Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryny özünde jemleýän ýangyç-energetika toplumynda bu gün döwrebap işler amala aşyrylýar. Bu ugurda «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestine degişli bolan Abatlaýyş-mehaniki zawodynda hem öwgä mynasyp işler bitirilýär. Öz işine ussat hünärmenlerimiz geologiýa-gözleg işlerinde hemde uglewodorod çig mallaryny çykarmakda peýdalanylýan buraw desgalaryny, gurallardyr enjamlary, dürli kuwwatlyklardaky nasoslary abatlap, olara «ikinji ömri» bermegi başarýarlar. Kärhanamyzda ýokary hil derejesinde taýýarlanylýan rezin önümleriň görnüşleriniň sany 600-e golaýlaýar. Zerur bolan çig maly öz ýerinde gaýtadan işlemekden başlap, şeýle köp görnüşli rezin önümlerini taýýarlaýan önümhana bolsa, ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň hiç bir pudagynda ýokdur. Diýarymyzda nebitgaz toplumy boýunça geçirilýän halkara derejesindäki sergilerde daşary ýurtly ugurdaş düzümleriň hünärmenleri kärhanamyzda taýýarlanýan dürli görnüşli ätiýaçlyk şaýlara hemişe ýokary baha berýärler. Bizde halypa-şägirt gatnaşyklaryna aýratyn üns berilýär. Indi ençeme ýyllar bäri mehaniki sehde halal zähmet çekýän, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi Aşyrmämmet Goşaýew, Dörtguly Nowurow, Arkadiý Beglarýan, Aman Hallygylyjow, Orusguly Annaýew, nebitgaz enjamlaryny abatlaýyş merkezden Derýanur Hajymuhammedow, Aýdym Myradow, demir guýujy merkezden Amandurdy Annaýew, Döwletgylyç Ýollyýew, rezin sehinden Arslan Garahanow, Gazaktagan Gazaktaganow, merkezi nasos meýdançasyndan Orazmuhammet Garlyýew, Annagurban Amangeldiýew, bug-gazan kebşirleýji sehden Kadyrberdi Rahmanow, Meretnyýaz Meredow, Annaly Toýjanow ýaly halypalarymyz özlerine berkidilen şägirtleriň ussat hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanýarlar. Önümçilik-tehniki bölüminiň inženeri Kemal Aýjanowyň şu ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan eden bäsleşiginde ikinji baýrakly orna mynasyp bolandygyny hem aýratyn nygtasymyz gelýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen hasabat döwründe kärhanamyz boýunça buýrujylardan gelip gowşan sargytlaryň abraý bilen berjaý edilendigi bolsa bizi hasam buýsandyrýar. Nebitgaz pudagynda bar bolan goşmaça mümkinçilikleri ýüze çykarmak, önümçilik çykdajylaryny azaltmak, ulgamda heniz peýdalanylmaýan içki mümkinçiliklere aýratyn üns bermek boýunça hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary kärhanamyzda üstünlikli amala aşyrylýar. Biziň önümçilik sehlerimizde we bölümlerimizde ýurdumyza daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň, esasan hem, dürli enjamlaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň ýerini tutýan önümleri öndürmek, hatardan çykanlaryny abatlap, gaýtadan dikeltmek hem ygtybarly ýola goýulýar. Hut şu ýagdaýyň özi «Türkmennebit» döwlet konsernine köp möçberde maliýe serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Bagtygül MÄMMEDOWA, «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň
Abatlaýyş-mehaniki zawodynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy
çeşme: "Nebit-gaz" gazeti