Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
AŞ­GA­BAT NUSGALYK ŞÄHERDIR
12.11.2024

         Dünýäniň iň owadan, arassa, ösen şäherleriniň birine öwrülen merjen paýtagtymyz özboluşly binagärlik keşbi bilen göreni özüne çekýär. Aşgabat dostlukly, ynsanperwer, hoşniýetli gatnaşyklara giň ýol açylan nusgalyk şäherdir. Paýtagtymyz batly depginler bilen günsaýyn özgerýär. Bu ösüşler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen gazanylýar. Paýtagtymyzda gurlup ulanylmaga berlen ajaýyp desgalaryň ençemesi türkmen döwletiniň binagärlik sungatynyň belent sepgitlere ýetendiginiň aýdyň subutnamasy bolup hyzmat edýär. Olaryň arasynda birnäçe desgalaryň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi bolsa, halkara standartlaryna laýyk getirilip, dünýäde deňi-taýy bolmadyk derejede gurlandygyny we ýurdumyzyň binagärlik pudagynyň öňdebaryjy orunlarda durýandygyny görkezýär. Olara mysal hökmünde boýy 133 metr bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Döwlet baýdagyny, Oguz hanyň we onuň ogullarynyň bürünç heýkelleri ornaşdyrylan suw çüwdürimler toplumyny, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezini, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň serediş halkasyny, Aşgabat Halkara howa menzilini, Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň şekilini, Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde ykrar edilen sportuň suw görnüşleri merkezini agzamak bolar. Umuman aýdanymyzda, paýtagtymyzda gurulýan täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlary, medeniýet-sungat, ylym-bilim, saglyk, sport we beýleki desgalarynyň ählisi binagärlik özboluşlylygy, töwereginiň abadançylygy, bagy-bossanlygy bilen saýlanyp dur. Aş­ga­ba­dyň 2013-nji ýy­lyň 25-nji maýynda dünýäde iň kän ak mermerli binalary bolan şäher hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendigi has-da buýsandyrýar. Şeýle buýsanjyňy artdyrýan özgerişler Garaşsyz ýurdumyzyň paýtagtynyň bezegine öwrüldi.

Aýtäç ALTYÝEWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

HNGU-nyň mugallymy, tehniki ylymlaryň kandidaty.

çeşme: "Nebit-gaz gazeti"