Gözelleşýär haýran edip älemi
Arkadagly Serdar bilen Watanym
Ynamlydyr öňe tarap ädimi
Arkadagly Serdar bilen Watanym
Zähmet joşýar üstünlik bar her işde
Gülleýär gül açýar meňşäp behişde
Pederleriň arzuwlany geçmişde
Arkadagly Serdar bilen Watanym
Dostluk doganlyga giňden ýol açyp
Ýüpek ýollar barýar uzap ýol aşyp
Bereket eşrete giňden ulaşyp
Arkadagly Serdar bilen Watanym
Baýdak edip ata-baba pendi biz
Dünýä äşgär üstünlikde indi biz
Gözelleşýär oba-şäher kendimiz
Arkadagly Serdar bilen Watanym
Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň
kärdeşler arkalaşygy boýunça tehniki gözegçisi
Geldimyrat Seýtiýew