
Halkymyzda ylym bilimiň özeni, gözbaşy hasaplanýan kitaba uly hormat sarpa goýulýar. Ol tapylgysyz baýlykdyr, dünýäniň genji hazynasydyr. Türkmen halky kitaba aýratyn sarpa goýýar. Kitaplaryň taryhyň synagyndan geçip, geçmiş barada dil açýan tapylgysyz hazynadygy, kitap okaýan adamyň ýüreginiň mähir muhabbetden pürepür bolýandygy barada hemmämiz bilýäris. Kitap geçmişi, şu güni bir ýere jemleýär. Kitaplar bize geçmişde ata babalarymyzyň ýaşaýyş durmuşy, ylymbilim derejesi, döredijilikli ýollary, goňşy döwletler bilen hoşniýetli gatnaşyklary barada gürrüň berýär. Kitap okamak ynsanyň pikirleniş ukybyny ýokarlandyryp, gözýetimini, dünýägaraýşyny giňeldýär, onuň akyl we bilim taýdan ilerlemegine kömek edýär. Kitap her bir ynsanyň iň ýakyn syrdaşy, dosty we ýoldaşydyr. Perzent terbiýesinde atababalarymyzyň öz öwütündewlerinde gaýtagaýta tekrarlaýan nesihatlarynyň biride kitaby köp we üznüksiz okamakdyr. Kitaby köp okamak ylym almagyň we durmuşa düşünmegiň ýollaryny salgy berýär, ruhubelent ýaşaýşa höwes döredýär. Kitap ynsanyýetiň baş baýlygy, sermaýasy, döwürleriň, nesilleriň we medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy özünde jemleýän bilimler çeşmesidir. Ol ynsana hormat goýmagy öwredýär, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýär, Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýeleýär.
Çynar GYLYÇDURDYÝEWA, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.
çeşme: "Mugallymlar gazeti"