«Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag» diýen halkymyz ähli döwürde-de ylymly-bilimli bolmaklyga, hünär öwrenmeklige aýratyn üns beripdir. Üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen Türkmenistanyň gadymy şäherlerinde ylym gülläp ösüpdir we olarda ajaýyp kitaphanalar bolupdyr. Gadymy Merw, Köneürgenç şäherleri ylym-bilimiň merkezine öwrülipdir. Belli alymlaryň ýaşap geçen topragy bolan eziz ata Watanymyzda täze taryhy eýýamda işlenip düzülen maksatnamalara laýyklykda, ylym-bilimi ösdürmek, ulgamyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ösüşleriň özeni hasaplanýan sanly bilim ulgamyny ösdürmek hem döwrüň möhüm wezipesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen ýaşlary ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmegiň, ähli ugurlar boýunça öňegidişlikleri gazanmagyň hatyrasyna bilim alýarlar, dürli hünärleriň eýeleri bolýarlar. Bu gün kämil hünärli, iş başarjaň, giň dünýägaraýyşly nesil kemala gelýär. Şunuň bilen baglylykda, döwrüň ylmy-tehniki gazananlary we innowasion tehnologiýalar ykdysadyýetimizde giňden ornaşdyrylýar. Munuň özi ileri tutulýan ugurlarda ýokary netijeleri gazanmagyň, belent sepgitlere ýetmegiň möhüm şertidir.
Şeker Joraýewa, «Türkmennebit» döwlet konserniniň
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy,
ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.
ceşme: "Balkan gazeti"