Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
NE­BIT SE­NA­GA­TYN­DA IŞ­LER TA­LA­BA­LA­ÝYK AMA­LA AŞY­RYL­ÝAR
05.11.2024

Türkmenistan dünýäde nebitiň we gazyň gorlary boýunça öňdäki orunlaryň birini eýelemek bilen, biziň ähli sebitlerimiz diýen ýaly gazylyp alynýan tebigy baýlyklara baýdyr. Bu babatda günbatar sebitimiz «gara altynyň» gory boýunça aýratyn tapawutlanýar. Şol sanda, nebit ölçeginde Hazaryň türkmen bölegine degişli kenar ýakasynda hem uglewodorodlaryň uly gorlary jemlenendir. Gazylyp çykarylýan uglewodorod çig malynyň möçberini artdyrmak «Türkmennebit» döwlet konserniniň öňünde goýlan esasy wezipeleriň biridir. Konsern ýataklaryň otuzdan gowragynda nebit işlerini geçirip, olar dürli tapgyrlarda alnyp barylýar. Şol ýataklaryň ýokary netijeli işlenip taýýarlanylmagy olaryň geologiýa gurluşynyň aýratynlyklaryny doly nazara almak bilen şertlendirilýär. Bu wezipeleri çözmek üçin konsern işiniň ähli ugurlary boýunça täze tehnologiýalary we ýokary netijeli enjamlary giňden ornaşdyrmak bilen, önümçiligi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrýar. Konsern guýulary düýpli abatlamak, ýataklaryň önüm berijiligini artdyrmak, döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek we önümçiligi awtomatlaşdyrmak ýaly ugurlarda kompaniýalar bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Häzirki wagtda konsern tarapyndan döwrebap buraw enjamlaryny we tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmak bilen 7 müň metrden-de çuňlukda ýerleşýän täze uglewodorod ýataklary açylyp ulanyşa girizilýär. Hazar deňziniň türkmen böleginiň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýmagyň geljegi uly bolan ugurlarynyň biri bolup durýar. Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, Türkmenistan Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz toplumlarynyň geologiýa-geofiziki ýagdaýyny öwrenmek üçin ýöriteleşdirilen kompaniýalary işjeň çekdi. Netijede, seýsmiki maglumatlar alyndy, olar deňiz ýataklarynyň ýokary netijeliligini tassyklaýar. «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Hazar deňzinde işlemek üçin amatly maýa goýum ýagdaýyny üpjün edýär, onuň düzgünleri halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelýär. Häzir bu Kanunynyň çäklerinde «Türkmennebit» döwlet konserni deňiz toplumlarynda daşary ýurt kompaniýalary bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär. Hazar deňziniň türkmen bölegi toplumlara bölünip, olaryň birnäçesinde, baglaşylan şertnamalara laýyklykda, nebit işleri geçirilýär. Bilelikdäki taslamalaryň ykdysady taýdan netijeliligi hem-de durmuş ähmiýeti we ekologiýa howpsuzlygy şol hyzmatdaşlygyň binýatlaýyn ýörelgelerini düzýär. Ýurdumyz tebigy gazy hem has düýpli, toplumlaýyn gaýtadan işlemäge uly ähmiýet berýär. Türkmenistan dünýäniň energetika bazarynda energiýa serişdelerini iberiji hökmündäki abraýly ornuny pugtalandyrdy hemde energetika eksportynyň haryt düzümini diwersifikasiýalaşdyrmagyň, halkara energetika telekeçiliginiň täze görnüşlerini işjeň ösdürmegiň hasabyna bu ugurdaky mümkinçiliklerini hil taýdan özgerdýär. Eksport etmek bilen bir hatarda, energiýa serişdelerine ösýän içerki islegi kanagatlandyrmak ýangyç-energetika toplumynyň möhüm wezipesidir. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň iri pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa, elektroenergetika, gurluşyk senagaty we beýleki ulgamlaryň çalt depginde ösdürilmegi bilen şertlendirilendir.

Baýmyrat BALAKAÝEW, «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň

7-nji ýangyç guýujy bekediniň 1-nji derejeli operatory

çeşme: "Nebit-gaz gazeti"