Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyztagallalary netijesinde ýurdumyz barha rowaçlanýar. Ählitaraplaýyn gülläp ösýän ýurdumyzyň nebitgaz senagaty hem milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Türkmenistan geosyýasy taýdan amatly ýerde ýerleşýändigi we uglewodorod serişdelerine öränbaýdygy netijesinde sebitiň we tutuş dünýäniň ykdysady ösüşine kuwwatly itergi berýär, ynsanperwer ýörelgeleri ýöretmek bilen parahatçylygy pugtalandyrýar. Asyrlaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek taglymaty Gahryman Arkadagymyzyň hemde hormatly Prezidentimiziň öňde goýan maksatlarynyň biridir. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen gazynyň Günorta — Gündogar Aziýa ýurtlaryna uzakmöhletleýin iberilmegini üpjün etjek Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy hem hemişelik Bitarap Watanymyzyň umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň möhüm bölegidir. Hemişelik Bitarap Türkmenistan «Açyk gapylar» we netijeli hyzmatdaşlyk syýasaty bilen dünýäniň ünsüni özüne çekýär. Şunda ýurtlary, döwletleri biribiri bilen baglanyşdyrýan ýollaryň uly ähmiýeti bar. Diňe ýokary tizlikli hereket üçin niýetlenen awtobanlar hem tutuş dünýäde uly meşhurlyga eýe. Türkmenistanyň çäginden daşalýan ýükleriň möçberlerini artdyrmaga, gatnawlary çaltlandyrmaga amatly şertleri döredýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly goňşy Özbegistan döwleti bilen ulag ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmekde uly mümkinçilikleri açýar, şeýle hem bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanyna sepleşmegi ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna we şol ýerden Kawkaza, Ýewropa, Russiýa, Eýrana, Pars hemde Oman aýlaglaryna çykmaga mümkinçilik döredýär. Ak ýollar ýürekleri birleşdirýär, dünýä ýüzünde parahatçylygy üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň hemde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen ata Watanymyzyň ak ýollary dünýä uzaýar. Şu ýylyň sentýabr aýynda Serhetabat — Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmenowgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasynyň, Mary welaýatynda «Şatlyk1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optikisüýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy — Sanabar aralygynyň we «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «NurelJahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralarynyň geçirilmegi ýatdan çykmajak şanly pursatlara beslendi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyndan rowaçlanyp, beýik ösüşlere eýe bolýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýürekler joşa gelip, göwünler galkynýar, durmuş gözelleşip, ýaşaýyş gülleýär.
Jahan HYDYROWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy
çeşme: "Mugallymlar gazeti"