
Hajymämmet Gurbanow 1946-njy ýylda Balkan welaýatynyň Uzboý şäherçesinde (öňki Wyşka şäherçesi) işçi maşgalada eneden doglan. Onuň dädesi, özünden kiçi iki erkek dogany ýaňy iki ýaşyndaka aradan çykýar. Ýaşlykdan ýetim galan Hajymämmedi ejesi terbiýeläp ýetişdiripdir.
H.Gurbanow orta mekdebiň 8-nji synpyny tamamlap 1961-nji ýylda Balkanabatdaky (öňki Nebitdagdaky) nebitçilik tehnikumyna okuwa girip, ony 1966-njy ýylda nebit we gaz guýularyny burawlamak hünäri boýunça üstünlikli tamamlaýar. Ýaş hünärmeni “Türkmennebit” DK-nyň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligine inžener-tehnik wezipesi bilen işe ugradýarlar. Ol 1966-1968-nji ýyllarda Watan öňündäki gulluk borjuny berjaý edenden soň, öňki zähmet çeken müdirliginde işe başlaýar. Olaryň maşgalasy 1971-nji ýylda Balkanabat şäherine göçip gelýärler. Ol Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginde dürli wezipelerde ýagny, tehnik, inžener, tehnolog, esasy inžener, bölüm başlygy, seh başlygy, baş inžener, müdirligiň başlygy bolup işledi, işlän döwründe özüni diňe gowy tarapdan görkezip, işgärleriň arasynda uly abraýdan peýdalanýan hünärmen höküminde tanatmagy başardy, uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýaly gürleşerdi, millilige uly hormat goýardy, degişgendi, ýaşlara halypalyk ederdi. H.Gurbanow “Türkmennebit” DK-nyň, hormat hatlaryna, gymmat baha sowgatlaryna mynasyp bolupdy.
Hajymämmet aganyň iki ogly dört gyzy bolup, dürli ulgamlarda zähmet çekip, ata Watanymyyň ösüşine öz goşantlaryny göşýarlar, uly ogly Ýegenmämmet Gurbanow “Ata kesbi ogla halal” diýen atalar sözüne eýerip birnäçe ýyl bäri müdirligimizde zähmet çekip gelýär, mukaddes ojaga görk berip oturan Ogulgül eje 21-agtygyna, 8-çowlugyna guwanyp Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hözirini görüp ajaýyp döwrümize buýsanyp ýaşaýar.
Ogulbibi Şyhyýewa, “Türkmennebit” DK-niň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň
Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirliginiň uly proraby