Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Tebigy gaz eşret berýär
12.07.2023

Biz ýakynda «Marygazüpjünçilik» müdirliginde bolup, onuň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş bolanymyzda, olar welaýatyň «Sakarçägeetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň «Şatlykşähergaz» gaz hojalyk ülşüni ilata hyzmat etmekde işleriň täze eýýamymyzyň talaplaryna laýyk, oňat guralýan ýeri hökmünde häsiýetlendirdiler.

Häzir ülşüň gazçylary şäherdäki bir müň ýedi ýüz segsen ýedi hojalygy, döwlet kärhanalarynyň hem-de hususy ulgama degişli edara-kärhanalaryň altmyş bäşisini «mawy ýangyç» bilen üznüksiz üpjün edýärler. Şäherdäki ençeme kilometre uzap gidýän ýokary, orta, pes basyşly gaz geçirijiler arkaly tebigy gazyň akdyrylyşyna edaranyň işgärleri tarapyndan hemişe pugta gözegçilik edilýär. Bellenilen meýilnama laýyklykda, gaz geçirijileriň degişli ýerlerinde bejeriş, abatlaýyş işleri geçirilýär.

Gazçylaryň şäherinde iki sany gaz paýlaýjy, otuz bäş sany hem gaz sazlaýjy enjamlar bolup, olaryň hemişe tehnologik talaplara laýyk, saz işlemegi üpjün edilýär.

Şäheriň ösüp, öz çägini giňeltmegi bilen, ýaşaýjylar artyp, täze ilatly ýerler emele gelýär. Şeýlelikde, tebigy gazyň sarp edilişiniň möçberem artýar. Şoňa görä, ozalky gaz geçirijileriň durkuny täzelemek, täze gaz geçirijilerini gurmak wezipesi ýüze çykýar. Ülşüň gazçylary şu ugurda-da möhüm ähmiýetli işleri ýerine ýetirýärler.

Edaranyň işgärleri geçen ýyl Milli maksatnama laýyklykda, gazlaşdyrmak boýunça Mary welaýatyndaky gurluşyk-gurnaýyş ülşüniň işgärleri bilen bilelikde şäherde uzynlygy bir müň ýedi ýüz segsen üç metr bolan orta basyşly eltiji gaz geçirijini gurup ulanmaga berdiler. Şäheriň günbatar künjeginde täze emele gelen ilatly ýerlerde diametri bir ýüz elli dokuz hem-de bir ýüz on dört millimetr bolan turbalardan orta basyşly gaz geçiriji gurlup, dört sany gaz sazlaýjy enjamlar oturdylypdyr. Azady köçesiniň ugrundaky uzynlygy alty ýüz elli metr bolan täze eltiji gaz geçiriji, bir gaz sazlaýjy enjam hem geçen ýyl gurlupdyr. Munuň özi şäheriň täze ilatly ýerleriniň ýaşaýjylarynyň öýleriniň «mawy ýangyç» bilen üpjünçiliginiň gowulanmagyna ýardam beripdir.

— Ilaty tebigy gaz bilen ýylyň dowamynda üznüksiz üpjün etmek boýunça gazçylaryň öňlerinde goýulýan wezipelere örän oňat düşünýäris. Bu ugurda döwletimiz tarapyndan berilýän kömek-goldawlara jogap edip, şäheriň ilatyny «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün edýäris.

Biz şäherde emele gelen täze ilatly ýerlerde Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda, Milli maksatnama laýyklykda, uzynlygy bir müň metr bolan orta basyşly eltiji gaz geçirijini, uzynlygy iki müň metr bolan pes basyşly gaz geçirijini gurmaklygy meýilleşdirýäris — diýip, «Şatlykşähergaz» gaz hojalyk ülşüniň başlygy Kakamyrat Gummadow gürrüň berýär.

Gazçylar şäheriniň ýaşaýjylarynyň tebigy gaz bilen hemişe üznüksiz üpjün edilmeginde kärhananyň halypa gazçylarynyň aýratyn goşantlarynyň bardygyny aýtmak gerek. Ülşüň daşary gaz geçirijiler gullugynyň ussasy Täzemyrat Kakajanow, daşary gaz geçirijiler gullugynyň gaz geçirijilere hyzmat etmek we bejermek boýunça slesarlary Muhammet Saparow, Parahat Aşyrmyradow, içeri öý gullugynyň slesary Seýitmyrat Amansähedow, heläkçiligiň öňüni alyş gullugynyň slesary Jumageldi Annagurbanow, elektrik bilen kebşirleýji Çarymyrat Hojamyradow dagy köpýyllyk iş tejribeleri bolan işgärlerdir. Olaryň berýän halypalyk goldawlary, maslahatlary esasynda bu gün edarada zähmet çekýän ýaşlaram hünäri birkemsiz ele alýarlar.