Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýeti ösüşiň täze belentliklerine göterilýär, senagat taýdan ösen, ykdysady taýdan kuwwatly döwlet hökmünde Ýer ýüzündäki abraýy barha artýar. Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ileri tutulýan ugry bolan nebitgaz pudagy hem toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýar. Täze nebitgaz ýataklaryny gözlemek, özleşdirmek, ýangyç çig mal serişdelerini çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, topluma sanly ulgamy ornaşdyrmak, onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak babatdaky wezipeler üstünlikli berjaý edilýär. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmeginde «Türkmennebit» döwlet konsernine hem uly orun degişlidir. Konsern ýurdumyzyň çäklerinde nebitli we gazly ýataklary önümçilik taýdan özleşdirýän, nebiti, gazy, gaz kondensatyny, olar bilen goşmaça alynýan ugurdaş önümlerden peýdaly komponentleri gözläp agtarmagy, çykarmagy, toplap ýygnamagy, taýýarlamagy, daşamagy, gaýtadan işlemegi hemde ilaty, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny nebit we nebithimiýa önümleri, suwuklandyrylan gaz we beýleki taýýar önümler bilen üpjün etmegi, şeýlede daşarky bazarlara ýerlemegi hemde ýurdumyzyň nebit senagatyna öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary we halkara tejribäni ornaşdyrmak bilen, nebitgaz pudagyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmegi amala aşyrýan kuwwatly önümçilik toplumy bolup durýar. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmekde daşary ýurt kompaniýalary bilen alnyp barylýan özara hyzmatdaşlygyň geriminiň barha giňeýändigini hem bellemek gerek. Şonuň esasyndada uglewodorod serişdele rine örän baý bolan Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny dünýä bazarlaryna çykarmak ugrundaky ägirt uly işler uly rowaçlyklara beslenýär. Dünýäde uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan özüniň tebigy baýlyklaryny, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň, şonuň bilen birlikde hem, Ýer ýüzüniň halklarynyň bähbidine gönükdirmekde we sebitde ykdysady durnuklylygy üpjün etmekde taýsyz tagallalary edýär. Ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň geljekde hem depginli ösmegini gazanmakda bu ugurda ýaş hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen biziň nebitçilik orta hünär okuw mekdebimizde bu wezipäniň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin uly tagallalar edilýär. Nebitçilik ugrundan bilim alýan talyplarymyzyň geljekde ökde hünärmenler bolup ýetişjekdiklerini olaryň sapaklary özleşdirmäge bolan yhlaslaryndan, höweslerinden bilmek bolýar. Ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, agzybir halkymyzyň abadan we parahat durmuşda bagtyýar ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, ilýurt bähbitli tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Döwran Sarjaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
çeşme: "Balkan gazeti"