Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
KITAP — pähim-paýhas çyragy
08.01.2025

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz be­ýik ösüş­le­re bes­len­ýär, hal­ky­myz aba­dan, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ýar. Şeý­le aja­ýyp gün­ler­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň be­ýik iş­le­ri, öz­gert­me­le­ri ha­kyn­da söh­bet et­mek ­örän ­ýa­kym­ly­dyr. Esa­san hem, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­zi we nus­ga­wy ede­bi­ýa­ty­my­zy dün­ýä ýaý­mak­da uly iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýandy­gy­ny aý­ra­tyn bel­le­mek ge­rek. Türkmen halky şöhratly taryhynda, köp müňýyllyklaryň dowamynda kitaby sarpalapdyr, çuňňur gyzyklanma bilen okapdyr, pähim­paýhasyny kalbyna siňdiripdir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň belleýşi ýaly, kitap okanlar manydan dok bolýar, ömürleri manyly menzillere beslenýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahry man Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş edýän ajaýyp eserleri çuňňur manynyň nusgasydyr. Ynha, ýaňy ýakynda biziň ählimiz üçin şatlykly, buýsandyryjy wakalaryň biriniň bolandygyny belläsimiz gelýär. Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabynyň elimize gowuşmagy örän buýsandyryjydyr. Bu ajaýyp eserde akyldar şahyryň döredijiligi, milli edebiýatyň baý hazynasy hakynda aýdyň beýan edilýär. Esasan hem, milli ruhumyzy kemala getiren gymmatlyklar, has takygy, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk, milli aňyýet milli dünýägaraýyş hakynda okamak has­da täsirli bolup durýar. Bu watansöýüjiligi has­da belende göterýär, asylly ýörelgelere bolan sarpany artdyrýar, nusgawy edebiýat hakyndaky düşünjäni has­da baýlaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitaby akyldar şahyryň döredijilik dünýäsine düşünmäge aýdyň ýol dur, dury çeşmedir. Ajaýyp kitabyň «Magtymgula düşünmegiň açary» atly bölüminde beýik pikirler beýan edilýär, hakykat we hakykata barýan ýol salgy berilýär: «Hakykat birdir, emma oňa eltýän ýollar dürli­dürlüdir» diýen düşünje bar. Magtymguly — özboluşly bir dünýä. Magtymguly — barlygyň bir ummany. Magtymgulynyň hakykatyna göz ýetirmek üçinem biziň şol düşünjä görä hereket etmegimiz akyla laýyk bolardy». Şu parasatly sözler akyldar şahyryň döredijilik dünýäsini, pähim­ paýhasyny örän täsirli we giňişleýin suratlandyrýar. Türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, akyldar şahyrymyzyň paýhasa ýugrulan edebi mirasyny, gadymdan gelýän dilimiziň gymmatly baýlygyny çuňňur öwrenmekde nusgawy kitabyň ähmiýeti juda uludyr. Taryhy uzak müňýyllyklardan gözbaş alýan halkymyzyň baý edebiýaty, dili hem­de şöhratly taryhy bar. Şeýle şöhratly taryhy ylmy esasda öwrenmek, geçmişde ýaşap geçen parasatly akyldarlarymyzy dünýä ýaýmak asylly we beýik ýörelgedir. Ajaýyp kitap nusgawy edebiýatymyzy, milli dilimiziň gymmatly baýlykdygyny çuňňurlygy bilen giňişleýin beýan edýär. Bu parasatly sözler akyldar şahyryň eserlerine akyl ýetirmek üçin hem, dünýä düşünmek üçin hem beýik pikirlerdir. Şonuň üçin hem şeýle parasatly sözlerden ugur alyp, şahyryň eserlerini wagyz etmek, ýaş nesillere ýetirmek biziň her birimiziň möhüm ugrumyz bolup durýar. Çünki akyldar şahyryň çuňňur pelsepä ýugrulan goşgulary ýaş nesilleri terbiýelemekde, milli ýörelgeleri wagyz etmekde gymmatly çeşmedir. Magtymgulynyň ajaýyp goşgularynda wagyz edilýän mertlik, watansöýüjilik, gaýduwsyzlyk ýaly ugurlaryň terbiýeçilikde hem ähmiýetlidigini bellemelidiris. Beýik şahyryň şeýle goşgulary durmuş hakykatyndan, taryhy şahsyýetlerimiziň ýolundan beýan edilýär. Watan duýgusynyň şeýle inçeden we çuňňur beýan edilmegi taryhy mazmuna eýe bolup durýar. Şonuň üçin hem şeýle goşgular nesil terbiýesinde uly ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan, akyldaryň goşgularyny ýaşlara düşündirmek, aýdyp bermek, manysyny beýan etmek asylly ýörelgedir. Magtymguly Pyragynyň eserleriniň, döredijiliginiň täsiri bilen ençeme nesiller terbiýelenipdir. Bu terbiýe mekdebi halkymyzyň milli ýörelgesi bilen pugta baglanyşypdyr, watansöýüjiligiň nusgasyna öwrülipdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda şeýle belleýär: «Ylym­ bilime aýratyn uly sarpa goýan halkymyz Magtymgulynyň şygyrlar diwanyny hökman öwrenilmeli we öwredilmeli kitaplaryň biri hökmünde görüpdir. Şu wagta çenli Magtymguly Pyragy hakda juda köp zatlar aýdylan hem bolsa, ol hakda indi aýdylmaly zatlaryň welin has köpdügini ykrar etmelidiris». Şeýle hem hormatly Prezidentimiz: «Magtymgulynyň döredijiligini düşündirmekde saldamly işleri alyp barýan döwürdeş alymlarymyzyň, professorlarymyzyň hem birnäçesi bar. Ýurdumyzyň ýokary okuw hem­de orta mekdeplerinde talyplara, okuwçylara ussat Pyragynyň edebi dünýäsini wagyz etmekde, ýaşlary Magtymgulynyň eserleriniň ruhunda terbiýelemekde olaryň gerdenine uly paý düşýär» diýip, ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde aýdyň ýollary beýan edýär. Hawa, milli terbiýe diýen düşünjäniň hem Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen berk baglanyşyklydygyna ajaýyp kitaby okanymyzda has­da oňat göz ýetirýäris. Şonuň üçin hem bu ajaýyp kitap biziň her birimiz üçin ýol­ýörelgedir, nusgawy edebiýata, ene dilimize düşünmekde uly hazynadyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli medeniýetimiz, sungatymyz, gadymy hem şöhratly taryhymyz dünýä ýaýylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaby nusgawy edebiýatymyzyň paýhas hazynasydyr. Gadymdan gelýän milli medeniýetimizi, nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýýan, ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri üstünliklere beslensin!

Söhbet NURBERDIÝEW, «Mugallymlar gazeti».