“Türkmennebit” Döwlet konserniniň Bejeriş-gurnama we elektrik oturtma müdirliginiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk bölüminiň müdiri Baýramsoltan Kurbanowa Türkmenistanyň "Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna" ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlarynyň toplumy bilen sylaglanyldy.
Ýokary derejeli döwlet sylagyna eýe bolany üçin buýsançly duýgulary başdan geçiren Baýramsoltan Kurbanowa: «Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli ýokary döwlet sylagyna – Türkmenistanyň "Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna" ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlarynyň toplumy bilen sylaglananym üçin men örän bagtly. Bu sylag – meniň zähmetime bolan ykrarnamanyň subutnamasy. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli şahyry ady dakylan ýylda şeýle sylaga mynasyp bolmak has-da tolgundyryjy.
Işimden daşary döredijilik bilen meşgullanýaryn. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ömründen we döredijiliginden ylham alyp, goşgular ýazýaryn. Meniň eserlerimiň Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmeniň altyn asyry" bäsleşiginde ýeňiji bolmagy döredijilik ukybymyň ýokary baha mynasyp bolandygyny görkezdi. Türkmenistanyň Prezidentine, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza ýokary derejeli döwlet sylaglary üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýdýaryn» diýip, begenjini beýan etdi.