Şu ýylda uly üstünliklere beslenýän Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň dabaralarynyň çäklerindäki her bir waka, ýagny Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp duýgulara ýugrulan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusy, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy, «Döwürleriň we sivilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum we beýlekiler nusgawy şahyrymyzyň sarpasyny örän belentde tutup bilýändigimizi dünýä ýüzüne äşgär etmek bilen, biziň milli buýsanjymyzy has-da artdyrdy.
Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen edebiýatyna we diline däl, eýsem, ynsanyň ruhy taýdan — düşünje, sowat, ylym-bilim, din, ahlak taýdan kämilleşmegine, milli medeni aňynyň ösmegine hyzmat eden pelsepewi akyldar şahyrdyr. Akyldaryň gymmatly edebi mirasy häzirki wagtda türkmen we daşary ýurt alymlary tarapyndan içgin gyzyklanma bilen ylmy taýdan öwrenilýär. Şahyryň şygyrlary türkmen halky üçin durmuşyň ähli soraglarynda ýüzlenýän we daýanýan esasy çeşmesi bolup hyzmat edýär.
Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň tematik köpdürlüligini ahlak temasynyň çäginde çäklendirmek asla mümkin däldir. Ol şeýle-de Hoja Ahmet Ýasawydaky hikmeti, Ýunus Emredäki ylahy we ynsan söýgüsini, Görogludaky batyrlygy we mertligi, Garajaoglandaky lirizmi goşgularynda bir ýere jemlemegiň hötdesinden gelmegi aňryýany bilen başaran akyldardyr.
Soltan MAŞADOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.