Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Milli ykdysadyýetiň kuwwatly pudagy
25.12.2024

Türkmenistan tebigy gazyň tassyklanan gorlary babatda dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýelemek bilen, Merkezi Aziýa sebitinde gazy daşary ýurtlara iberýän esasy ýurtlaryň hataryna girýär. Ýurdumyzyň geosyýasy taýdan amatly ýerleşmegi, uglewodorod serişdeleriniň örän baý gorlary olary dürli ugurlar boýunça eksport etmegiň möçberini artdyrmak, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, ýurdumyzda amala aşyrylýan pudaklaýyn taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän iri ugurdaş kompaniýalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Bu ugurda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy, işewürligi üstünlikli alyp barmak üçin zerur şertler nebitgaz ulgamynda uzak möhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ugur edinýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyz nebitgaz pudagynda halkara ähmiýetli iri möçberli taslamalary durmuşa geçirdi. Dünýäde iň iri «mawy ýangyç» känleriniň biri bolan «Galkynyş» käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi, uglewodorod serişdelerini çykarmakda daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna Hazaryň türkmen bölegindäki ýalpaklygyň ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek ileri tutulýan ugur bolup durýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy hem geljegi uly taslamalaryň biridir. Bu energiýa geçirijisi türkmen gazynyň Günorta Aziýanyň ýurtlaryna iberilmegini üpjün etmek bilen birlikde, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň berkarar bolmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir.

Ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, pudagyň kärhanalary üçin degişli enjamlary satyn almak wezipelerine uly üns gönükdirilýär. Bu ugurda amala aşyrylýan çäreler seýsmiki barlag we gözleg işleriniň netijeliligini, önümçilik kuwwatyny artdyrmaga, täze ýataklary ýüze çykarmaga we senagat taýdan özleşdirmäge, umuman, bu ulgamyň ähli düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz 15-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli berkidilýändigini belläp, ýurdumyzda nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, degişli Karara gol çekmegi hem munuň bir görkezijisidir.

Milli ykdysadyýetiň esasy pudagy bolan nebitgaz senagaty uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýedir. Şonuň üçin ýurdumyzda bu pudagy innowasion esasda senagatlaşdyrmak, onuň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça giň gerimli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz ýangyç-energetika toplumynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de onuň halkara energetika ulgamyna sazlaşykly goşulyşmagy ugrunda maksatnamalaýyn işlere badalga berýär. Milli ykdyysadyýetimizi gülläp ösdürmek, energetika pudagyny döwrebaplaşdyrmak üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Züleýha ALLABERDIÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Çeşme: «Türkmenmetbugat»