
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda sanly ulgamy ösdürmek babatda uly işler alnyp barylýar, nurana geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar ýaş nesilleriň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler hem-de giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler ösüşiň berk binýadyny üpjün edip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň » durmuşa ornaşdyrmak işiniň ýokary derejelerde alnyp barylmagyna hem möhüm ähmiýet berilýär. Mekdebe çenli çagalar bagyndan başlap, umumybilim berýän orta we ýokary okuw mekdeplerimizde hem sanly ulgamyň işi has-da kämilleşdirilýär. Muny çagalarymyzyň gatnaýan bilim ojaklaryndaky hereket edýän sanly ulgam serişdeleriniň bilim programmasyna ornaşdyrylyş derejesinden hem görüp bilýäris. Çünki dünýäniň ösen bilim derejesine laýyk gelýän tehnologik serişdeler bilen işlemegiň ýaşlara öwredilmegi ökde hünärmenleriň ýetişmegi üçin uly itergi berýär.
Aýlar ÖWEZOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.