Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Ylym –bilim rowaçlygyň binýady
09.01.2025

Jemgyýetiň we döwletiň binýadynyň berk bolmagy hem-de gülläp ösmegi,halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ýurtda alnyp barylýan ylym–bilim syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr.Şonuň üçinem Diýarymyzda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn,kämil bilimli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmegi ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär.”Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem döwrüň talabyndan ugur alnyp,ýurdumyzyň bilim edaralary tarapyndan köpugurly işler ýola goýulýar.

Türkmen ýaşlaryny belent watansöýüjilik,milli gymmatlyklarymyza,däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhynda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň aýratyn ähmiýeti bar.Hormatly Prezidentimiziň “Ýaşlar—Watanyň daýanjy” atly kitaby ýaş türkmenistanlylary täze üstünliklere  ruhlandyrýan,beýik işlere çagyrýan gymmatly gollanmadyr.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň köpasyrlyk taryhymyzyň şöhratly sahypalaryndan söz açýan”Änew –müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”atly kitabyny okanlarynda bolsa ýaşlaryň gadymy medeniýetiň sallançagynyň ak bugdaýyň asyl mekanynyň eziz Diýarymyzda ýerleşýändigine buýsanjy artýar.Ýaşlaryň  döwrebap hünärleri ele almagyna nazary bilimlerini kämilleşdirmegine ,sanly tehnologiýalary özleşdirilmegine ,täze ylmy taglymatlary we tehnologiki tejribeleri öwrenmegine ýardam bermek maksady bilen alnyp barylýan işler oňat netijeleri  berýär.

Sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň işjeň peýdalanylmagy geçilýän sapaklaryň hil hem-de mazmun taýdan täze derejede çykmagyna ýol açýar.Interaktiw usullar, kompýuter tehnologiýalary talyplaryň ders boýunça maglumatlary giňişleýin özleşdirmegine ýardam edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  tagallalary esasynda amala aşyrylýan işler,döredilýän mümkinçilikler ýaş nesli bilim dünýäsinde täze sepgitlere ruhlandyrýar.Daýhanyň topraga ideg edip ,bol hasyla guwanyşy dek,ömrüni ýaş nesle bilim we terbiýe bermäge bagyş eden mugallymlar üçin talyplaryň üstünliklerine guwanmak iň uly bagtdyr.

Mugallymlaryň, umuman, ähli bilim işgärleriniň asylly kärinde döredijilikli zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilik döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Toýbibi Ataniýazowa

“Türkmennebit” Döwlet konserniniň Balkanabat

nebitçilik orta hünär okuw mekdebini mugallymy



Şeýlede okaň


29.01.2025


27.01.2025

24.01.2025

24.01.2025

22.01.2025