Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
ÇUŇ GAT­LAK­LAR YNAM­LY ÖZ­LEŞ­DI­RIL­ÝÄR
12.11.2024

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň müdirlikleriniň hünärmenleri şu günler «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda has-da gaýratly zähmet çekýärler. Tutuş trest boýunça geçen dokuz aýda gazuw işleri tamamlanyp, uglewodorod çig mallaryny çykaryjylara tabşyrylan jemi 20 sany guýynyň 19-synyň ulanyş maksatly guýulardygy hem bu ugurda has belent sepgitlere ynamly gadam urulýandygyndan habar berýär. Şu ýylyň geçen hasabat döwründe «Türkmennebit» döwlet konserni boýunça senagat taýdan özleşdirilýän ýataklardan «gara altyn» çykarmagyň meýilnamalarynyň artygy bilen berjaý edilmeginde hem burawlaýjylaryň mynasyp paýy bar. Soňky ýyllarda konserniň buraw işlerini alyp barýan müdirlikleri Germaniýada, ABŞda, Hytaýda we Russiýada öndürilen iň täze enjamlardyr desgalara eýe boldular. Bu kämil enjamlardyr kuwwatly buraw desgalarynyň 7 müň metre çenli çuňluk geçmäge ukyplydygyny aýratyn nygtamak gerek. Hut şu ýagdaýyň özi miosen gatlaklaryndaky nebitiň täze, çuň ýataklaryny açmaga we özleşdirmek üçin elýeterli gorlaryň möçberlerini ep-esli giňeltmäge ygtybarly esas döredýär. Konserniň düzü­min­de 1998-nji ýyl­da dö­re­di­len «Ne­bit­gazburawlaýyş» tresti nebit, gaz, ýodbrom hem-de ýörite guýulary gazmak üçin ýöriteleşdirilen kärhanadyr. Trestiň degişli müdirlikleri: — ro­tor, elekt­ro­bur we düýp çuňluk dwigatelleri arkaly nebit, gaz, ýodbrom we ýörite guýulary göni, ýapgyt gönükdirilen we keseligine gazuw usullar bilen guýularyň doly gurluşygyny amala aşyrmak; — gu­ýu­la­ry ber­kit­mek we tam­pon­la­mak, bu işleri täzeden geçirmek, guýularda sement köprülerini gurmak we şuňa meňzeşler; — bu­raw en­jam­la­ry­ny gur­na­mak, sök­mek we olary göçürmek; — bar­lag we öz­leş­di­riş iş­le­ri, ýo­kar­ky gatlaklara geçmek, geçiş depginlerini ýokarlandyrmak; — gu­ýu­la­ry wagt­la­ýyn önüm­çi­lik­den çykarmak we olary täzeden önümçilige girizmek; — bu­raw we beý­le­ki en­jam­la­ry abat­la­mak; — bu­raw laý­la­ry­ny taý­ýar­la­mak, be­jer­gi, agramlylygyny ýokarlandyrmak üçin işleri geçirmek; — bu­raw, agyr bu­raw we NK tur­ba­lary bilen üpjünçiligi gazanmak hem-de olary abatlamak; — ber­kit­me tur­ba­la­ry bi­len üp­jün­çi­lik. Olary abatlamak, berkitme turbalaryny synagdan geçirmek; — bu­raw en­jam­la­ry­nyň äti­ýaç­lyk şaý­la­ry­ny taýýarlamak; — gu­ýu­la­ryň gur­lu­şy­gy­nyň tas­la­ma­la­ry­ny işläp taýýarlamak; — mas­la­hat hyz­mat­la­ry ýa­ly iş­le­ri üs­tünlikli amala aşyrýarlar. Ýeri gelende aýtsak, trestiň önümçilik we ýardam beriş düzümlerinde öz işine ussat hünär­men­ler, ýo­ka­ry bi­lim­li in­že­ner-teh­no­log­lar, geologlar, mehanikler, energetiklerdir burawlaýjylar göreldeli zähmet çekýärler. Olaryň burawlaýyş işlerinde baý iş tejribeleri bar. Trestiň düzümleriniň hünärmenleriniň çylşyrymly dag-geologiýa we termofiziki-himiki hä­si­ýet­li Gün­ba­tar we Gü­nor­ta — Gün­ba­tar Türkmenistanyň ýerasty hazynaly meýdançalarynda çuň we keseligine gazylýan guýulary burawlamakda ýeterlik ussatlyklary bar. Olar ýapgytlygyna gönükdirilen we keseligine gazuw işlerini ygtybarly alyp barýarlar. Öz döwründe trestiň «Goturdepe» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri elektroburyň kömegi bi­len iň çuň gu­ýy­ny (5 müň 250 metr) dünýäde ilkinji bolup keseligine gazyp, oňat netije gazanmagy başardylar. Buraw işleri müdirliklerinde Günbatar Türkmenistanyň çägelik, şorluk we çylşyrymly howa şertlerinde buraw desgalaryny gurnamak talabalaýyk amala aşyrylýar. Trestiň düzümlerinde işleýänleriň ählisi zähmeti goramagyň talaplaryna laýyk gelýän ýörite egin-eşikler, goranyş serişdeleri bilen üpjün edilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen nebitçileriniň öňünde goýýan belent wezipelerine mynasyp iş bilen jogap bermek burawlaýjylaryň baş maksady bolup durýar. Özleşdirilýän ýataklarda täze gazylýan guýular ýokary netijeliligi bilen tapawutlanýar. Täze özleşdirilýän Uzynada meýdançasynda gazylyp, önümçilikçilere tabşyrylýan guýular uglewodorod çig mallarynyň bol akymlaryny berýärler. 2020-nji ýylyň başyndan şu güne çenli trestiň buraw işleri müdirlikleri tarapyndan gazuw işleri üstünlikli tamamlanan täze guýularyň sany 208-e ba­ra­bar­dyr. Ola­ryň 180-si­niň ula­nyş maksatly guýulardygyny bolsa aýratyn nygtamak gerek.

 

Hojaberdi BAÝRAMOW

"Nebit-gaz gazeti"