Ak mermerli binalar, aýna ýaly giň we ýagty şaýollar, älemgoşar reňkli suw çüwdürimleri şäher ýaşaýjylarynyň, şeýle-de paýtagtymyza gelýän myhmanlaryň göwnüni galkyndyryp, olara ruhy lezzet eçilýär. «Aşgabat şäherinde alnyp barylýan işler ähli babatda nusgalyk derejä eýe bolmalydyr, şäheriň çäklerindäki gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek zerurdyr» diýip belleýän ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty esasynda baş şäherimiz Aşgabat bu gün Aziýanyň merjeni hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän syýasatynyň özeni il-günümiziň bolelin ýaşamagyna, ýaş nesilleriň belent ruhly kemala gelmegine, ata Watanymyzyň ähli ugurlar babatda kuwwatlanmagyna, has-da ber kemegine gönükdirilendir. Eşretli ýaşaýyş üçin döredilen şeýle binalar bilen bir hatarda, medeni-dynç alyş merkezleriniň hem onlarçasy halkymyza hyzmat edýär. Aşgabat — seýilgähler şäheri. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahry man Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Garaşsyzlyk ýyllarynda paýtagtymyz diňe bir şähergurluşyk-binagärlik taýdan däl, eýsem, ekologik taýdan hem dünýäniň iň abadan şäherleriniň birine öwrüldi. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda ekilýän müňlerçe düýp agaç nahallarynyň, yzygiderli döredilýän tokaý we seýilgäh zolaklarynyň hasabyna Aşgabadyň häzirki keşbiniň agramly bölegini tebigatyň köpdürlüligi eýeleýär. Şäheriň iň bir gelim-gidimli ýerleri bolan gür bagly seýilgählere aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda «Daşkent» seýilgähi hem halkymyzyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Seýilgähiň al-elwan güllere, ýaşyl baglara beslenen ajaýyp tebigaty, körpeler üçin niýetlenen oýun attraksionlary dynç almaga gelýän raýatlarymyzda ýakymly duýgulary döredýär. Bu künjekde ildeşlerimiziň rahat dynç almaklary, çagalaryň şadyýan, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilendir. Türkmen halkyna asuda durmuşda ýaşamaga, halal zähmet çekmäge, medeniýetli dynç almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bol sun!
Gülälek NURAÝEWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy
ceşme: "Aşgabat gazeti"