Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
HA­LY­PA NE­BIT­ÇI­NIŇ ZÄH­MET ÝO­LY
26.11.2024

Hemişelik Bitaraplygymyzyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan» atly ýubileý medalynyň eýesi Garataý Garataýew ömrüniň köp bölegini nebitçilige sarp eden adam. Onuň iş tejribesi barada Goturdepäniň 6-njy nebitgaz çykaryjy bölüminiň başlygy Piri Duşmuhammedow şeýle gürrüň berýär:

Tüweleme, bölümimizde burawlanyp ulanyşa berilýän guýularyň sany ýylbaýyldan artyp barýar. Golaýda burawlanyp gutarylan 399-njy ulanyş maksatly guýynyň gurluşykgurnama işlerinden soňra ýokary basyşly gaz paýlaýjy desga çenli 650 metr uzynlykdaky gaz geçirijini çekmek işi Garataý Garataýew tarapyndan tamamlanyp, gazlift usuly bilen işe girizildi. Onuň berýän önümi 40 tonna golaýdyr. Şeýle derwaýys işleri amala aşyrmakda ussa Garataý Garataýewiň asylly işleri hormata mynasypdyr. Hawa, ol mamla. Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde önüp ösen Garataý 1981-nji ýylda Balkanabatdaky nebitçilik orta hünär okuw mekdebini tamamlaýar. Soňra «Goturdepenebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň 2-nji nebitgaz çykaryş bölüminde işe başlaýar. Watan öňündäki harby gulluk borjuny abraý bilen ýerine ýetirip gelenden soňra, ýenede öňki işlän ýerinde zähmet ýoluny dowam etdirýär. Önümçiligiň jümmüşinde dürli wezipelerde zähmet çekip, «gara altynyň» bir damjasynyda yrýa etmän, kabul ediji çeleklere akdyrmakda yhlasly işleýär. Işine ezber nebitçi bu ýerde 30 ýyldan gowrak nebitgaz çykaryjy operator bolup işledi. Iş başarjaňlygy göz öňünde tutulyp, 2014-nji ýylda bu müdirligiň 1-nji nebitgaz çykaryjy bölüminiň başlygy wezipesine bellenildi. Bu ýerdede işleri guramaçylykly alyp barmakda özüni tanatdy. 2016-njy ýylda bolsa, ol 6-njy nebitgaz çykaryjy bölümde inžener-tehnolog bolup zähmet ýoluny dowam etdirýär. Häzirki günde bu bölümde 140-a golaý adam zähmet çekýär. Olar tarapyndan bir gije-gündiziň dowamynda 2 müň 914 tonna suwuk ýangyç çykarylyp, onuň 1 müň 44 tonnasy arassa nebitdir. Ussat nebitçi G.Garataýewiň gatnaşmagynda alnyp barlan işler ýeri gelende ýatlanylmaga mynasypdyr. Ýokary basyşly gaz paýlaýjy des galara diametri 426 millimetr bolan kollektor çekildi. Hindistandan getirilen täze peç gurnalyp, suwuk ýangyç gyzdyrylandan soň rezerwuardan sorujy arkaly merkezi nebit ýygnaýjylara guýulýar. «Ýug-Nefte gaz Private Limited» kompaniýasynyň merkezden daşlaşma sorujylarynyň 3-si elektrik merkezden daşlaşma usulyna (ESN) geçirildi. Hytaýdan getirilen her biri 60 — 62 atm saklaýan ýokary basyşly gaz paýlaýjy gurluşlar arkaly gazlift guýularynyň işleýşi durnuklaşdyryldy. Umuman bu ýerde ýokary basyşly UWD görnüşli gaz paýlaýjy desgalaryň 11-si hereket edip, bu desgalara 60-a golaý gazlift guýulary çatyldy. Bu bölümde guýularyň bökdençsiz işledilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Gaz paýlaýjy desgalaryň hemmesi gyzdyryjy peçler bilen üpjün edilipdir. Guýularyň nebit berşini gowulandyrmak üçin barlag işleri geçirilýär, göteriji turbalary parafinden arassalamaga niýetlenen täze «SlikLaýn» göçme awtoulagy «Ýug-Neftegaz Private Li mited» kompaniýasyndan getirilen. Mundan başgada, gazlift usulynda işleýän guýularyň göteriji turbalarynda, nebit akdyryjy turbalarda döreýän parafin çökündilerini arassalaýan dürli görnüşli gurluşlar bilen bir hatarda, daşary ýurtlardan satyn alnan peçleriň peýdasy uludyr. Guýularyň turbara giňişligine berilýän gazyň birden giňemesi we kristallaşmagy parafiniň emele gelmegine sebäp bolýar. Bularyň garşysyna dürli çäreler geçirilip durulýar. — Abatlaýyşdan çykan guýulary wagtynda özleşdirip, hatara goşmak biziň esasy borjumyz. Nebit akdyryjy turbalarda nebitiň syzýan ýerleriniň wagtynda öňüni almak, her bir guýynyň bellenilen tehnologik iş düzgünini saklamak we beýleki ýüze çykýan näsazlyklary wagtynda düzetmek biziň gündelik alyp barýan işlerimiz — diýip, bölümiň esasy geology Merdan Baýjanow aýdýar. Halypalyga ýetişip, bilenlerini ürç edip öwretmek, şägirt ýetişdirmek G.Garataýewiň esasy aladalarynyň biri. Onuň ýetişdiren we halypaçylyk eden şägirtlerinden Hydyr Amanow, Meýlis Baýramow, Amangeldi Meňliýew we başgalary agzamak bolar. Olaryň köpüsi ýolbaşçy wezipelerde işleýärler. Köp ýyllaryň dowamynda toplan tejribesini, hünäriniň inçe tilsimlerini özara utgaşdyryp, kämillige gol berip, şägirtlerine öwretmek halypa Garataý Garataýew üçin uly bagtdyr.

Weýis AMANTAGANOW, «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri

çeşme: "Nebit-gaz gazeti"