Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
ŞTAN­GA­LY ÇUŇ­LUK­DAN SO­RU­JY GU­ÝU­LAR WE OLA­RYŇ BAR­LA­GY
07.01.2025

Güneşli ülkämiziň günbatar sebitlerindäki uglewodorod gorly ýataklaryň işlenmeginiň giçki tapgyrynda guýularyň gatlak basyşlarynyň peselmegi we suwlulanmagy sebäpli, mehanizmleşen usul bilen nebit çykarylýan guýularyň sany ýyl-ýyldan artýar. Şolaryň ep-esli bölegi bolsa ştangaly çuňlukdan sorujy usul bilen işleýän guýularyň paýyna düşýär.

Goturdepe we Barsagelmez känlerinde bu usul bilen işleýän guýularyň sany degişlilikde 155e we 136a deň bolup, olaryň çykarýan çig nebitiniň mukdary bu iri känlerdäki hereket edýän ähli guýularyň berýän önüminiň 3,7 we 4,3 göterimine barabardyr. Bu ýerlerdäki ştangaly çuňlukdan sorujy guýularyň işleýiş aýratynlyklaryna ser salanyňda, çüwdürim we gazlift usullara garanyňda, juda çylşyrymly şertlerde işleýändikleri bilen tapawutlanýarlar. Olaryň ýerasty we ýerüsti enjamlaryna hyzmat edilişini, abatlanyşyny we energiýanyň sarp edilişini hasaba alanyňda, nebitiň özüne düşýän gymmatyny aşaklatmakda «gara altyn» çykarmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak esasy wezipe bolup durýar. Şoňa baglylykda, çylşyrymly şertlerde işleýän guýularyň enjamlar toplumynyň (stakankaçalkanyň, sorujynyň, nebit göteriji turbalaryň, ştangalar sütünini herekete getirijileriň we kömekçi gurluşlaryň) ygtybarlylygyny gazanmak, ilki bilen, olaryň gatlagyň öndürijiligine we şertlerine baglylykda dogry saýlanyp alynmagyny esaslandyrmakdyr, galybersede, guýularyň uzak wagtlap işläp durmaklarynyň esasy sebäbi ulanyşdaky tehnologik iş düzgünine gözegçilik edilip, ýüze çykan kemçilikleri wagtynda düzedip, nebit çykarylyşyny kadalaşdyrmakdan ybaratdyr. Ulanyşdaky ştangaly çuňlukdan sorujy guýularyň işleýşi seljerilende, olaryň 75 göteriminiň nebit berijilik koeffisiýentiniň kadaly düzgüninden 0,5 — 0,6 aşakdalygy anyklandy. Olaryň bir gijegündizde çykarýan nebitiniň (käbir önümli guýulary hasaba almanyňda) 3 — 4 tonnadan geçmeýänliginiň sebäbi kuwwaty gaçan gatlaklarynyň faza geçirijiliginiň, öýjükliliginiň, syzyjylygynyň, fizikihimiki häsiýetleriniň, tebigy zyýanly faktorynyň (çägäniň, parafiniň) we beýleki näsazlyklaryň ýüze çykýanlygy bilen gösgöni baglanyşyklydyr. Guýularyň işleýşine zyýan beriji gazyň we çägäniň garşysyna göreşilýän çäreleri agzaman geçmek bolmaz. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, gatlakdan nebit bilen gaýdýan gaz sorujynyň silindriniň göwrüminiň köp bölegini eýeläp, nebit bilen dolmagyna päsgelçilik döredýär. Bu bolsa sorujynyň nebit bilen doldurylma koeffisiýentiniň azalmagyna getirýär ýada nebite düýbünden orun bermeýär. Mahlasy, gazyň nebitiň düzümindäki bölegi 50 m3 /m3 den ýokary geçende, onuň zyýanly täsiri artyp ugraýar. Mundan başga da, soruja zyýan berýän ergin gazy önümçilikde iki ýol bilen azaltmak bolýar: 1. Sorujynyň aşaky böleginde gazy separirläp, ony turbanyň aňyrsyndaky giňişlige sowmak. 2. Sorujyny çig nebitiň içine, takmynan, 100 — 200 metr aşak çümdürmek. Gowşak sementleşen, ýagny ýumşak jynslardan ybarat bolan önümli gatlaklardan nebit bilen bile çykýan çägäniň garşysyna göreşmek meselesi nebit senagatynyň derwaýys meseleleriniň gün tertibinden aýrylanok. Şeýlede bolsa, gatlakdan çägäniň akyp çykmagynyň öňüni almakda mehaniki, himiki usullar bar. Ýöne bu belli usullaryň dürli görnüşlerine garamazdan, olaryň kämil derejä ýetmeýänligi sebäpli, çägäni düýpýaka zolakda tutup galmak meselesi doly çözülenok. Şeýlede bolsa, umyt bagladýan käbir işlenip düzülen gurluşlaryň azdakände peýdasynyň bardygy iş ýüzünde anyklandy. Çägäniň soruja gelip düşmezliginiň öňüni almak üçin dürli ýyllarda çäge bölejiklerini tutup galýan süzgüçleriň guýularyň düýpýaka zolagyny berkidiji materiallar bilen berkidilmeginiň çägesöw gatlakly guýularda synag edilmegi netijesinde guýularyň öndürijiligine oňaýly täsirini ýetirýänligini bellemek gerek. «Nebitgazylmytaslama» institutynda taýýarlanyp, önümçilige hödürlenen yşly (ýarykly) süzgüçleriň birnäçesiniň guýularda synag edilmegi guýularyň öndürijiligini birneme artdyrdy we abatlaýyşara möhletini uzaltdy. Soňky ýyllarda «Nebitgazçykaryş» trestiniň düzümindäki «Nebitdagnebit», «Galkynyşnebit» we «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirlikleriniň çuňlukda sorujy usul bilen işleýän köp sanly guýularynda dünýä tejribesinde anyk we ýokary öndürijilikli barlag geçirilmegine ýardam berýän, alynýan maglumatlaryň artmagyna getirýän «Geostar» atly anyklaýjy abzal bilen guýularda yzygiderli barlaglar geçirilip, goşmaça nebit çykarylmagyna getirýändigini aýtmak gerek. Bu abzal bilen şu aşakdaky kemçilikleri ýüze çykarmaga esas döredildi: — guýynyň nebit çykarmagynyň azalmagy, sorujynyň silindriniň nebit bilen dolmazlygy, sorujy we gysyjy klapanlaryň syzdyryp, nebiti aşak yzyna akdyrmagy, çäge, gaz, parafin ýaly zyýan beriji faktorlaryň berýän zyýanynyň barlygynyň anyklanmagy we başgalar. Her bir guýynyň barlagyny azyndan aýda bir gezek geçirmek maksadalaýykdyr we işleýşinde ýüze çykarylan kemçiligi abatlaýyşdan ýada tehnologik iş düzgüni üýtgänden soňra täzeden barlag işlerini geçirip, guýynyň işleýşini anyklamak zerurdyr. Barlagdan alnan maglumatlar esasynda agzalyp geçilen känleriň 41,7 göterimi kadaly düzgünde işleýär, gazyň täsiri netijesinde sorujynyň silindriniň nebit bilen dolmaýanlygy 7,3 göterime, sorujynyň klapanlarynyň näsazlygy 11 göterime, çägäniň täsiri 5,4 göterime, parafiniň täsiri 0,6 göterime we mehaniki häsiýetli näsazlyklar 4,2 göterime deňdir. Şu kemçilikleri düzetmek üçin degişli teklipler hödürlendi. Mundan başgada, «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň 1nji we 2nji nebitgaz çykaryjy bölümlerinde guýularyň 16synyň suwuklygynyň statiki we dinamiki derejeleri ölçenildi we olardan peýdalanmak barada teklipler berildi. Ýurdumyzyň pudaklaýyn ylmyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ylmybarlaglaryň we tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda hormatly Prezidentimiz alymlaryň we hünärmenleriň öňünde uly wezipeleri goýdy. Nebit çykaryjy enjamlaryň netijeli ulanylmagy hemde öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy nebitiň çykarylyşynyň artdyrylmagyna giň ýol açýar.

Weýis AMANTAGANOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň

«Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.