Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
HA­KY­DA­DA GA­LAN KÖ­NE GU­ÝY
07.01.2025

Ýurdumyzda Çelekenden soň Nebitdag käni iň baýry ýatak hasaplanýar. Nebitdag ýatagynda uly nebit gorlarynyň barlygy baradaky akademik, belli geolog I.M.Gubkiniň we onuň pikirdeşleriniň ylmy çaklamalaryny 1930njy ýylyň 2nji aprelinde burawlanan 11nji guýynyň çüwdürimli nebiti tassyklady. Alym geologyň 1931, 1933 we 1934nji ýyllarda bu nebit käninde üç sapar iş sapary bilen bolanlygy barada maglumat bar. Alymyň görkezmesi boýunça burawlanan 13nji nebit guýusy taslama çuňlugyna ýetmän, buraw gidip durka (440 metr çuňluga ýetende), ýokarky IIIA kuwwatly gyzyl reňkli gatlagyň üsti açyldy. Guýynyň täsin ýeri «gara altynyň» 20 gijegündizde 110 müň tonnadan gowragyny (ortaça bir günde 5 müň 500 tonna) eçilip, ýerden wulkan görnüşde çüwdürim bolup çykanlygy barada «Türkmenistanyň nebiti:100 ýyl» atly kitapda ýazgy bar. Şeýlelikde, 13nji guýy geljegi uly bolan Nebitdag ýatagy barada uly taryhy yz galdyrdy. Bu guýudan soňra 52nji guýy gazylýar, ol öz döwründe her gijegündizde 450 tonna nebit berdi. Baýry nebitçileriň gürrüň bermegine görä, 13nji guýynyň çüwdürimli nebiti tutuş nebit promyseli «gara altyndan» dolduryp, şol ýerde kiçiräk nebitli köli emele getiripdir, soňra bu nebiti uzak wagtlap daşapdyrlar. 1933nji ýylyň 3nji fewralynda bir günde demir ýoluň üsti bilen çeleklere guýlan 1 müň 90 tonna taýýar nebit önüminiň ugradylanlygy barada maglumat bar. 13nji guýynyň aýratynlygy onuň häzirki güne çenli, 90 ýyl bäri işläp, önüm berip gelýänligidir. Ol iň uly ýaşly guýy hasaplanýar. Guýynyň önümi 3,54 tonna bolup, suwlulygy ortaça 65 göterimdir. Häzirki ulanylýan gatlak IA ştangaly nasos usulynda işleýär. Bu guýy «Nebitdagnebit» NGÇMniň Nebitdag ýatagynyň 1nji nebit we gaz çykaryjy sehinde ýerleşýär. Guýy şu günki güne çenli «l3nji bis guýusy» diýlip atlandyrylýar. «Bis» sözi latynça «üznüksiz işleýär», «geň, enaýy, «tapawutly» diýen manyny berýär. 1935nji ýylyň 21nji martynda nebitçi ussa F.P.Ýežow 13nji guýynyň täzeden burawlama işlerini tamamlap dikeldenden soň, ondan her gijegündizde arassa 500 tonna nebit alnyp başlanýar. Guýy 48 ýyllap, ýagny 1983nji ýyla çenli çüwdürim usulynda işleýär, soňra ŞGN (çuň ştangaly nasos usulyna) geçirilip, häzirki güne çenli önüm bermegini dowam edýär. I.M.Gubkiniň ýolbaşçylygynda döwlet topary, ýerli ýolbaşçylar bilen bilelikde, Nebitdag ýatagynyň geljegi we ähmiýetliligi baradaky meselä garaýar. 1933nji ýylyň fewral aýynda bu ýatagyň ýokarky gyzyl reňkli gatlagynyň senagat ähmiýetli gorlary hasaplanyp kabul edilýär. Bu ýatak barada meýilnama kabul edilip, ýenede täze 83 guýy gazmak we nebitiň çykarylyşyny ýylda 70 müňden 150 müň tonna ýetirmek meýilleşdirilýär. 1935nji ýylda Nebitdag käninde bir günki önümliligi 400den 500 tonna aralykda bolan buraw işleri tamamlanan guýularyň bäşisi önümçilige tabşyrylýar. Nebitdag ýatagy öňki Soýuz döwründe gorlary we guýularyň önümliligi boýunça 3nji orna çykýar. Nebitdag käni barada I.M.Gubkin şeýle ýazgy galdyrdy: «Nebitdag ýatagy giň gerimli, iri nebit ýataklarynyň biri bolar, biz bu ýerde aýratyn bir nebit känini açmak bilen çäklenmän, giden bir nebitli sebiti açarys» Guýular çuňluk nasos bilen enjamlaşdyrylanda, ilki bilen, has amatly ýerasty we ýerüsti enjamlary saýlap almak, munuň üçin onuň tehniki we ulanyş häsiýetnamasyny bilmek zerurdyr. Elbetde, çuňluk nasos guýular ulanylanda kynçylyklary hem döredýär. Şol sebäpli guýuda ölçeg, barlag, derňew işlerini geçirmek zerurdyr. Geçirilen barlaglaryň netijesinde guýularyň işini gowulandyrmakda guýynyň önüminde parafin, çäge, gaz bolsa, onda laýyk gelýän gurallary ulanmak zerurdyr ýada mümkin bolan tehnikitehnologik häsiýetlerini, şeýle hem ulanylýan enjamlary we tilsimatlary hasaba alyp ulanmak maslahat berilýär. Nebit guýularyny ştangaly nasoslar bilen ulanmak — bu nebiti mehanizmleşdirip çykarmagyň esasy usullarynyň biridir. Bu usul ýokardan ştanga kolonnalary bilen dolandyrylýan ýörite gurluşly plunžerli nasosdan durýar. Nasosyň hakyky berýän önümi nazary (teoretiki) önüminden hemişe pes bolýar. Diňe guýy çüwdürim ýagdaýa geçende, önümi nazary önüme deň ýada uly bolup biler. Nasosyň hakyky önüminiň nazary önüme bolan gatnaşygyna nasosyň önüm berijilik koeffisiýenti diýilýär.

 Saparmyrat ARTYKOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.

çeşme: "Nebit-gaz gazeti"