Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösüşi orta we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli hem döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän şeýle maksatnamalaryň netijesinde Türkmenistanyň ösen gaýtadan işleýän senagatly döwlete öwrülendigi buýsandyryjy hakykatdyr. Ykdysady görkezijileriň barha ýokary galmagy bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi hem ýokarlanýar. Geljekde Watanymyzyň ykbaly ynanyljak ýaşlaryň bilimden ýüki ýetik, akylly, sagdyn adamlar bolup ýetişmekleri barada edilýän aladalar miwesini berýär. Biziň ýokary okuw mekdebimizde nebitgaz ulgamynyň dürli ugurlary boýunça hünär öwrenýän talyp ýaşlar hem özleri barada edilýän aladalara oňat düşünip, oňa oňat okamak, dürli ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda üstünlik gazanmak bilen jogap berýärler. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine hem uly üns berilýär. Munuň üçin önümçilige ýokary netijeli tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Şol tehnologiýalara ökdelik bilen erk etmek arkaly nebitgaz pudagynyň ösüşlerini has-da ilerletmegi maksat edinýän talyplarymyz yhlas-başarnyklaryny gaýgyrmaýarlar.
Şamuhammet Durdyýew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň mugallymy.
çeşme: "Balkan gazeti"