Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Innowasiýalar – Türkmenistanyň döwrebap ösüşiniň aýdyň ýoly
22.09.2024

Türkmenistan ykdysady taýdan kuwwatly we durmuş taýdan ösen döwletleriň biridir. Ol halkara arenasynda ynsanperwerlik merkezi hökmünde ykrar edilýär. Döwlet gurluşynyň berk binýadyny esaslandyran ýurdumyz, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, jemgyýetçilik we döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryna häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryň çalt ornaşdyrylmagyny özüniň mundan beýläk hem depginli ösüşiniň möhüm şerti diýip kesgitledi.  

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen taýýarlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan sanly ykdysadyýeti ösdürmek konsepsiýasyna laýyklykda, Türkmenistanda häzirki wagtda senagat önümçiligine, obasenagat toplumyna we durmuş infrastrukturasyna öňdebaryjy tehnologiýalar üstünlikli ornaşdyrylýar. Mundan başga-da, ylym we innowasiýalar jemgyýetçilik-ykdysady ösüşiň möhüm faktorlary hökmünde kesgitlenip, milli syýasatyň esasy strategiýasy hökmünde görkezilýär.  

Bu ugurda dünýä ylmynyň gazananlaryny netijeli ulanmak we täze bilimleri döretmek maksady ýola goýuldy. Şeýlelikde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň syýasaty ýurduň intellektual mümkinçilikleriniň ösdürilmegine gönükdirilýär.  

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň innowasion syýasaty iş ýüzünde durmuşa geçirilip, onuň nerijesinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylym-tehnologiýa parky statusy berildi. Bu bolsa merkeziň ykdysadyýetiň gurluşyndaky ornuny ýokarlandyrmaga, ylmy gazanylanlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge, ylmy barlaglaryň toplumlaýyn ösdürilmegine, innowasion taslamalara kiçi we orta telekeçiligiň işjeň gatnaşmagyna, şeýle-de innowasiýalaryň önümçiliginiň ýola goýulmagyna ýardam eder.  

Ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy-barlag institutlarynda ylmy-teoretiki we ylmy-amaly barlaglary geçirmek, bäsdeşlige ukyply, ekologiýa taýdan howpsuz we ykdysady taýdan täsirli ýokary tehnologiýalary döretmek, işlenip taýýarlanylýan innowasiýalary işjeň ornaşdyrmak üçin amatly şertler we giň mümkinçilikler bar.  

Türkmenistanyň innowasion ösüşe hem-de häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen ýoly, täze ugurlar boýunça döwrebap hünärmenleriň taýýarlanylmagyny öz içine alýan ýokary hilli bilim ulgamy bilen üpjün edilýär. Sanly hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak we sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin zerur şertleri döretmek meseleleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty möhüm orun eýeleýär. Ol telekommunikasiýa we IT-tehnologiýalar ugurlarynda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.  

Türkmenistanyň bar bolan ylmy-tehniki serişdeleri, ýagny toplanan bilimler, ylmy işgärler, ylmy we bilim edaralarynyň maddy-tehniki binýady önümçilik pudagynyň innowasion ösüşi, oba hojalygyny, saglygy goraýşy ylmy taýdan üpjün etmek, tebigaty goramak we adamlaryň sagdyn, howpsuz ekologiýasy üçin amatly şertleri döredýär.  

Türkmenistanda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň innowasion ösüşe gönükdirilýändiginiň üstünlikli subutnamasy hökmünde “akylly” şäher Arkadag şäherini gurmak bilen baglanyşykly işler görkezilýär. Bu özboluşly tehnologik çözgütlere esaslanýan “smart-city” taslamasynyň döredilmegi ýurdumyzyň geljegini ýokary derejede ösen döwlet hökmünde göz öňünde tutýandygyny görkezýär.  

Türkmenistanyň ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna sanly gazananlary ornaşdyrmak boýunça amala aşyrýan gurluşyk çäreleri, gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden – Günden we ýelden energiýa almagy maksat edinýän taslamalary hem-de ýokary tehnologiýalara esaslanýan, bäsdeşlige ukyply önümleri we hyzmatlary öndürmäge gönükdirilen nebitgaz, ulag we logistika pudaklaryna degişli iri maýa goýum taslamalary dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyny döredýär.

Munuň aýdyň mysaly hökmünde sentýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň Maýa goýum forumy, “HI-TECH Turkmenistan 2024” atly Türkmenistany ykdysadyýetiň ýokary tehnologiýalaryna we innowasiýalaryna çekmek boýunça halkara maslahaty we ugurdaş sergini görkezmek bolar. Foruma öňdebaryjy tehnologiýalaryň we programma üpjünçiliginiň öndürijileri we üpjün edijileri bolan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary gatnaşdy.  

Forumyň tematik bölümleri: “Maýa goýum ýagdaýy we maliýe tehnologiýalarynyň geljegi: innowasiýa, töwekgelçilikler we mümkinçilikler”, “Elektron hökümet, maglumat merkezi, innowasion tehnologiýalaryň we “ýaşyl” energetikanyň ösüşi”, “Emeli zehiniň täze eýýamy” hem-de serginiň ekspozisiýalary: suw tygşytlaýjy tehnologiýalar; maliýe tehnologiýalary; bilim tehnologiýalary; senagat tehnologiýalary; marketpleýslar; lukmançylyk we biotehnologiýa; “akylly” şäher we gurluşyk; oba hojalygy we agro-tehnologiýalar; energetika we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri; maglumat tehnologiýalary we sanly transformasiýa, Türkmenistanyň sanly transformasiýa hem-de ähli ugurlara innowasiýalaryň çekilmegi baradaky ýoluny aýdyň görkezdi. Daşary ýurtly myhmanlaryň aýratyn gyzyklanmasyny türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen programma üpjünçiligi we IT-hyzmatlary, şeýle-de döwlet edaralary we biznes üçin niýetlenen programmalar bilen baglanyşykly çykyşlar we stendler gazandy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bilim, ylym we innowasiýalar babatda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň durmuşa geçirilmegi, geljek döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň hil taýdan täze derejede ösdürilmegini üpjün eder. Şeýlelikde, sanly mümkinçilikleri ösdürmek syýasaty ýurdumyzyň dünýä derejesinde ösen döwlete öwrülmegine hem-de innowasion ösüşine ýardam berer.  

Tahyr NAZAROW,  

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy