Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Ekologiýa abadançylygy — sagdyn ýaşaýyş, durnukly ösüş
31.01.2025

Ýurdumyzda daşky gurşawyň abadançylygyny gorap saklamak babatda alnyp barylýan döwlet syýasaty, bu ugurda öňe sürülýän başlangyçlar, «ýaşyl» ykdysadyýeti döretmek ugrundaky tagallalar umumadamzat bähbitlerini nazarlaýar. Munuň özi sagdyn ýaşaýşyň, durnukly ösüşiň esasydyr. Şeýle bolansoň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşi ekologiýa meseleleriniň çözgüdine laýyklykda alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ählumumy ekologiýa abadançylygynyň hatyrasyna edýän tagallalarynyň netijesinde berkarar döwletimizde tebigy baýlyklary gorap saklamak we rejeli peýdalanmak babatda uly işler amala aşyrylýar. Şunda tebigatyň eçilen suw serişdelerinden aýawly peýdalanmak has möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Suw — ähli zadyň sakasy, ýaşaýşyň gözbaşy. «Häzirki döwürde suw meselesi boýunça özara hyzmatdaşlyk umumydünýä işleriniň wajyp bölegi bolup durýar. Ol köp babatda Ýer ýüzünde durnuklylygy, ösüşi we abadançylygy üpjün etmekde mümkinçilikleri kesgitleýär» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň 3-nji dekabrynda Saud Arabystany Patyşalygynda BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (COP16) çäklerinde geçirilen «Bitewi suw» sammitinde eden çykyşynda aýtdy. Bu günki gün halkymyzy arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, howanyň üýtgemegine, ýerleriň şorlaşmagyna we çölleşmä garşy göreşmek, biologik köpdürlüligi we tebigy aýratynlyklary gorap saklamak, tokaý zolaklaryny döretmek ýaly wezipeleriň hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda mynasyp çözgüdini tapýandygy bizi örän guwandyrýar. Ýurdumyzda her ýylyň ýaz we güýz pasyllarynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçirilip, köp mukdarda pürli, saýaly we miweli agaç nahallary oturdylýar. Şeýlelikde, obalardyr şäherçelerimizde, şäherlerimizde ýaşyl baglaryň, seýilgähleriň hatary barha artýar. «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde ynsan elleri bilen döredilýän tokaýlyklar ýurdumyzyň çar künjüni gurşap alyp, ekologiýa abadançylygy has-da gowulanýar. Tebigatyň gözelligine gözellik goşýan ýaşyl baglaryň hatarynyň gitdigiçe artmagy döwletimiziň köpugurly ekologiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

Tebigatda ähli janly-jandarlaryň ýaşaýşy daşky gurşaw, arassa howa, suw we iýmit bilen berk baglanyşyklydyr. Daşky gurşawyň abadançylygy sagdyn ýaşaýyşdyr, bagtyýar durmuşdyr. Goý, bu ugurda taýsyz tagallalary edip, halkymyzyň eşretli durmuşda sagdyn ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Aşyrberdi MUHAMMEDOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat

nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Çeşme:Türkmenmetbugat