Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
“Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri” žurnalynyň 2024-nji ýyldaky soňky sany çapdan çykdy
10.01.2025

Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda alnyp barylýan işler, olaryň ösüşi barada beýan edýän "Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri" žurnalynyň 2024-nji ýyldaky soňky sany çapdan çykdy. Žurnalda ýerleşdirilen makalalar üç dilde, ýagny, türkmen, rus we iňlis dillerinde çap edilip, okyjylara ýetirilýär.

Žurnalda nebitgaz senagatynda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler, nebit we gaz ýataklaryny gözläp tapmakda, olardan önüm almakda ýerine ýetirilen işler beýan edilýär. Makalalar ýokary çeperçilik bilen ýazylyp, okyjylara ýurdumyzyň ösüşinde nebitgaz pudagynyň ähmiýetini, ykdysady kuwwatymyzyň batly depginler bilen ösýändigini açyp görkezýär.

“Türkmenistanyň nebiti, gazy we mineral serişdeleri” žurnalynyň 2024-nji ýyldaky soňky sany ýokary çap ediliş talaplaryna doly laýyk gelýär. Žurnaldaky makalalaryň her birinde nebitgaz pudagynyň ösmeginde uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edilýär.

Garlydurdyýewa Leýli,

Türkmenistanyñ Prezidentiniñ ýanyndaky

Döwlet gullugy akademiýasynyñ diñleýjisi



Şeýlede okaň


29.01.2025


27.01.2025

24.01.2025

24.01.2025

22.01.2025