Ýurdumyzda nebitiň we gazyň çykarylyşynyň ýokary derejesini üpjün etmegiň zerurlygy eýýäm belli bolan nebitgazly sebitleriň çäklerinde-de, entek özleşdirilmedik geljegi uly täze çäklerde-de geologik-agtaryş işleriniň çaltlandyrylan depginini talap edýär. Şolaryň hataryna, ilkinji nobatda, Garabogazýaka sebiti degişlidir. Garabogazýakanyň territoriýasy tektonik taýdan epigersin platformasynyň düzümine girýän Turan plitasynyň günorta günbatar çetleri bolup durýar. Demirgazyk Garabogazýaka diýlip atlandyrylýan bu territoriýanyň demirgazykgündogar bölegi ýura we permtrias çökündileriniň galyň gatlaklygynyň ösendigi bilen häsiýetlendirilýär, olar sebitleýin nebitgazly bolup durýar. Demirgazyk Garabogazýakanyň ähtimal nebitgazlylygynyň geljegi onuň geologik gurluşynyň ýanaşyk Günorta Gazagystanyň nebitgazly welaýatlary bilen umumylygyna esaslanandyr. Ol ýerde Oýmaşa meýdançasynda çykymy bir gijegündizde 240 tonna çenli bolan nebit akymy alyndy. Günorta Maňgyşlagyň çäkleri trias çökündilerine çenli 9 önümli gorizontlary, ýura çökündilerine çenli bolsa 13 önümli gorizontlary saklaýarlar. Türkmen serhediniň golaýynda ýerleşen AksuwKenderli we Temirbaba meýdançalarynda triasyň orta bölüminden nebitiň akymy alyndy. Bu territoriýalarda mel we hatda paleogen çökündileri hem senagat nebitgazly bolup durýar. Demirgazyk Garabogazýakanyň nebitgazlylygynyň ýokary alamatlary Türkmenistanyň territoriýasyndada anyklanyldy. 2000nji ýylda Täzedepe meýdançasynda gaz käni açyldy, şonda ýokary ýura (kelloweý) çökündilerinde 1 müň 973 — 2 müň 56 metr çuňluk aralygy synag edilende 221 müň m3 /g.g. göwrümde gaz akymy alyndy. Kän agtaryşyň we gurulmasynyň dowam etdirilmändigi sebäpli duruzyldy. 2DUÇNU seýsmiki işler arkaly gözleg we ölçeg burawlaýyş bilen agtaryşa Täzeguýy, Garaşsyz, Galkynyş, Çukurçy, Atanyýaz ýaly obýektler taýýarlanyldy. Olardan Garaşsyz we Galkynyş meýdançalarynda paleozoýa çenli kesimi açan we geologik sebäplere görä petiklenilen ölçeg guýulary gazyldy. Guýular, megerem, amatsyz gurluş şertlerinde ýerleşendir, bu soňraky barlaglary talap edýär. Demirgazyk Garabogazýakanyň demirgazykgündogar böleginde geçen ýyllarda bölekleýin ýura çökündilerini açan we kesimiň ähtimal nebitgazlylygynyň göni alamatlaryny ýüze çykaran Gündogar Tamdy, Azatlyk, Çagyllyşor, Üçýyllyk meýdançalarynda guýular burawlandy. Bu ýerde bölünen Täzeýer, Dörtgul we Garygarasaý gurluşlarda olaryň geologik gurluşyny takyklamak we ýuranyň, permtriasyň nebitgaz saklaýjy gorizontlary boýunça burawlaýyş arkaly agtaryşa taýýarlamak maksady bilen, häzirki zaman derejesinde UÇNU jikmejikleşdiriş işlerini geçirmek zerurdyr. Gözleg we ölçeg burawlaýşa taýýarlanylan gurluşlaryň bar bolan gaznasy, nebitgazlylyk babatda geljegi uly bu sebitde we ilkinji nobatda, Täzedepe käniniň çaltlandyrylan agtaryşynda geologikagtaryş işlerine täzeden başlamaga mümkinçilik berýär.
Gülşat GARRAÝEWA, «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama»
institutynyň inženeri.
çeşme:"Nebit-gaz gazeti"