryň içinde-de plastmassa galyndylary aýratyn orna eýedir. Ösüşiň häzirki zaman tapgyrlarynda plastmassa önümçiligi her ýylda 5—6 göterim artýar. Soňky onýyllykda 250 million tonna barabar bolar diýip çak edilýär. Senagat taýdan ösen döwletlerde olaryň sarp edilişiniň ilatyň paýyna düşýän möçberiniň 85—90 kilograma barabar bolup, soňky 20 ýylda esse hasabynda artýandygy bellenilýär. Çak etmelere görä, onýyllygyň ahyrynda bu görkezilen möçberiň 45—50 göterime ýetjekdigi bellenilýär.

Häzirki wagtda adamlar plastmassa ulanylyşynyň artmagy we galyndylaryň üznüksiz köpelmegi netijesinde ýaşaýan ýerimiziň, zeminiň hapalanýandygyny göz öňünde tutmaly bolýarlar. Şonuň üçinem plastmassa galyndylaryny gaýtadan işlemek we önümçilige ornaşdyrmak ýurduň ekologiýasyny gowulandyrmakda ähmiýetlidir.  Gündelik ýaşaýşymyzda 40 göterime golaý taşlanan sintetiki polimerlerden taýýarlanan gaplar hemişelik diýen ýalydyr, ýagny olar dargap gitmeýär. Şonuň üçinem plastmassa gaplaryň gaýtadan işlenip peýdalanylmagy bir adama 40—50 kilogram ýyl hasabynda ulanmaga mümkinçilik berýär.

Polimer materiallary çüýremä, korroziýa duçar bolmaýar. Olaryň utilizirlenmegine degişli meseleler bolsa, ilki bilen, ekologik häsiýete eýedir. Emma häzirki wagtda polimer galyndylaryny gaýtadan işlemek meselesi diňe bir daşky gurşawy goramak bilen çäklenmän, eýsem, polimer çig mallarynyň gytçylyk şertlerinde kuwwatly çig mal we energetika resurslary hem bolup durýar.  Plastmassa galyndylaryny gaýtadan işlemegiň we ýok etmegiň bahasy, senagat galyndylarynyň köpüsiniň gaýtadan işlenilendäki çykdajylardan, takmynan, sekiz esse, gündelik durmuş galyndylaryny ýok etmäge bolsa üç essä golaý agdyklyk edýär. Bu ýagdaý plastmassalaryň belli bir derejede kynçylyk döredýän we gaty galyndylary ýok etmegiň belli bolan usullaryny peýdalanmaga ýaramsyz täsir edýän aýratynlyklary bilen baglydyr. Polimer galyndylarynyň peýdalanylmagy başky çig maly (esasan-da, nebiti) we elektrik energiýasyny düýpli tygşytlamaga mümkinçilik berýär.

Plastmassa önümleriň galyndylaryny gaýtadan işlemegiň olaryň ýok edilmegine sarp edilýän harajatlardan uly bolmaýandygyny, hatda käbir ýagdaýlarda olary ýok etmekden pes bolýandygyny hem bellemelidiris. Gaýtadan işlemegiň oňyn tarapy halk hojalygynyň dürli pudaklary üçin peýdaly önümleriň goşmaça mukdary alynýar we daşky gurşawyň hapalanmasy bolmaýar. Şu sebäpler boýunça plastmassa galyndylaryny peýdalanmagyň meselelerini çözmek diňe bir ykdysady tarapdan däl-de, eýsem, ekologiýa taýdan hem ileri tutulýan ugur hasap edilýär. Könelen önümler görnüşde her ýylda emele gelýän polimer galyndylarynyň uly bolmadyk bölegi gaýtadan işlemäge degişli hasaplanylýar. Bu ýagdaýyň sebäbi galyndylary taýýarlamak işleriniň — ýygnamak, seçip-saýlamak, böleklemek, arassalamak ýaly işler üçin ýörite enjamlaryň bolmazlygy bilen baglydyr.

Plastmassa galyndylaryny gaýtadan işlemegiň esasy usullaryna aşakdakylar degişlidir:

— piroliz ýoly bilen termiki bölmek;
— başlangyç pes molekulýar önümleri almak bilen bölmek;
— ikinji gezek gaýtadan işlemek.

Tebigatymyzyň hem durmuşymyzyň gözel bolmagy babatynda uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik tutumly işleri hemişe rowaç alsyn!

Ýolaman DERÝAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.

Çeşme: Türkmenmetbugat