Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Nebitçi­—­hormatly ­kär
26.12.2024

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynda uly möçberli işler durmuşa geçirilýär. Ulgamyň kärhanalaryny, önümçilik düzümlerini ösdürmekde, senagat kuwwatyny artdyrmakda häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Pudaga sanly maglumat tehnologiýalarynyň, öňdebaryjy tilsimatlaryň ornaşdyrylmagy bizi diýseň begendirýär. Men nebitçi kärini saýlap, nebitgaz pudagynda işlemegi çagalygymdan arzuw etdim. Häzir ýürekde beslän maksadymyza ýetmek üçin saýlap alan hünärimiziň inçe tilsimlerini irginsizlik bilen öwrenýäris. Welaýatymyzyň çäginde Goturdepe, Barsagelmez, Gamyşlyja, Keýmir, Çekişler, Akpatlawuk ýaly nebitgaz ýataklarynyň ençemesi bar. Şolar bilen birlikde, ýangyç gorlaryna baý täze meýdançalar hem senagat taýdan işjeň özleşdirilýär. Nebitgaz pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň kämilleşdirilmegi, täze tilsimatla
ryň, döwrebap sanly tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy senagat derejesindäki ýangyç çig mal ýataklaryny gözläp tapmakda, täze önümli gatlaklaryň üstüni açmakda, işlenip gelinýän nebitgazly känlerden alynýan ýangyç çig mal serişdeleriniň möçberini artdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Önümçilige yzygiderli ornaşdyrylýan sanly tehnologiýalary, kuwwatly buraw, nebitgaz çykaryş desgalaryny oňat özleşdirmek, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak bolsa biz — ýaşlar üçin mukaddes borçdur. Munuň üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz çäksizdir. 

Muhammet Gurbanow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky 
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 
balkanabat bölüminiň talyby.

çeşme:"Balkan gazeti"