
Medeniýetli, giň dünýägaraýyşly, çuň aň-düşünjeli, ýokary bilimli ýaşlary taýýarlamak, umuman, ylym-bilim ulgamynda ýokary ösüşleri gazanmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Şol sebäpli, bu ugurda giň gerimli çäreler geçirilip, möhüm çözgütler kabul edildi. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň möhüm ugurlaryny kesgitleýär. Bilim edaralarynyň arasynda özara ýeke-täk bilim toruny döretmek, ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak we giňeltmek, hilini ýokarlandyrmak, okuw işinde uzak aralykdan berilýän bilimi ýola goýmak Konsepsiýanyň esasy wezipeleridir. Bilim edaralarynda elektron bilimiň ýola goýulmagy we uzak aralykdan okuw okatmagyň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ösüşiň täze basgançagyna çykylandygyny aňladýar. Sanly ulgamyň ösmegi we ornaşdyrylmagy netijesinde, bu ugurdan baş çykarýan ussat hünärmenlere bolan isleg ýokarlanýar. Häzirki zaman tehniki serişdelere düşünmek, olary netijeli peýdalanmak, maglumat gorlaryny ulanmak, kompýuter sowatlylygyny artdyrmak, innowasion tehnologiýalaryň işleýiş düzgünini bilmek ýaşlaryň ählisi üçin zerurdyr. Çünki täze tehnologiýalar biziň geljegimizdir. Netijede, okuw edaralarynda kompýuter we kiberhowpsuzlyk ugurlaryndan täze hünärler açyldy, ylym we bilim edaralarynda bu ugurlardan goşmaça sapaklar berilýär. Bilim ulgamynda alnyp barylýan dünýä nusgalyk işler ýaşlary begendirýär hem buýsandyrýar.
Ýakup KYÝASOW, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymy
çeşme: "Nebit-gaz gazeti"