
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Keýmir» nebitgaz çykaryş müdirligi (NGÇM) Balkanabat şäherinden 210 kilometr daşlykda ýerleşen, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň günorta sebitindäki nebitgaz känlerini — Ekerem, Gündogar Ekerem, Akpatlawuk, Keýmir we Kemer (Günorta Kemer) meýdançalaryny özüne birleşdirýär. Bu önümçilik kärhanasynda hereket edýän guýularyň 182-si bolup, olaryň 153-si nebit önümli we 29-y gaz önümli guýulardyr. Nebit önümli guýularyň 28 göterimi çüwdürim we 72 göterimi gazlift usulynda işleýär. Bu müdirligiň çuň ştangaly sorujy usulynda işleýän guýusy ýokdur. Esasan, Keýmir we Akpatlawuk känlerinde gazlift ulgamlarynyň bardygy we Keýmir käninde ýörite gazlift guýulary üçin gaz gysyjy bekediniň gurulmagy bilen baglydyr. Keýmir gazlift gaz gysyjy desgasy 2013-nji ýylda ulanmaga berildi. Desgada, esasan, nebit bilen bile çykýan ugurdaş gaz toplanyp, soňra gazlift guýulary gerek bolan gaz basyşy bilen üpjün edýär. «Keýmir» NGÇM-de şu ýylyň 10 aýynyň jemi boýunça meýilnama ortaça 101 göterim ýerine ýetirildi. Häzirki wagtda müdirlige degişli känleriň nebitgazly guýularynda düýpli we ýeňil abatlaýyş işlerini geçirmek işleri, esasan, «Keýmir» NGÇM-niň öz hasabynda bar bolan iki sany düýpli we iki sany ýerasty (ýeňil) abatlaýyş toparlary bilen amala aşyrylýar. Ondan daşgary guýularda gysga wagtda ýeňil abatlaýyş işlerini geçirmek hemde NKT-leriň içinde ýygnanýan parafin-asfalten çökündilerinden arassalamak, süzgüçlerde toplanýan toýun-çäge çökündilerini ýuwup arassalamak üçin «Nebitgazçykaryş» trestiniň düzüm birligine degişli bolan Ýöriteleşdirilen guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň (ÝGDAM) maýyşgak sorujy kompressor turbaly desgasy hyzmat edýär. Önümçilikde bar bolan desgalarda, nebit kowujy sorujylarda, gyzdyryjy peçlerde, elektrik beketlerinde we enjamlarynda döreýän näsazlyklary gysga wagtda düzetmek üçin degişli işleri geçirmekde mehaniki enjamlary abatlaýyş we elektrik enjamlaryny abatlaýyş sehleriniň işgärleriniň gije-gündizki edýän aladalary nebit çykarmakda, akdyrmakda we taýýarlamakda uly goşant bolup durýar. Ekerem buraw işleri müdirligi tarapyndan Keýmir, Akpatlawuk, Ekerem känlerinde ulanyş guýularyny meýilnama esasynda burawlamak hem-de Kemer meýdançasynda buraw gözleg işleri yzygiderli alnyp barylýar. Müdirligiň nebit taýýarlaýyş we akdyryş sehi nebit känlerinden çykarylýan çig nebiti suwdan we mehaniki galyndylardan arassalamak hem-de harytlyk derejesine ýetirmek işlerini amala aşyrýar. Taýýarlanan harytlyk nebit ýörite niýetlenen çeleklere ýygnalyp, Hazar deňziniň üsti bilen nebit daşaýjy tankerler arkaly sarp edijilere ugradylýar. «Keýmir» NGÇM-iň önümçilige hyzmat edýän ýöriteleşdirilen we beýleki gerekli tehnikalarynyň aglabasy özüne degişli bolup, işiň öndürijilikli we bökdençsiz amala aşyrylmagyna şert döredýär.
Saparmyrat ARTYKOW, «Türkmennebit» döwlet konserniniň
«Nebitgazylmytaslama» institutynyň uly ylmy işgäri.
çeşme: "Nebit-gaz gazeti"