Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
BE­ÝIK PY­RA­GY­NYŇ FI­LO­SO­FI­ÝA­SY — PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ ÝOL-ÝÖRELGESI
25.11.2024

Gün­do­ga­ryň be­ýik söz us­sa­dy, akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­lyk ýu­bi­le­ýi bi­len bag­ly hal­ka­ra de­re­je­de ge­çi­ril­ýän çä­re­ler onuň ede­bi mi­ra­sy­nyň adam­za­dyň şu gün­ki durmu­şyn­da tut­ýan or­nu­ny giň­den açyp, bu mi­ra­syň pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň ýolýö­rel­ge­si­di­gi­ni aý­dyň gör­kez­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şu ýy­lyň 11-nji okt­ýab­ryn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len «Döwür­le­riň we si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň öza­ra ara­bag­la­ny­şy­gy — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ösü­şiň bin­ýa­dy» at­ly hal­ka­ra fo­rum­da eden çy­ky­şyn­da: «Mag­tym­gu­ly­nyň şyg­ry­ýe­ti wa­tan­çy­lyk se­na­sy­dyr. Ol öz hal­kyny, top­ra­gy­ny sö­ýen, ony go­ra­ma­gy we onuň ga­dy­ry­ny bil­me­gi ün­dän wa­tan­çy şa­hyr­dyr. Adamza­da aba­dan­çy­lyk is­län we onuň dog­ry ýo­lu­ny gör­ke­zen be­ýik akyl­dar­dyr» di­ýip, söz us­sa­dy­nyň bü­tin adam­zat üçin gym­mat­ly ga­ra­ýyş­la­ry bi­len dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň dür­ler ha­zy­na­syn­da he­mi­şelik orun alan­dy­gy­ny bel­le­di. Bu ha­ky­kat fo­ru­ma gat­na­şan dost­luk­ly döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň çy­kyş­la­ryn­dada öz be­ýa­ny­ny tap­dy.

Be­ýik akyldaryň edebi mirasyny döwürleri we siwilizasiýalary özara arabaglanyşygynda tutýan ornuny Gahryman Arkadagymyz «Pähimpaýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynda: Mi­ze­mez bi­na­la­ryň peý­ma­ny-yg­ty­ba­ry — Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy — diýip, aýdyň aýan edýär. Bu ýerde Magtymgulyny öňe süren taglymatlarynyň nesilleri arabaglanyşygy, adamzadyň şol esasda döreýän ýaşaýyş durmuşy bilen bagly ýüze çykýan meselelerini ölçeg daşy bolýandygy bellenilýär. Milli Liderimiz: «Il-halkymyzda ahlak garaýyşlarynyň gözbaşy Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň esasynda düzülýär. Çünki şahyryň setirleri özünden soňky nesilleriň ahlak garaýyşlary babatdaky jebisligini kemala getirýär. Magtymguly Pyragy özünden öňki türkmen durmuşy, ykdysady we syýasy garaýyşlar babatdaky ähli bilimleri setirlerinde beýan etdi» diýip, şahyry öňe süren paýhasly garaýyşlaryny türkmen milletini durmuş filosofiýasy hökmünde kabul edilýändigini nygtaýar. Magtymguly jemgyýetde adamyň ýaşaýşy, onda-da mertebeli ýaşaýşy barada oýlananda, öz mistiki akyl ýetirişini — ynanja esaslanýan garaýşyny bilimlilige esas bolýan garaýyş bilen baýlaşdyrmaga girişýär. Ol şahyryň ruhy dünýäsinde bolup geçen düýpli öwrülişik bilen bagly. Şonda ussat adamy, bir tarapdan, jemgyýeti nebsi öjükdirýän meýillerine garşy durmagy üçin beýik ynanja, ikinji tarapdan, onuň şol jemgyýetde mynasyp ýaşamagy üçin jemgyýet barada bilimlere eýe bolmalydygyny belleýär. Bu pikir dowam etdirilmeli bolsa, onda beýik akyldary bakylyk barada oýlanyp, şu dünýäni synag hökmünde kabul edendigine ünsi çekmek zerur. Onuň ruhy ösüşinde bolup geçen şu hili düýpli öwrülişik jemgyýetde ynsaply ýaşaýyş taglymatyny esaslandyrmaga mümkinçilik döredipdir. Bu taglymatyň aýratynlygy adamy halal, ynsaply ýaşaýyş ýörelgelerine eýerip ýaşamalydygy bilen baglydyr. Şahyr: Yn­sa­byn el­den by­rak­maz, Mä­lim, adam­çy­lyk­dan çyk­maz, Bu sö­züm haý­wa­na ýok­maz, Adam sak­lar güwş üs­tün­de — diýip, ynsabyny elden bermeýän we adamçylykdan çykmaýan ynsanyň ýaşaýşyny hakykydygyny belleýär. Ynsaplylyk bu ýerde adamy haýyr iş edip, ýaşaýan jemgyýetini özgertmek ukybyna eýe bolmalydygyny aňladýar. Şunda akyldaryň filosofiýasyny obrazlaýyn baky dünýäni döredýän paýhas giňişligi hökmünde häsiýetlendirmek bolar. Pyragyny filosofik mirasyny hut şu ähmiýetini aýan eden ýokary derejeli forumda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew: «Çylşyrymly geosyýasaty emele gelen häzirki döwründe beýik şahyryň eserleri has-da möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şahyryň şygryýetinde ynsanperwer garaýyşlar dabaralandyrylýar, onuň goşgulary biziň hemmämize parahatçylygy, ynanyşmagy, özara hormaty müdimi gymmatlyklar bolup durýandygyny ýene-de bir gezek ýatladýar» diýip nygtady. Bu hakykylyk alym Arkadagymyzyň Magtymgulyny pähim-paýhasyny «asmanlary keramatly belligine» alnandygy baradaky ajaýyp pikirinde aýdyň açylýar. Dana Pyragynyň ruhy mirasyny şu hili häsiýetlendirilmesi onuň ýaşaýyş paýhasy bolup çykyş edýän filosofiýasyny adamzadyň ynsaplylygyny ölçegi hasaplanýandygy bilen bagly. Päk ynsaby çelgi edinýän pikir bolsa, Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ynsany hakyky adamdygyny aýan edýän ýörelge hökmünde müdimi ýaşaýar. Bu ýerden şahyryň pähim-paýhasynyň miwesi bolan ýörelgeleri we taglymatlary adamzadyň şu günki hem-de geljekki ýaşaýşy üçin zerurlygy äşgär görünýär. Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian ýokary derejeli forumda şu gymmatlyklary ýüze çykarmakda Magtymgulynyň bitiren işlerini häsiýetlendirip: «Halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrylmagynda alymlara, şahyrlara uly orun degişlidir. Pars edebiýatyny Firdöwsi, Rudaky, Saady, Omar Haýýam ýaly meşhur wekillerini Gündogary medeniýetini dünýä ýaýmakda hyzmatlary uludyr. Beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragy hem türkmen medeniýetini we dilini belende göteren şahsyýetleri biridir. Ol öz manyly ömrüniň dowamynda umumadamzat gymmatlyklarynyň ösüşinde möhüm yz galdyrdy, onuň döredijiligi bolsa dünýä edebiýatyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy» diýip belledi. Bu hem hakykat. Bu günki gün şahyryň şygryýeti umumadamzat genji-hazynasynda mynasyp orun aldy. Magtymguly Pyragy milli şahyr hökmünde öňe çykyp, türkmeniň tire-taýpalaryny bir suprany başyna jemlemek baradaky pikiri öňe sürende, adamzady dürlüligi birleşmesi bolan bitewülige öwürmek pikirine hem eýeripdir. Aslynda, türkmeni täze taryhy döwürde millet hökmünde kemala gelmegi adamzadyň özüni bir bitewülik hökmünde duýup başlan döwri bilen gabat gelýär. Magtymguly öz pähim-paýhasy bilen türkmen halkyny milli şahyry hökmünde şol bitewülik duýgusyny kemala getirmäge itergi beripdir. Özbek Lideri Şawkat Mirziýoýew bolsa forumda eden çykyşynda şahyry öçmez-ýitmez eserlerini parahatçylyk we ylalaşyklylyk, ýagşylyk, adalatlylyk ýaly düşünjeleri wasp edip, umumadamzat gymmatlyklary bilen utgaşýandygyny aýdyp, dana Pyragynyň eserleriniň binýadynda: «Dünýäni ýagşylyk, dostluk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk, mähirlilik, adamkärçilik halas edýär» diýen pikiri durandygyny belledi. Beýik söz ussadynyň pähim-paýhasy adamzady oýlanyşykly, döredijilikli ýaşaýşa, ýagny gurmaga, döretmäge çagyrýar. Magtymguly: Men diý­dim bir­nä­çe pen­di-ne­si­hat, Bil­seň ne­si­hat­dyr, ýog­sa pe­si­hat, Pe­si­hat bil­me­gil, bil­gil ne­si­hat, Ýa­lan­çy söz­le­ri aý­dy­jy bol­ma — diýip, bütin adamzat nesline ýüzlenýär. Aşgabatda geçen ýokary derejeli forum şol çagyryşy bu günki gün hemmeler tarapyndan kabul edilýändigini aýdyň görkezen möhüm waka boldy. Halkara forumy soňky on-on bäş ýylyň dowamynda beýik akyldaryň pähim-paýhasyny açmakda we dünýä ýaýmakda edilen işleriň jemini jemländigini aýtmak mümkin. Bu işler Magtymguly Pyragyny ynsaply ýaşaýyş ýörelgelerini adamlarydyr milletleri, umuman, adamzady şu dünýäde öz geljekki ýaşaýşy barada oýlandyrýan, tolgundyrýan pähim-paýhas bolup çykyş edýändigini görkezdi. Şahyry şanly ýubileýiniň bellenilýän ýylynda dürli ýurtlarda geçirilýän ylmy maslahatlarda, duşuşyklarda, alymlary söhbetdeşliklerinde ynsanlary, ýurtlardyr halklaryň Magtymgulyny pähim-paýhasy bilen tanşandyklaryny we onuň ýaşaýyş ýörelgelerini özlerine açandyklarynyň köp mysallary bar. Şu nukdaýnazardan, 2023-nji ýylyň martynda Ispaniýanyň Granada şäherinde Magtymgulynyň hormatyna guralan edebiýat agşamynda şahyryň şygryýeti hem-de onuň goşgularyny ýewropalylar üçin täsiri barada çykyş eden professor Adolfa Barnasyň pikiri gyzyklydyr. Ol: «Magtymguly Pyragy Gündogary ňwe Günbataryň akyl-paýhas taryhynda täze hilli şahsyýet. Ol durmuş bilen kitabyň, güzeran bilen ruhuň, ynanç bilen akylyň özünden öň tapylmadyk sazlaşygyny tapan şahyr... Taryhda şeýle sazlaşyga ýetip bilen döredijiler juda az bolupdyr. Şoňa görä, meniň pikirimçe, türkmen şahyry diňe bir Gündogar däl, eýsem, bütindünýä ululygyna eýedir» diýip, Magtymguly Pyragyny yklymlary, umuman, bütin adamzady birleşdirýän pikirlerini şu günki ähmiýeti barada wajyp garaýşy beýan etdi. Beýle garaýyş bolsa beýik akyldaryň döredijiligini häzirki wagtda ýokary baha eýe bolýandygyny tassyklaýar. Dünýä ýurtlarynda söz ussadynyň ruhy mirasyna gyzyklanma artyp, bu miras ylmy merkezler tarapyndan giňişleýin öwrenilýär. Şu gyzyklanmany, ilkinji nobatda, Magtymgulynyň döredijiliginiň täsirliligi, onuň filosofiýasynyň baky dünýäni döredýän paýhas giňişligi hökmünde kabul edilýändigi bilen düşündirmek bolar. Diýmek, dana şahyryň filosofiýasyny diňe bir biziň halkymyzy däl, eýsem, tutuş adamzadyň häzirki döwrüni ýaşaýyş paýhasy hökmünde öňe sürülmegi üçin esaslar bar. Ony biz bu filosofiýany akyldaryň döredijiligini kämillik derejesine ýeten döwrüniň miwesi bolan ynsaply ýaşaýyş taglymatynyň mysalynda aýdyň görýäris. Bu filosofiýa dogry ýaşamagy tertip-düzgünleri, ýaşaýşy özboluşly ýörelgeleriniň toplumy bolan türkmençilik ýörelgelerinden gözbaş alýar. Magtymgulynyň bu ýörelgelere esaslanýan filosofik mirasy Bitarap Türkmenistany parahatçylyga we durnukly ösüşe çagyrýan syýasatynyň hem özenini düzýär. Halkara bileleşik tarapyndan ykrar edilen we Esasy Kanunymyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine eýerip, Türkmenistan ähli döwletler we abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary yzygiderli giňeldýär. Bu gün türkmen Bitaraplygy dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň berkarar bolmagynyň ýollaryny açyp görkezýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-ni Baş Assambleýasy 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etdi. Geljek ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy belleniler. Türkmen Bitaraplygy sebit we dünýä gatnaşyklaryny sazlamagy hem ähmiýetli guralyna öwrüldi. Bu bolsa biziň döwletimiziň abraý-mertebesini has-da artdyrýar. Şu nukdaýnazardan, «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygyň — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumda dünýäniň birnäçe döwletiniň Baştutanlarynyň beýik akyldaryň öňe süren wesýetleriniň durmuşa geçirmäge öz goşantlaryny goşmaga taýýardyklary baradaky aýdanlaryna söz ussadynyň filosofik mirasyny adamzat ýaşaýşyny özgerdiji paýhasa eýe bolýandygynyň alamaty hökmünde garap bileris. Hormatly Prezidentimiz ýokary derejeli forumda eden çykyşynda: «Akyldar şahyryň wesýetlerine wepaly bolmagy biziň mukaddes borjumyz hasaplaýarys. Onuň wesýetine eýermek bilen, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, berkarar döwletimizi mundan beýläk hem berkideris. Beýleki döwletler bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goşuçylyk, özara bähbitli gatnaşyklarymyzy giňelderis» diýip, Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasyna esaslanýan türkmen döwletini parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny geljekde-de gyşarnyksyz dowam etdiriljekdigini belledi. Biz döwlet Baştutanymyzyň oýlanyşykly daşary syýasatynyň Watanymyzyň dünýä bileleşigindäki at-abraýyny mundan beýläk-de dabaralandyrjakdygyna berk ynanýarys.

Nurýagdy SUWHANOW, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professory.

çeşme: "Türkmenistan gazeti"