Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
"Türkmennebit" döwlet konserniniň taryhy ösüş ýoly
09.01.2025

Türkmen nebitini çykarmakda möhüm işler alnyp barylýan wagtlary we ondan birnäçe ýyl geçenden soň, maňa şol promysele ýolbaşçy bolmak miýesser etdi. Şol döwürde “Türkmennebit” birleşiginiň müdirlikleriniň ýolbaşçylarynyň köpüsi Azerbeýjandan we Russiýadan gelen hünärmenlerdi. Birleşigiň ýolbaşçysy azerbeýjanly Dadaşow Şeýhaly Alekperowiçdi. Ol uzyn boýly, pälwansypat, dolmuş adamdy. Onuň bilen birnäçe gezek duşuşmak miyesser etdi. Men şäher ýaşlar guramasynyň býuro agzasy bolanym üçin, geçirilýän maslahatlaryň arakesmesinde dynç alyş otagynda bolardyk. Ol elmydama “Bala” diýip ýüzlenerdi we iş ýagdaýy barada gürriň etmegi halardy. Soň Barsagelmeze iş bilen gelende-de duşuşypdyk.

 

“Nebitdagnebit” nebitgaz çykaryş müdürliginiň  Wyşka (häzirki Uzboý) obasynda ýerleşen №1 promysylynda bäş ýyldan gowrak işlänimden soň, meni Barsagelmeze işe geçirdiler. Haçanda bu ady eşdeniňde, sende howatyrlanma döreýär: “Barsaň-gelmersiň”? Şeýle-de bolsa nebit gözleýjileriniň ilkinji bolup geçen otrýady, wyşkagurnaýjylar 1961-nji ýylyň güýzünde Barsagelmeze geldiler. Bular ussat wyşkagurnaýjylar Ata Işangulyýew, Araphan Ahmetpaşaýew, Seýitmyrat Garaýew dagydy. Olar ähli kynjylyklara döz gelip, täze nokatlarda wyşka gurnamak işine başladylar.

Goturdepedäki täze nebit käninde, Barsagelmezde №1 gözleg guýusyny gazmak buraw ussasy Refkat Idrisowa, №2 gözleg guýusyny gazmak bolsa “Zähmet gahrymany” Şatlyk Ödäýewe ynanyldy. Guýyny çuňlaşdyrmak kynçylykly ýagdaýda, uly çylşyrymlaşmalar bilen amala aşyryldy. 1962-nji ýylyň dekabr aýynda guýy 20metr nebitli çägesow dag jynsyna girdi we “buraw ergininiň” ýitgisini güýçlendirdi. Bu bolsa guýunyň diwarynyň ýykylmak howpuny döredýärdi. Guýyny ýitirmek howpundan ätiýäç eden hünärmenler, gazmagy saklamak we gazylan çuňlygy özleşdirmeli diýen netijä geldiler. Şeylelikde Barsagelmeziň №2 belgi gözleg guýysynda göz öňünde tutulan 3500m däl-de, gazylan çuňlygy 2796 metrde synag geçirildi.

1962-njy ýylyň 7-nji dekabrynda synag edilende ýokary önümli fontandan (çüwdürim) bir gije-gündizde 120 tonna arassa nebit alyndy. Bu bolsa Watanymyzda täze bol nebitli käniň açylandygynyň şaýadydy. Şeýle şatlykly habardan soň, birnäçe önümli guýular gazyldy we olaryň netijesinde “Nebitdagnebidiň” düzüminde täze №3 nebit promeseli açyldy.

Barsagelmezde işlän döwrümde,täze nebit känini özleşdirmäge öz az bolmadyk goşandyny goşan, uly hormata we sylaglara eýe bolan nebitçiler bilen işleleşmek nesip etdi. Olar ýaşuly nebitçiler: Türkmenistanyň at gazanan nebitçi ussalary H. Gaýypgulyýew we K.Allabergenow, nebitgaz çykaryjy operator M.Danaýew, Türkmenistanyň at gazanan täzelikçisi (rasionalizator)- Ş.Hançarow , “Lenin” ordenli ussalar N.Nyýazmamedow, M.Şamedow we beýlekiler bardy.

Şeýle-de 1968 ýylda türkmen nebitçileriniň 300 milion tonna nebit almagynyň şanly meýdançasynda durmaklyk “Nebitdagnebit” NGÇ müdürliginiň ýaş hünärmenleri, ussalar H.Annaýewe we H.Işanowa ynanyldy.

Wagty, geçmegi bilen H.H. Annaýew “Türkmennebit” döwlet konserniniň düzüminde täze döredilen “Gazy ýygnaýan we ugradýan” müdirligine ýolbaşçylyk etdi. Häzirki günde bu müdirlige “Ata kesbini dowam edýän” ogly, uly hormatyň eýesi Ahmet Annaýew başlyklyk edýär. H.O. Işanow bolsa “Nebitdagnebit” nebit gaz çykaryş müdirliginiň başlygy, soň bolsa “Türkmennebit” DK-ne ýolbaşçy bolan ilkinji türkmendir.

2024-nji “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyny barsagelmezli nebitçileriň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmekde zähmetlerini gaýgyrman işlerini ýokary depginde alyp barýarlar.

 

Balkan Şyhyýew,

Balkanabat nebitçilik orta  hünär okuw mekdebiniň mugallymy.



Şeýlede okaň


29.01.2025


27.01.2025

24.01.2025

24.01.2025

22.01.2025