Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda uly möçberli, giň mazmunly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa ornaşdyrylýan ykdysady özgertmeleriň toplumlaýyn häsiýeti, yzygiderliligi durnukly ösüşiň subutnamasydyr. «Häzirki döwürde alnyp barylýan işler ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň berkidilmeginde ähmiýetlidir» diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär. Ykdysady özgertmeler bilen ata Watanymyz gün-günden ösüşlere beslenýär. Bu ösüş-özgertmeleri amala aşyrmakda halkymyz gaýratly zähmetiň nusgasyny görkezýär. Maglumat tehnologiýalarynyň jemgyýetimizi gurşap alýan döwründe ykdysadyýeti ösdürmek boýunça meýilnamalary ýerine ýetirmekde, ylym-bilimiň häzirki zaman gazananlaryny özleşdirmekde uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda sanly ulgama geçilmegi esasynda ylmyň we tehnikanyň soňky gazananlary önümçilige giňden ornaşdyryldy, döwlete dahylly we dahylsyz pudaklar tapgyrlaýyn esasda elektron ulgama geçirildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegi üpjün etmek maksady bilen, barha öňe barýan berkarar döwletimizde halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen strategiki ähmiýetli maksatnamalar kabul edilýär we uzak wagt geçmezden olar durmuş hakykatyna öwrülýär. Bularyň hemmesinde hem adam hakyndaky, ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny ösdürmek baradaky alada mynasyp orun eýeleýär.
Ogulgerek Meredowa,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň
balkanabat nebitçilik orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy.
çeşme: "Balkan gazeti"