Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
BELENT SEPGITLERE YNAMLY BADALGA
30.01.2025

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 3-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren mejlisinde nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn çäreleri geçirmegi dowam etdirmegiň zerurdygyny aýratyn nygtady. Şundan ugur alyp, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny ýylsaýyn täze belentliklere götermekde we ýer jümmüşinden alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberlerini artdyrmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň müdirlikleri hem netijeli işleri alyp barýarlar. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary düýpli abatlap, täzeden hatara goşmakda bu kärhanalar geçen ýyl tutuş trest boýunça 278,3 müň tonna golaý «gara altyny» hem-de 194,5 million kub metre barabar «mawy ýangyjy» goşmaça çykaryp, bellenilen meýilnamalaryň degişlilikde 118,2 göterim we 355,4 göterim ýerine ýetirilmegini gazandylar. Geçen ýyl abatlaýjylaryň irginsiz tagallalary netijesinde tutuş trest boýunça jemi 533 sany guýy düýpli abatlanylyp, olaryň 413-sine derek 479-sy gaýtadan hatara goşuldy. Bu üstünlige «Gamyşlyja» we «Barsagelmez» guýulary düýpli abatlaýyş müdirlikleriniň zähmet toparlary has-da saldamly goşant goşdular. Geçen hasabat döwründe trest boýunça gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça alnan nebitiň umumy möçberiniň 115 müň tonna barabary «Goturdepe», 80 müň tonna golaýy «Barsagelmez» we 71 müň tonnadan gowragy bolsa «Gamyşlyja» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliklerine degişlidir.

Ýeri gelende aýtsak, «Türkmennebit» döwlet konserniniň esasy we ýardam beriş düzümlerine degişli kärhanalaryň ählisi soňky ýyllarda dünýäniň öňdebaryjy öndürijileri bolan Germaniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Hytaýyň, Russiýa Federasiýasynyň nebitgaz senagatyna ýöriteleşdirilen has kuwwatly tehnikalarydyr desgalary, kämil tilsimatlarydyr enjamlary bilen üpjün edildi. Guýy gazyjylar ýedi müň metre çenli we ondan hem çuň dag jynslaryny gazmaga ukyply burawlaýjy desgalara eýe bolan bolsalar, guýulary düýpli abatlaýjylar ýük göterijiligi 80 tonnadan 120 tonna çenli bolan desgalary edindiler. Geçen ýylyň ahyrynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestine Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan ýöriteleşdirilen «LG C360» kysymly maýyşgak nasos-kompressor turbaly desgalar toplumynyň 3-si we awtobuslar gelip gowuşdy.

Döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna mynasyp goşant goşmagy maksat edinip, gaýratly zähmet çekýän konserniň zähmet toparlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özlerine satyn alyp beren bu has kämil we kuwwatly, birnäçe işleri üstünlikli ýerine ýetirmäge ýöriteleşdirilen täze maýyşgak nasos-kompressor turbaly desgalar toplumyny we awtobuslary ýokary ruhubelentlikde kabul etdiler. Bu täze desgalaryň düzümindäki köpugurly tehnikalar önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guyularda düýpli abatlaýyş işlerini ýokary hilli amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri berýär. Olaryň kömegi bilen wagtlaýyn hereketsiz duran we guýuda emele gelen çylşyrymly bökdençlikleri aradan aýyrmak ygtybarly amala aşyrylýar. Şonuň ýaly-da, olaryň kömegi arkaly hereketsiz we hereket edýän nebitgaz guýularynda çylşyrymly abatlaýyş işlerini ýokary hilli amala aşyrmak hem-de düýpli abatlaýşa garaşýan guýulary öz wagtynda dikeldip, ulanyşa tabşyrmak üstünlikli ýola goýulýar. Bu desgalar toplumlarynyň ýany bilen sorujy enjamlar, awtoçelekler, kiçi elektrik desgalary, ähli amatlyklary bolan medeni jaýjagazlar hem-de ätiýaçlyk şaýlary gelip gowuşdy. Munuň özi abatlaýjylaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has belent sepgitleri eýelejekdiklerine aýdyň güwä geçýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW,
Çeşme: «Nebit-gaz» gazeti.