Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
NEBIT GUÝULARYNDA ORNAŞDYRYLÝAN TÄZE TEHNOLOGIÝALARY YLMY TAÝDAN ESASLANDYRMAK
21.01.2025

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynda» nebitiň, gazyň çykarylyşyny, içerki we daşarky sarp edijilere ugradylyşyny, gaýtadan işlenişini, ygtybarly gorlar bilen ýeterlik derejede üpjün etmek maksady bilen geçirilmeli gözleg-agtaryş işleri babatda uzak möhletlere niýetlenilen anyk wezipeler kesgitlenen.

Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna laýyklykda ýangyç serişdelerini gazyp çykarmakda, olary gaýtadan işlemekde we taýýar önümleri dünýä bazaryna çykarmakda ägirt uly öňegidişlikler amala aşyrylýar. Bu maksatnamada ähli ugurlar boýunça ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan belent sepgitlere ylmyň öndebaryjylarynyň we häzirki zaman tehnologiýalarynyň önümçilige ornaşdyrmagynyň netijesinde ýetiler.

Gözleg-agtaryş işleriniň esasy ugurlary, nebitiň we gazyň gazylyp çykarylyşy boýunça häzirki döwürde nebitgaz işleri alnyp barylýan ýerlerden başga-da, Günbatar Türkmenistanda: Akpatlawuk, Çekiçler, Şatut, Nebitlije, Gündogar Çeleken we beýleki geljegi uly bolan meýdanlarda nebit-gazly gatlaklarda goşmaça barlaglary geçirmegiň hasabyna; Hazarýaka zolagynyň geljegi uly bolan meýdanlarynda; Nebitlije we Çeleken meýdanlarynda önümliligi subut edilen, önüm alynýan gatlaklardan aşakda yerleşen aze gatlaklara; Hazar deňziniň türkmen bölegine; Gündogar Türkmenistanda: Ýolöten-Ýaşlar, Şatlyk, Malaý-Bagaja gazly zoloklaryna we Amyderýanyň sag kenaryna; Murgap, Bokurdak, Merkezi Garagum sebitleriniň nebitgaz ýataklaryna we başga birnäçe känlerde geljegi uly bolan meýdanlara gönükdirilen.

Häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň, Alym Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatynda nebit we gaz pudagyna innowasiýanyň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Olar guýulardan nebit çykarmakda ulanylýan tehnologiýalardyr. Olaryň esasy wezipeleri nebit çykaryjy guýularda abatlaýyş işlerini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Şeýlelikde dünýäde ulanylýan tehnikalara we tehnologiýalara esaslanyp seljerme işleri geçirilende nebit çykaryjy guýulary burawlamakda ýüze çykýan gatlak şertlerine esaslanylanda birnäçe meseleleri gözden geçirmeli bolýar. Olar, esasan, aşakdakylardan ybarat: burawlama döwründe dörän kolmatasiýa, guýynyň sement sütüniniň jebisligi, guýynyň açylyş derejeleri, gatlak guyynyň arasyndaky arabaglanyşygynyň derejesi, guýynyň gidrogazodinamiki häsiýetleri, guýynyň üst jebisligi, guýulary ulanma bermek, ulanylýan guýularda işleýän halynda birnäçe döwürlerde yüze çykýan işleri geçirmek, guýularda galdyryp-düşürme işlerini geçirmek, guýularyň öz özünden suw basanda suwuklygy galdyrmak, aýyrmak, gazlift usulynda abatlaýyş işlerini geçirmek işlerinde daşky gurşawa täsirsiz usullaryň tehnikasyny hem-de tehnologiýasyny saýlap almak wajypdyr.

Yurdumyzda nebit känlerini özleşdirmekde, işläp geçmekde, önüm berijiligini ýokarlandyrmakda alnyp barylýan işlerde täze tehnikalar we tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Olaryň arasynda işläp duran guýularda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin Koltýubing desgasyny bellemelidir. Bu desgalar toplumy birnäçe işleri geçirmek üçin niyetlenilýär. Koltýubing desgasy maýyşgak turbalary ulanmagyň kömegi bilen nebit çykaryjy guýularyndan häzirki wagtda ylmyň gazananlarynyň amatlysy bolup durýar. Seredilýän desganyň ylmy aýratynlygy soňky döwürlerde buraw işlerinde çalt ösýän ugur gapdala gönükdirilen we kese guýulary burawlamak üçin ulanylýan tehnologiýa yzygiderli turbalary ulanmak. (KGT) колонна гибких труб), (UGT установка гибких труб колтюбинговое оборудование). Yzygiderli buraw turbalaryny ulanmak buraw tehnolo- giýalarynyň meseleleriniň giňelmeginde we turbalary kebşirlemek önümçiliginde uly üs- tünliklere eýe boldy. Daşary ýurt tejribelerin- de (ABŞ, Kanada) yzygiderli turbalar geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda ýerasty düýpli abatlaýyş işlerinde nasos kompressor turbalaryna (NKT-a) derek ulanylyp başlanyldy we olaryň diametrleri 33 mm-den 89 mm-e çenli ulaldyldy. Häzirki döwürde nebit we gaz guýularynda KGT-ginden buraw işlerinde, özleşdirmekde, guýulary ulanmakda we düýpli abatlaýyş işlerinde ulanylýar.

(KGT) - yzygiderli maýyşgak turbalar düzülişi (gurluşy) boýunça yzygiderli diametri birdeňlikde metal turbalary we olar ýörite tegek (barabana) oralýar hem-de özi ýöreýän desgada ýerleşdirilen we yzygiderli maýyşgak turbany berýän mehanizm (transportýor) şeýle-de beýleki kompleks enjamlar bilen birnäçe tehnologiýalary dolandyrmak üçin gurallar üpjün edilýär. KGT-niň göterip-düşürme enjamlary iki görnüşde düzülen: turba dolanýan tigirden we turbany süýşürýän mehanizmden.

Tehnologiýanyň ylmy taýdan seljerilmegi bilen aşakdaky netijelere eýe bolmak mümkin: -wagty örän tygşytlaýar we göterip-düşürme işleriniň howpsuzlygyny artdyrýar, ýagny turbalaryň birikmelerini açyp-ýapmak işlerini aradan aýyrýar;

-guýuda gyşardylýan aralyklary geçmegi we uzaldylan kese bölekleriň geçmek ýagdaýyny gowulandyrýar;

-tehniki-ykdysady görkezijileri artdyrmak üçin goşmaça tehnologiýalary ulanmaga mümkinçilik döredýär (esasy guýudan birnäçe kese guýulary burawlamak), anomal şepbeşikligi nebit känlerini özleşdirmekde, guýy çuňlananda gatlaklary açmak, burawlamagyń netijelilik täsirinde uly geçirijilikli gatlaklary açmak we pes gatlak basyşly gatlaklary açmak üçin niýetlenen;

-guýyny basyp ýatyrmak işlerini aradan aýyrýar, netijede önümli gatlagyň kollektor häsiýetleri saklanylýar;

-guýynyň ýokarsyny berk jebis saklamak ýagdaýyny döredýär, şeýdip ýokary zyňmak- lyk we çuwdürimli mümkinçilikleriň öňüni alyp bolýar;

-çäklendirilen işçi meýdançalarynda buraw enjamlarynyň kompleksini ykjam sazlaşykly işlemäge mümkinçilik döredýär;

-daşky gurşawy goramaklygy we ekologiýanyň ýokary talaplaryny ýerine ýetirýär;

-buraw brigadasynyň iş ýagdaýlaryny gowulandyrýar, programmaly dolandyrma-gy döredýär.

Tehnologiýany ylmy nazary taýdan esaslandyranymyzda aşakdaky netijeleri alyp bolar:

-nebit guýularynyň öz-özünden suw basmagyny aradan aýyrmak, suwuklygy ýokaryk çykarmak, NKT-niň diametrini kiçeldip sütündäki tizligi ýokarlandyrmak;

-gatlagyň önümberijiligini ýokarlandyrmakda ulanylýan usullarda has netijeli we ykdysady taýdan amatly netijesi bardyr, (turbanyň içinden we daşyndan täsir etmek, gatlaga gidro ýarmak, gatlaga kislota bilen ýarmak bilen täsir etmek we ş.m);

-guýularyň önümberijiligini yokarlandyrmak ežektorly usulyny ulanmakda amatlydyr (parafin dykysyny, çäge dykysyny, suw dyky- syny we ş.m).

-ulanylýan tehnologiýanyň tehnikasynda guýy saklananok;

-ulanylýan tehnologiýanyň tehnikasynda daşky gurşawa zyňyndylar ýok.

Alnan netijede guýularyň önümberijiligini ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Tehnologiýalar birnäçe görnüşleri bilen tapawutlanyp, birnäçe işleri ýerine ýetirýär. Bu bolsa nebit çykaryş, düýpli abatlaýyş işlerinde ulanylmak bilen, ykdysady görkezijileri artdyrýar.

Mämmet MÄMMEDOW, žurnalist

Muhammetmyrat ATAGARRYÝEW, «Türkmennebit» DK-nyň umumy bölüminiň baş hünärmeni. Konserniň TDP-niň ilkinji partiýa guramasynyň başlygy

Salyh HUDAÝWERENOW, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

Çeşme: «Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri» žurnaly



Şeýlede okaň


29.01.2025


27.01.2025

24.01.2025

24.01.2025

22.01.2025