Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Watanym
20.01.2025

Hazar, Jeýhun arasynda gül açyp

Nur bolup zemine şöhle saçanym

Bize tarap bu gün dünýäniň ýüzi

Topragyňda Hydyr gezen Watanym

 

Parahatçylyk, Ynanyşmaklygyň,

Başlanýar hut senden özen çeşmesi,

Altyndan gymmatly milli mirasly

Uzap gidýär asyrlara geçmişi.

 

Dosluk,doganlyk hem-de ygrarlylyk

Seniň perzentleriň ganyna siňen.

Keramatly bu mukades toprakda

Men-men diýen ärler jahana inen.

 

Pederleriň bagyrlary badaşan,

Her gysym topragyň gymmat gyzyldan

Deňiz, derýa, sähra dagy düzüňe

Hak ýalkamyş nury siňen ozaldan.

 

Gurmak döretmeklik kesbi käridir

Niýeti päk, ynsanperwer ogullaň

Gözel kaşaň-kaşaň binalar bilen

Gün-günden giňeýär şäher obalaňş

 

Pažarlap,özgerip gülleýäň ösýäň

Ýürekleri buýsanç şatlykdan dolup

Bu gün hemmeleriň arzuw küýsegi

Jennet dek  zemine görelde bolup

 

Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça tehniki gözegçisi

Geldimyrat Seýtiýew



Şeýlede okaň


29.01.2025


27.01.2025

24.01.2025

24.01.2025

22.01.2025