Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Asly-gerkez, ýurdy-Etrek, ady Magtymgulydyr
29.11.2024

Magtymguly etraby iki dagyň jülgesinde ýerleşýär. Gözbaşyny Eýrandan alyp gaýdýan Sumbar derýasy iki kenaryny gür baglyga büräp daglaryň, obalaryň içinden akyp geçýär. Daglar adamlary aýazdan-ýelden gorasa, baglar hem öz gezeginde salkyn saýalary bilen tomsuň gyzgynyndan goraýar we bu gözel mekanyň tebigaty ol ýerde ýaşaýanlarda we etraba barýan myhmanlarda aýratyn duýgy döredýär. Sumbar derýasy bolsa çyglylygyny ýetirip tebigy aram howany döredýär. Şol sebäpli hem Magtymguly etraby gyşyna maýyl,tomsunada salkyn bolýar. Magtymguly etrabyndan 18 km uzaklykda Gerkez obasy ýerleşýär. Hudaýyň nazar salan ýeri bolan bu kiçijik obada türkmeniň üç ägirdi ýaşap geçendir. Bular - Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Gurbandurdy Zelili. Gerkez obasynda Magtymguly Pyragy bilen baglanyşykly ýerler örän köpdür. Obanyň ortasynda şahyryň heýkeli oturdylan. Ol Pyragynyň 290 ýyllyk toýunyň bellenilen senesinde ýagny, 2014-nji ýylda heýkeltaraş Saragyt Babaýew tarapyndan döredildi. Şahyryň bu heýkeli Magtymgulynyň adyny göterýän 3-nji orta mekdebiň öňünde goýuldy. Şeýle hem mekdebiň ýanynda köpçüligi özüne çekýän Magtymguly muzeýi bar. Bu muzeý açylmazyndan ozal Pyraga degişli ähli maglumatlar mugallymlar we okuwçylar tarapyndan ýygnalyp, mekdepde goýlupdyr. Soňra muzeýiň açylmagy bilen ýygnalan maglumatlar we şol döwre degişli bolan milli egin-eşikler, şaý-sepler, hojalyk gurallary oba adamlary tarapyndan muzeýe tabşyrylypdyr. Muzeýde şahyryň kitaplary, ol barada alymlaryň ýazan işleri, muzeýe berlen sowgatlar bilen birlikde, täsin bir zat adamlary has özüne çekýär. Ol şahyryň öz uýasy Zübeýda Hindistandan getiren çäýnegidir. Şahyra bagyşlanyp obanyň içinde Magtymguly bagy döredildi. Bu bag Pyragynyň 290 ýyllyk toýuna gelen myhmanlar tarapyndan ekildi. Gerkez obasyna gelýän myhmanlar ýene bir zadyň şaýady boldular. Gerkez obasyna gireniňde dagda Magtymguly Pyragynyň keşbiniň bardygyna göz ýetirdiler. Ol keşbi has hem daň säherde ýa-da aý-aýdyň gijelerde görmek bolýar. Ol hudožnik Amangeldi Hydyrowyň synlamagynda teswirlendi.Gerkez obasynyň täsinligi we gözelligi oba barýan myhmanlarda ýatdan çykmajak ýakymly ýatlamalary galdyrýar.

Şemşat Abaýewa “Türkmennebit” DK-niň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy