Öňňin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde sanly ulgam arkaly «Himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalarynyň geljegi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, Kataryň, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Eýranyň, Russiýanyň, Rumyniýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Belarusuň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Ermenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 34-sinden, daşary ýurt kompaniýalarynyň 4-sinden wekiller, ýurdumyzyň edara-kärhanalaryndan hünärmenler, alymlar, professor-mugallymlar, talyplar işjeň gatnaşdylar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B.Atamanowyň gutlag sözünden soňra, maslahatda daşary ýurtly alymlaryň, hünärmenleriň çykyşlary diňlenildi. Şeýle-de Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň esasy inženertehnology I.Zakaria çykyş edip, ýurdumyzda 30 ýyla golaý wagt bäri üstünlikli işläp gelýän bu kompaniýada alnyp barylýan ylmy-barlag işleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Soňra onlaýn maslahat «Himiýa senagatynyň ösüş ugurlary», «Gazhimiýa senagatynda innowasion tehnologiýalar», «Himiýa we gazhimiýa senagatlarynyň ykdysady we ekologik meseleleri» atly bölümçelerde dowam etdi. Çykyşlarda Türkmenistanyň ägirt uly tebigy serişdelere, baý uglewodorod gorlaryna eýe bolmak bilen, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümlere bolan islegi kanagatlandyrmak üçin, olary tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz energetika boýunça hyzmatdaşlygyň ugurlaryny has-da giňeltmek arkaly pudaga innowasion tehnologiýalary we nou-haulary işjeň ornaşdyrmagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekýär. Forumyň çäginde ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň, edara-kärhanalarynyň, kompaniýalaryň hünärmenleri, professor-mugallymlary, talyplary alyp barýan ylmy işleri baradaky tanyşdyrylyşlar bilen çykyş etdiler, özara sowal-jogap alyşdylar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň we «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi bolsa halkara ylmy-amaly maslahatyň netijeli häsiýete eýe bolandygyna şaýatlyk edýär. Şunda bu resminamanyň taraplaryň arasynda ylym-bilim ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk bilen bagly dördünji Ähtnamadygyny nygtamak gerek. «PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistanda ençeme ýyllaryň dowamynda üstünlikli iş alyp barmak bilen, ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmäge goşant goşup gelýändigi özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Hyzmatdaşlygyň çäginde kompaniýanyň degişli uniwersitetiniň professor-mugallymlary tarapyndan türkmenistanly talyplar we ýaş mugallymlar üçin nebitgaz senagatynda ulanylýan öňdebaryjy tehnologiýalardyr enjamlar boýunça okuwlar yzygiderli guralýar. Şu ýylyň iýun-iýul aýlarynda ýokary okuw mekdebimiziň talyplary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň önümçilik desgalarynda tomusky önümçilik tejribeligini geçdiler. Awgust aýynda bolsa HNGU-nyň talyplarydyr mugallymlary üçin «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologik uniwersitetinde okuw-önümçilik tejribeligi we hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlary guraldy. 11 — 15-nji oktýabrda hem bu ýokary okuw mekdebiniň Hünär bilimi we hünär ýokarlandyryş merkeziniň professor-mugallymlarynyň 4-si Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetine gelip, hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler. Täze Ähtnama laýyklykda, nebitgaz, geologiýa-gözleg, himiki tehnologiýa, sanly ykdysadyýet ugurlary bilen bir hatarda, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, “ýaşyl” energetika, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça bilelikde ylmy-barlag, taslama işlerini ýerine ýetirmegiň gerimini giňeltmek we ösdürmek, professor-mugallymlaryň, hünärmenleriň, ýaş alymlaryň ylmy barlaglarynyň netijelerini halkara ylmy žurnallarda çap etmek göz öňünde tutulýar. Umuman, bu resminama Malaýziýanyň abraýly nebit kompaniýasy hem-de onuň garamagyndaky bilim ojagy bilen ýola goýlan oňyn gatnaşyklary üstünlikli dowam etdirmekde täze gözýetimleri açýar.
Agamyrat ÇARYÝEW, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň okuw bölüminiň önümçilik tejribeliginiň ýolbaşçysy
çeşme: "Türkmenistan gazeti"