Günorta-Günbatar Türkmenistanyň territoriýasy Balkanýaka we GögerendagEkerem göterilmeleri, Gyzylgum we Kelkör bükülmeleri ýaly esasy tektoniki elementlerden durýar. Balkanýaka tektoniki zolagy aňrybaş gorlara eýedir we 100 ýyldan gowrak wagt bäri onuň känleri ýokarky we orta plioseniň kesimlerinden nebit we gazyň uzak wagtlap işlenip geçirilişinde ýerleşýär. Agtarylmadyk serişdeler çuňlukda ýatan aşaky gyzylreňkli (5 kilometrden gowrak) we gyzylreňkliden aşaky (miosen we mezozoý — 5,5 — 8 kilometr) çökündilerde jemlenendir. Şu wagta çenli orta plioseniň gyzylreňkli gatlaklygy we onuň açylmadyk bölegi nebitiň, gazyň gözlegi, agtarylyşy üçin ilkinji nobatdaky obýektler bolup galýar. Açylan gorlary ulanyşa dessine girizmäge mümkinçilik berýän, ösen infrastrukturanyň netijesinde agtaryşy köne känleriň entek barlanylmadyk bloklarynda we uzakdaky periklinal böleklerinde alyp barmak ykdysady taýdan peýdalydyr. Ýataklary gözlemek üçin mysal hökmünde Sapygaralyk epinini getirmek bolar, ol örän uly Goturdepe gurluşynyň aýratyn tektoniki blogy bolup durýar. 3DUÇNU iň täze modifikasiýaly seýsmikiagtaryşyň maglumatlary onuň nebitgazlylygynyň geljegini amatly hökmünde bahalandyrýar. Balkanýaka zolagynyň günortasynda ýerleşen Gyzylgum bükülmesi günbatara tarap Hazar deňzinde açylýar. Gury ýerde onuň ini 25 — 30 kilometre deňdir; gündogar periklinli Göbek — Gumdag epinler çyzygy bilen çäklenendir. Bu sebitiň çuňluk gurluşy ýeterlik öwrenilen däldir. Çuňňur burawlaýyş arkaly bükülmäniň gözlenmek we agtarylmak derejesi 15 — 20% bahalandyrylýar. Uzynada gazkondensat nebit käni gaz we nebit çykarylyşynyň senagat gorlaryny artdyrmakda soňky ýyllaryň agramly açyşy bolup durýar. Çuňňur aşak çöken gatlaklar (7 kilometrden köp) Uzynada we Ördekli känleriniň kesiminde nebitiň we gazyň ýataklaryny açmak üçin ätiýaçlyk bolup durýar. Günorta Uzynada meýdançasy (Uzynadanyň gönüdengöni ýakynynda ýerleşýär) gözlegler üçin geljegi uly obýektdir. Gögerendag — Ekerem göterilmeler zolagynda 70e golaý meýdança bar, olardan 15 kände pliosen çökündilerinden nebit we gaz çykarylýar, känleriň belli bir bölegi ölçegleri we gorlary boýunça uly däldir. Bu ýerde nebit we gaz ýataklaryny gözlemek üçin ätiýaçlyk — tektoniki zolagyň günbatar böleginiň Gögerendag, Gamyşlyja, Ekerem, Keýmir, Akpatlawuk, Çekiçler ýaly känlerinde aşaky gyzylreňkli çökündileriň açylmadyk bölegi bilen baglanyşyklydyr. Aşaky gyzylreňkliniň nebitgazlylyk babatda geljegi uly kesimi 3 müň 500 — 5 müň 500 metr çuňluklarda ýatýar. Senagat önümliligi Akpatlawuk, Nebitlije we Körpeje känlerinde tassyklanan miosen çökündileriniň serişde kuwwatyna baha bermek soňraky mesele bolup durýar. Öwrenilmegi ýakyn ýollarda ölçeg burawlaýyş arkaly amala aşyrmagy çak edilýän mezozoý çökündilerinde, alymlaryň we hünärmenleriň hasaplamalara görä, çykarylyp bilinjek pessaý (passiw) agtarylmadyk serişdeleriň 300 million tonna gowragy jemlenendir. Kelkör bükülmesi gury ýer böleginde Hazar deňziniň akwatoriýasynyň çäklerinde günbatar dowamy bilen 100x1530 kilometr ölçeglere eýedir. Bükülmäniň nebitgazlylygynyň geljegi hemişe diýen ýaly geofiziki işleriň uly göwrümleri, şeýle hem daýanç, ölçeg we gurluş burawlaýyş arkaly onuň çökündileriniň senagat nebitgazlylygy baradaky mesele çözülýänçä oňaýly bahalandyryldy. 3DUÇNU iň täze modifikasiýaly seýsmiki agtaryşynyň maglumatlary bilen gözleg burawlaýşa taýýarlanylan Tekejik meýdançasy C3 kategoriýaly serişdelerini oňaýly bahalandyrmak bilen, neogen we mezozoý çökündilerinde kesimiň senagat nebitgazlylygyny tassyklar diýip umyt edýäris. Gurluş gözleg burawlaýşa girizilýär. Uglewodorodlaryň agtarylmadyk uly serişdeleri Hazar deňziniň türkmen böleginiň ýalpaklygynda jemlenendir. GünortaGünbatar Türkmenistanda mezokaýnozoý çökündileriniň agtarylmadyk serişdeleriniň çaltlaşdyrylyp özleşdirilmegi bu ýerde nebitgaz çykarylyşy üçin gorlaryň ösüşini üpjün eder.
Gülşat GARRAÝEWA, «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň inženeri.
çeşme: "Nebit-gaz gazeti"