Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
BAÝ­RAM­ÇY­LYK­­ ÇÄ­RE­SI GE­ÇI­RIL­DI
10.12.2024

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasy konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Aragatnaşyk müdirliginiň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Nebitçileriň medeniýet köşgünde Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli dürli kärde zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Nebit-gaz baýlygym, hazyna-genjim, waspyň etsin diller, saňa buýsanjym!» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasyny geçirdi.

Naz-nygmatly toý saçagynyň başynda geçirilen dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, guwandyryjy üstünlikler, ýokary ykdysady görkezijiler, halkymyzyň abadan durmuşy barada buýsanç bilen beýan etdiler. Ol çykyşlarda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Dabarada ýaňlanan aýdym-sazlarda ajaýyp döwrümiziň waspy belentden ýetirildi. Çäräniň dowamynda öňdebaryjy ýaşlara dabaraly ýagdaýda baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. 

Orazgül AMANDURDYÝEWA,

TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň uly buhgalteri.