Oglan döwrümiz Geldimämmet aga diýen hoşgöwün ýaşuly bilen goňşy oturypdyk. Halkymyzyň meşhur şahyrlarynyň goşgularyny, ertekileri, rowaýatlary ýatdan bilýän ýaşulynyň ogly dostumyz bolansoň, biz olara häli-şindi barardyk. Giň howlynyň düýbünde goşmaça gurlan bir otagdan hem-de çaklaňja aşhanadan ybarat öýde onuň täsin gürrüňlerini kän diňläpdik. Ýaşuly aram-aram gürrüňe: „Balalar, indiki aýdyp berjek ertekim uzakda, gaty uzakda ýerleşýän şäherleriň birinde bolup geçipdir. Oňa ýetmek üçin ençeme tokaýdan, ençeme dagdan, ençeme deňiz-derýadan aşmaly eken...“ diýen sözler bilen başlardy. Geldimmämet aga bir görseň, duşmanyma haýbat atýan batyra, bir görseň, ýaman ýürekli arabozara, bir görseň, dana goja, bir görseň, hamrak enä, bir görseň, aýylganç ýolbarsa...öwrülerdi. Onuň hereketlerine biz bilen birlikde agras Amantäç eje-de hezil edip gülerdi...
Men çeper terjime, onuň ähmiýeti hakda oýlananymda, hökman oglanlygymdaky şol mähriban öý, şol mähriban ýaşuly ýadyma düşýär. Näme üçin? Geçmişde her bir halkyň beýik şahyry (ýazyjysy) bolup, olar gaýry halkda dörän ajaýyp eserleri öz dillerine geçiripdirler. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Nurmuhammet Andalybam şolaryň biri bolan. Şeýle hem, aýratyn hukukly adamlaryň ýa-da, aýdylyşy ýaly, baýlygy ýere-göge sygmaýan adamlaryň tabşyrygy boýunça başga ýurtlarda döredilen eserleriň atlary näbelli ezber terjimeçiler tarapyndan öz dillerine geçirilip, golýazma görnüşinde ýaýradylandygyny biz taryhy maglumatlardan bilýäris. Mundan başga-da, halk arasyndan zehinleri orta haldaky terjimeçileriňem çykyp, olaryň öz ýagdaýlaryna görä, uly göwrümli eserlere ýapyşjak bolman, diňe gysgajyk ertekileri, rowaýatlary, tymsallary dil üsti terjime edip, golaý adamlaryna aýdyp beren bolmaklary ähtimaldyr. Belki, soňra şol eserleriň köpüsi agyzdan agza geçip, „ençeme tokaýdan, ençeme dagdan, ençeme deňiz-derýadan“ aňyrda ýerleşen şäherlerdir obalarda bolup geçýän gyzykly wakalar Geldimämmet aga ýaly rawylar tarapyndan ussatlyk bilen syntgylana-syntgylana, biziň milli halk döredijilik eserlerimize öwrülip gidendir? (Türkmen, gazak, özbek, azerbaýjan, gyrgyz...halk döredijilik eserleriniň köpüsiniň biri-birine meňzeş bolmagy şu ýagdaýdan habar bermeýärmi näme?). Şeýle nukdaýnazardan çemeleşilende, islendik halkda çeper terjime iki ugur: ýazuw üsti hem-de dil üsti ugur bilen gaýdan ýaly bolup dur...
Söz sungatynyň aýrylmaz şahasyna öwrülen çeper terjime indi uzak ýyllardan bäri dünýä derejesinde üns merkezinde bolup gelýär. Edebiýatçylaryň arasynda „belent sungat“, „özboluşly sungat“, „edebiýatlaryň dostlugynyň girewi“, „halklaryň arasyndaky dostluk köprüsi“ ýaly atlandyrylýan çeper terjimäniň inçe syrlaryna bagyşlanan ençeme makala, ylmy kitap ýazyldy. Olaryň ýene-de ýazyljakdygyny ynamly aýtsa bolar.
Terjimeçileriň sany hiç bir döwürde-de köp bolmandyr. Sebäbi ol juda agyr iş. Terjime özüne meýil edýän adamdan giň gözýetimliligi, sabyrlylygy, erjelligi, berk ynamlylygy talap edýär. Ol, şeýle-de, ermeni terjimeçisi K.Surenýanyň jaýdar belleýşi ýaly, ene dilini kämil bilmeli, şol hazynanyň hakyky eýesi bolmaly, ýanynda hazynanyň ähli „gizlin ýerleriniň“ açarlary bar bolup, ötlem-ötlem ýerlerden öz ýoluny tapmaly. Eserler terjime edilende, elýeterde sözlükleriň bolmagy, elbetde, zerur. Emma sözlükler bar zatdan ozal terjimeçini kyn ýagdaýlarda ugrukdyrmak hyzmatyny bitirýärler. Çeper terjimede gahrymanlaryň pikirlerini, duýgularyny, adamlar bilen gatnaşyklaryny täsirli, şireli beýan etmekde esasy orunda halkyň gepleşik dili durýar.
Aýdaly, men bir eserden dört sözlemi şeýle terjime edipdirin:
„Hossarly adamyň gepleýşi bir başgadyr görseň“.
„Onuň gözlegi düşewüntli ýerjagazdy“.
„Kişi ulumsy görünýärmi ýa-da göwnüme şeýlemi?“.
„Durmuş ony assa-ýuwaşdan gysýardy“.
Başga biri bolsa şol sözlemleri aşakdaky ýaly terjime edipdir:
„Arkaly-döşli adamyň gepleýşi bir başgadyr görseň“.
„ Onuň gözlegi ýag ýokundyly ýerjagazdy“.
„Kişi burny ýelli görünýärmi ýa-da göwnümemi?“.
„Durmuş onuň töweregini torlap barýardy“.
Meniň terjimämdäki sözlemler şol duşuna ulanmazça däldir, ýöne ene dilini kämil bilýän ikinji adamyň terjimesiniň has şowly çykandygy mesaňa-mälim bolup durandyr. „Arkaly-döşli, ýag ýokundyly, burny ýelli, töweregini torlap barýardy“ ýaly gepleşik diliniň ajaýyp nusgalarynyň okyjyny bendi etjekdigi öz-özünden düşnüklidir.
Meniň ýörite tutunan depderlerim bolup, olara üýşmeleňlerde eşidilen täsin jümleleri, tymsallary, halk degişmelerini, kitaplara girmedik nakyllardyr atalar sözlerini, meňzetmeleri, aýry-aýry sözleriň, aňlatmalaryň manylaryny, taryhy maglumatlary, şeýle-de, türkmen diline terjime edilen eserlerdäki göwnümden turan parçalary ýazgy edýärin. Ine, bularyň soňkusyna degişli käbir mysallar (kursiw bilen bellenilen sözleriň täsiri bir başgadyr!):
„Aziýa çölleriniň jähennem ýangyny başlandy“.
„Bu ýerdäki adamlaryň tebigatyny mirisinden syrysyna çenli öwrenipdir“.
„Işik agasy girip, döwlet arkalarynyň häzir bolanyny bildirenden soň, Hüseýin Baýkara girmeklerine ygtyýar berdi“.
„Arzan kelläň çorbasyny içip, süňküni gemrip, ýiligini ýuwdup, tulparyp gidipdir“...
(Aýbegiň „Nowaýy“ romanyndan, terjime eden Berdi Kerbabaýew).
“Aýal tanasyny taýzardyp, uludan dem alýardy“.
„Item öz resedine üýrse ýagşy“.
„- Heleýlerden ägä bol, olar söz bilen ýepbejiňi ýetirerler“.
„- Hutorda ham çarykly şallaklap ýöreniňden bäri „köp“ wagt geçendir-ow!“.
„ – Sen, näme, şol berebekgeý Hristonýa näbeletmi?“...
(M.Şolohowyň „Ýuwaş Don“ romanyndan, terjime eden Ata Badaýew).
„Illeriň men ýaly garrylary wagyr-şagyryň arasynda hezil edip otyrlar. Men bolsam hinindäki kör alaka ýaly, ýeke özüm garalyp oturmaly“.
„Hany, çekiliň gaýra! Näme horaz ýaly jiňňe-de-jiňňe boluşýarsyňyz?“
„Gelin ol ýerden ýüzi ýap-ýagtyja bolup geldi“.
„Ol gijeler tomus wagtynyň bir tutamjyk diýilýän gysgajyk gijeleridi“.
„Gör, indi adamlar nähili bolupdyrlar: edil eýlemän ütäýýärler!“.
„Häý, ýerjugun diýsäni!“.
„Hany, gepiňi köpeltme-de, öwüs şu taýdan!“... (M.Şolohowyň „Göterilen tarp“ romanyndan, terjime eden Bäşim Ataýew).
Bäşim Ataýew, şeýle-de, bu romanyň terjimesinde „sürekçi, nukyt bolmak, pessewe, ujaçy öküz, ýelýaňňy, çoçgara çolaşmak, jaýjarmak, pors atmak“...ýaly gepleşik diliniň nusgalaryndan örän ýerlikli peýdalanýar. Gerek ýerinde dialekt sözlerini ulanmakdanam çekinmeýär. Ynha, bir mysal:
„ – Ol baýraga mynasyp! Zor işledi!
- Özüne gural, aýalyna-da köýneklik satyn aldy!
- Ipolit, deshoşyňy bermelisiň-how! Häý, gara öküz diýsänim!“.
Rus dilindäki „магарыч“ sözi türkmen dilinde „şeýtel, söýünji“ manysyny berýär. Emma Günbatar Türkmenistanda şol sözlere derek „deshoş“ sözi has ýörgünli. Jaý ýerinde ulanylsa, dialekt sözleri-de sözlemlere, gör, nähili öwüşgin berýär eken!
Terjimeçilik başga bir halkyň wekili bolan ýazyjynyň zehinine hormat goýmakdan başlanýar. Eger şu hakykatdan ugur almasa, terjimeçi onuň gören zatlaryny görmegi, duýan zatlaryny duýmagy başarmaýar. Ahyrky netijede hem, eseriň däl-de, sözleriň toplumynyň terjimesi emele gelýär. Tanymal rus ýazyjysy K.Fediniň: „“Don Kihotyň“ nähili döredilendigini hemme kişi bilýär, ony nähili döretmelidigini weli hiç kim bilmeýär“ diýen aforizme öwrülen sözleri bar. Meşhur eser tarp ýerden döremeýär. Siz küýzegäriň işleýşini göz öňüne getiriň! Şol pursatda dünýäde diňe ussa bilen onuň edip oturan işi bardyr. Ol töwreginde nämeleriň bolup geçýändiginden bütinleý bihabardyr. Elleri, ýüz-gözi, eşigi toýun syçrantgysyndan ýaňa görer ýaly däldir. Elindäki şepbigi goýar, aýrar, ýylmar, daşa çekilip synlar...Birdenem gazaba müner-de, tamamlanyp barýan küýzäni alyp, zarp bir gyra zyňyp goýberer. Işe gaýtadan başlar...Ussa öz ýasaýan küýzesiniň günleriň birinde başga adamyň eline düşjekdigi, onuň hiline hut şol adamyň baha berjekdigi üçin işine telli-pelli däl-de, ýüregi bilen çemeleşýär. Meşhur ýazyjy-da şeýledir: ýazyp, bozup, ýyrtyp, täzeden ýazyp, ahyry çyn eseriň başyny bogýandyr. Şeýle bolany üçin hem, terjimeçi her bir söze, sözleme juda oýlanyşykly çemeleşmeli.
Tanymal dilçi alym Z.Muhammedowa türkmen terjime sungatynyň ösmegine-de saldamly goşant goşdy. Ol hem eserleri türkmen diline geçirdi, hem-de türkmen diline geçirilen eserleriň hili hakda makalalar ýazdy. Onuň baryp-ha 1951-nji ýylda çap edilen „A.P.Çehowyň hekaýalary türkmen dilinde“ diýlip atlandyrylan iki bölümden ybarat saldamly makalasy bilen tanyşmak bize miýesser etdi. Şol makalada çeper terjime bilen meşgullanýan adamlar üçin örän ähmiýetli bellikler bar. Geliň, alymyň şol bellikleriniň käbiri bilen tanyş bolalyň:
„Hekaýalardaky idiomalar, frazeologik sazlaşmalar diliň beýleki böleklerinden gowy terjime edilipdir. Şowsuz ýerler, adatça, sözme-söz terjimelerde duş gelýärler.
Mysallar:
„А ты что за пава такая?“(„Хирургия“) – „A sen maýmyn ýaly bolup, haýsy aşyň gatygy?“.
Bu ýerde türkmenlerde tawusa gözelligiň obrazy hökmünde garalýandygy sebäpli, şeýle ýaňsyly deňeşdirmäniň ýerlikli däldigi nazarda tutulypdyr. Muňa Mollanepesiň „Zöhre-Tahyr“ dessanyndan: „Biri – tawus, biri – kölüň sonasy“ diýen setiri mysal getirmek mümkin.
„А если что, секи меня, как, сидорову козу („Ванька“) – „Eger nälaýyk iş edäýsem, meni eşek ýenjen ýaly ýenç“.
Bu parçada „geçi“ sözi „eşek“ sözi bilen çalşylypdyr. Frazeologiki terjime asyl nusga laýyk gelýär.
„А она, не будь дура, и тяпни“ („Хамелеон“) – „Ol hem, akmak däl, şapyladaýdy“.
„Не будь дура“ söz düzümi türkmen dilinde beýle ýagdaýda ulanylmaýar. Emma bu parçada gepleşik dilinden peýdalanylansoň, gürrüň täsirli (aýratynam, „şapyladaýdy“) beýan edilipdir. Bu işe döredijilikli çemeleşilmeginiň netijesidir.
„ Я покажу вам, как распускать собак!“ („Хамелеон“) - „Men size iti nähili goýbermelidigini görkezerin!“.
Terjimede haýbata garanda, iti nähili goýbermelidigini görkezmekçi bolýan dostlukly äheň bar. Bu parça: „Men size iti boşadyp goýbermegiň nämedigini görkezerin!“ diýlip terjime edilen bolsa, ýerine düşerdi.
„Хамелеон“ hekaýasyndaky: „Ты ведь известный народь!“ diýen jümle-de: “Sen belli adam ahyryn!“ diýlip terjime edilip, pikir gowy mana eýe bolupdyr. Eger ol: „Sen görülmedik millet däl!“ diýlip alnan bolsa, dogry bolardy. Bärde, frazeologik söz düzümindäki arap sözi bolan „millet“ bütinleý täze düşünjä eýe bolmak bilen, öz göni manysyny ýitirýär. Rus dilindäki asyl nusgada-da „halk“ göçme manyda ulanylypdyr“. Şeýle-de, Z.Muhammedowa beýik ýazyjynyň hekaýalarynyň birindäki „чаво?“ sözüniň türkmençe „ýäme?“ diýlip, jüpüne düşürilip terjime edilendigini belleýär.
Alymyň soňky belligine degişli bizem bir zat aýtmakçy bolýarys. Eserlerdäki gepleşik diliniň nusgalary terjimeçini gaty köseýän esasy meseleleriň biridir. Mysal üçin, men M.Şolohowyň çyrpynyp duran çeper diliniň muşdagy bolamsoň, „Ýuwaş Don“ eserini aram-aram gaýtalap okaýaryn. Her gezegem edil ilkinji gezek okaýan ýaly, ondan uly lezzet alýaryn. Edebiýatçy alym A.Ýakimenko M.Şolohowyň döredijiligine bagyşlanan ylmy kitabynda eseriň dili hakda gürrüň edende, beýik ýazyjynyň egsilmez halky-şahyrana hazynadan, halkyň janly gepleşik dilinden aňrybaş çuňluk, ýitilik bilen susup alandygyny nygtaýar. Edebiýatçy alym M.Şolohowyň häzirki zaman rus dilini baýlaşdyrandygyny bellemek bilen, eserden birnäçe mysal getirýär. Biz olaryň diňe birine salgylanmakçy bolýarys. Eýsem, ümsümlik nähili bolup bilýär? Oňa birnäçe kesgitleme, häsiýetnama tapyp bolarmyka? Beýik ýazyjy ahwalatlar bilen baglylykda, sözlem içinde „mähirli ümsümlik, ajaýyp ümsümlik, inçeden egrilen ümsümlik, beýik ümsümlik, gizlin ümsümlik, rahat ümsümlik“ ýaly görnüşlerde getirýär. Beýik ýazyjynyň döredijiliginde diliň şekillendirme mümkinçiligini baýlaşdyrmak bütinleý täze metaforalaryň ulanylmagy, täze durnukly söz düzümleriniň girizilmegi, ýönekeý gepleşigiň giňden ulanylmagy, birnäçe sözleriň, aňlatmalaryň gaýtadan janlandyrylmagy...ýaly dürli ugurlar bilen alnyp gidilipdir. Çeperçilik serişdelerine (idiomalar, nakyllardyr atalar sözleri, deňeşdirmeler, kesä çekiş sözleri, sypatlandyrmalar) juda baý „Ýuwaş Don“ epopeýasyny başga dile terjime etmek diýmek dilde aňsat, onuň üçin, aýdylyşy ýaly, biliň gaty berk guşalan bolmaly.
Bu eserde özboluşly dil hazynasynyň – ýönekeý halk gepleşiginiň yzygiderli ulanmagy söz ussadyna gahrymanlaryň hersine mahsus bolan häsiýetleri, aýratynlyklary çuňňur, töwerekleýin açyp görkezmek üçin gerek bolupdyr. Biz „Ýuwaş Dondaky“ „сообчайте, не пужайте, бормотнул, орануть, тусменные глаза, нонешная добыча, загутарит...“ ýaly sözleri depderimize belläp aldyk. Şeýle sözleri nähili terjime etmelikä? Elbetde, olary „habar ýetiriň, gorkuzjak bolmaň, madyrdady, gygyrmak (heňkirmek), gussaly gözler, şu günki aw, gepleşik...“ ýaly terjime etse bolar. Ýöne şol sözleriň asyl nusgadaky gözelligini, agramyny ýitirjekdigi öz-özünden düşnüklidir. Diýmek, ykbalyny bu ajaýyp sungata baglamak isleýän adam, ilkinji nobatda, terjimeçiniň esasy wezipesiniň hemişe gözlegde bolmakdygyny, „Bermezekden Taňrydan irmezek awçy alar“ diýen pähime gulluk etmekdigini, halkdan alyp, ýene halka gaýtaryp bermekdigini ýadynda berk saklamaly.
Indi, gepiň gerdişine, belki, ýaş kärdeşlerime nepi deger diýen pikir bilen, öz iş tejribäm hakda-da durup geçeýin. Powestmi ýa-da romanmy, tapawudy ýok, „Dünýä edebiýaty“ žurnalynyň tabşyrýan her bir eserini hökman ilki elim galamly okap çykýaryn. Birnäçe gün şol eser hakda oýlanyp gezýärin, özümde döreýän sowallara jogap gözleýärin. Olaryň iň esasysy bolsa: „Ýazyjy bu eseri näme maksat bilen ýazdyka?“ diýen sowal bolup durýar. S.Sweýgiň „Magellan“ powestini türkmen diline geçirmegimi haýyş edenlerinde, ör-gökden geldim. Sebäbi men ozal ony rus dilinde okapdym. Ýekeje ýerinde-de dialog (gepleşik) bolmadyk, çylşyrymly sözlemlerden hyryn-dykyn powesti nädip terjime etjekmişiň? Üstesine-de, men kompýuterde diňe ýazyp bilýän, internetden peýdalanmagyň nämedigini bilemok ahyry! Şeýle-de bolsa, ruhlandyryjy sözler aýdylyp, ynam bildirilensoň, şol işi boýun aldym. „Ýazyjy bu eseri näme maksat bilen ýazdyka?“ – men telim günläp, ine, şu sowala jogap gözledim. Bir gün gije oýaly-ukuly ýatyşyma, oňa jogap tapaýdym: ýazyjynyň powesti ýazmagyna Magellanyň halyna ýürek awama sebäp bolupdyr! Hut şeýle! Magellan adaty adam däl, ol öz ýaşaýan jemgyýetindenem, döwürdeşlerindenem ýokardaky ynsan. Ony nämälimlige (onda-da aýylganç nämälimlige!) iterýänem, başyna ýetýänem öz beýikligi! Ol maksady myrat tapýança, görülmeli ýagşy-ýaman zatlaryň ählisini görýär. Iň soňunda janyny orta goýup gazanan şöhraty-da başga bir mekir, namart kişä nesip edýär – dünýä döräli bäri dowam edip gelýän ahwalat!..Men özüme golaý saýýan adamlaryma ýüz tutup, dünýäniň tanymal syýahatçylaryna, esasanam, Magellana degişli maglumatlary aldym. S.Sweýgiň eserlerini gaýtadan okap çykdym, onuň ýazyş aýratynlygyna üns berdim. Soňra eseri terjime edip başladym. Galam bilen ak kagyz meniň ygtyýarymdady. (El bilen ýazmakdan ýaňa barmaklarym gabaryp gitse-de, men şeýle işlemäge halys endik edipdirin. Bagrymy ýassyga berip işlemesem, terjimä sowuklyk aralaşjak ýaly bolup dur. Ýazgylarymy ine-gana okap, düzedişler girizip, soňra kompýutere bölüm-bölüm geçirýärin). Sözlemler tirkeş-tirkeş bolup barýardy. Meni ýuwaş-ýuwaşdan Magellana golaýlaşýan ýaly duýgy gurşap aldy. Hawa, şeýle boldy! Men tä eseriň iň soňky sahypasyna ýetýänçäm onuň ýanynda boldum, begenjini, gynanjyny paýlaşdym, pikirlerini diňledim, pajygaly ýagdaýda heläp bolýan purdatynda başymy ýaýkap, elimdäki galamy bir gyra gaharly zyňyp goýberdim...K.Gurbannepesowyň: „Ýazsamam ýazdym weli, agyr düşdi bu goşgy“ diýşi ýaly, powesti terjime etsemem etdim weli, ol maňa agyr düşdi...
Polýak ýazyjysy Boleslaw Prusuň dünýä meşhur, üç kitapdan ybarat „Faraon“ roman-epopeýasyny türkmen diline geçirmegiň öz paýyma düşendigine juda begenýärin. Ol meni sözüň doly manysynda synagdan geçiren eser bolupdy. Roman-epopeýany okap çykanymdan soňra, ýaşaýan şäherimdäki kitaphana gatnap, „Gadymy Müsüriň bakna ilaty“ (1966), „Gadymy dünýäniň taryhy“ (1979), „Ramsesleriň Müsüri“ (1989), „Faraonlaryň zamanynda“ (1982), „Gadymy dünýä şahslarda we keşplerde“ (1990) ýaly rus dilinde neşir edilen ylmy kitaplar bilen tanyşdym. Şeýle-de, golaý gatnaşýan adamlarymyň kömegi arkaly internetden alnan žreslere (din hadymlaryna) degişli maglumatlary okap çykdym. Sypaýy, medeniýetli, aňrybaş derejede okumyşlygy bilen haýran galdyrýan kitaphanaçy zenan Lena Skworsowa ýakyn maslahatçym boldy. Beren ýardam-hemaýaty üçin men oňa minnetdardyryn.
Biziň eýýamymyzdan üç müň ýyla golaý ozal Niliň aşaky akymynyň jülgesinde Müsür döreýär. Ýazyjynyň kitabyň girişinde belleýşi ýaly, şol ýurduň ykbalyny žresler çözüpdirler. Olaryň Müsürde bitiren hyzmatlaryny häzirki wagtda asla göz öňüne getirer ýaly däl. Žresler ýaş nesilleriň halypalary, gurrandazlar, uly adamlaryň maslahatçylary, tebipler bolupdyrlar, inženerler hökmünde jemgyýetçilik işleriniň gidişine ýolbaşçylyk edipdirler, astrologiýa bilen meşgullanypdyrlar, iň esasy zat hem, öz ýurduny, onuň goňşularyny gaty gowy bilýän adamlar hökmünde syýasata täsir edipdirler. Okyjylar köpçüligi, edebiýat jemgyýetçiligi üçin oslagsyz waka bolan bu eseriň merkezinde ýaş faraon Ramses bilen žresleriň arasyndaky göreş beýan edilýär.
Beýleki dilleri bilmeýändigim sebäpli, eserleri diňe rus dilinden terjime edýärin. Roman-epopeýa, umuman alanyňda, rus diline şowly terjime edilipdir. Ýöne terjimeçi birnäçe ýerde şol zamanda däl-de, biziň zamanymyzda ulanylýan sözleri (mysal üçin, ýokary gatlak wekilleriniň, harby serkerdeleriň derejeleri, edaralaryň atlary) alypdyr. Olary türkmen okyjysy düşüner ýaly edip almak üçin kellä ýagşy agram salmaly boldy.
Roman-epopeýa žurnalda çap edilip başlandy. Taryhy eserleri okamagy halaýan okyjylar jaň edip, göwün göteriji sözleri aýtdylar, olaryň biriniň: „Tüweleme, Müsür faraonyny Türkmenistana getirmegi başarypsyň. Höwri köp bolsun!“ diýen sözlerini bolsa ukusyz geçiren gijelerimiň, çeken azabymyň, eden yhlasymyň netijesine berlen ýokary baha hasap edýärin.
Ýazyjy her näçe tanymal, döreden eserleri her näçe agza-dile düşen bolsa bolubersin, käbir okyjylar onuň galamyndan çykan hekaýalary, powestleri, romanlary kabul etmeýärler. Munda, elbetde, hiç hili geň-taňlyk ýok. Sebäbi „Dünýäde näçe adam bar bolsa, şonça-da pelsepe bardyr“ diýen ýörgünli aýtgy bar. Men munuň terjimeçiler babatynda-da şeýledigine ynanýan. Aýdaly, özüm-ä F.Dostoýewskiniň, I.Buniniň, A.Solženisynyň, A.Kamýunyň eserlerini türkmen diline geçirmäge asla meýilli däl. Näme üçin? Munuň iki sebäbi bar. F.Dostoýeskiniň eserlerini okap çykan E.Hemingueý bir gezek golaý adamlarynyň ýanynda: „Ol şeýle biderek ýazanam bolsa, dünýä tanalyp bilşine haýran galaýmaly“ diýipdir. Edebiýatçylar bolsa „şeýle biderek ýazmagyň“ F.Dostoýewskiniň özboluşly ýazyş usulydygyny belleýärler. Men onuň eserlerini ýaş mahalymam, orta ýaşan mahalymam, gartaşyp ugran mahalymam okadym. Ýöne olar meni imrindirmedi. Onsoň bu beýik ýazyja düşünerden kän bärdedigime ynanyp, onuň eserlerini okamagymy bes etdim. Meniň berk ynanjyma görä, her näçe jan etsemem, F.Dostoýewskini terjime etmek maňa başartmaz. Beýleki atlandyrylan ýazyjylar hakda aýdylanda bolsa, men özümi olaryň eserleriniň içinde duýup bilmedim. Şeýle bolansoň, şol ýazyjylaryň galamyndan çykan powestler, romanlar bilen diňe adaty okyjy hökmünde tanyş bolandygymy belläp biljek.
Meniň çeper terjimä „lezzetli howatyrlanma“ diýen aňlatmany girizäýesim gelip dur. Mälim bolşy ýaly, iň gowy terjime okyja öz ene diline geçirilen eseri okap oturandygyny unutmaga mejbur edýän terjimedir. Şeýle üstünlik lezzetli howatyrlanmany başdan geçirýän terjimeçä miýesser edýär. Ol ilki ýazyjynyň abraýyndan, eseriň ýazylyşynyň adaty däldiginden, oňa „öz aýdanyny etdirip“ biljeginden çekinýär. Ýöne eserden daşlaşybam bilmeýär. Ýagşy ölçerip-dökenden soňra iş başyna geçýär. Ony üstünlikli alyp çykýar. Meniň pikirimçe, G.Abaşidzäniň „Uzaga çeken tümlük“, P.Kadyrowyň „Ýyldyzly gijeler“, T.Kasymbekowyň „Synan gylyç“...romanlaryny terjime eden Ş, Çaryýew, W.Ýanyň „Çingiz han“, „Baty han“, I.Kalaşnikowyň „Ýowuz asyr“, S.Ulugzadanyň „Firdöwsi“...romanlaryny terjime eden K.Gurbanmyradow, J.Londonyň „Martin Iden“, Mopassanyň „Pýer bilen Žan“ romanlaryny, I.Turgenýewiň „Bahar bulaklary“...powestini terjime eden A.Tagan şeýle duýgyny başdan geçiren bolsa gerek.
Söz sungatynda şahyr ýa-da ýazyjy hadysa bolýar. Eýsem, terjimeçi hadysa bolup bilermi? Elbetde, bolup biler. Dünýä meşhur „Müň bir gijäni“ arap däl-de, türkmen döreden ýaly eden, M.Şolohowyň „Göterilen tarpyny“ rus ýazyjysynyň däl-de, türkmen ýazyjysynyň galamyndan çykan ýaly eden Bäşim Ataýew, grek Sofoklyň „Edip şa“ tragediýasyny, iňlis U.Şekspiriň eserlerini nusgalyk derejede terjime eden Annaly Berdiýew muňa aýdyň mysaldyr. Bu ussatlaryň miras galdyran terjimeleri ýaşlar üçin hakyky mekdepdir.
Her bir terjimeçi öz ýüzüniň, öz „möhrüniň“ bolmagyny - ene diline geçiren eseriniň aşagynda goluny goýmasa-da, okyjynyň özüni tanamagyny arzuw edýär. Beýle aýratynlyga eýe bolmagyň örän kyn zatdygy öz-özünden düşnüklidir. Ol başga bir halkyň wekiliniň ýazan eserini gaýtadan döretmek (bu sözüň doly manysynda şeýledir!) üçin hemişe pikire çümüp ýörmeli, telim gezek çaý-çörek edinmegiň wagtyny geçirmeli. Eger çaga özüne sowgat berlen oýunjak göwnünden tursa, ýerine näme hödürleseňem, ony çalyşmaz. Terjimeçiniň aram-aram edýän hereketi şol çaganyňky ýalydyr: zehiniň eçilen „sowgadyna“ eýe bolan mahaly – sözi, sözlemi, parçany jüpüne düşürip terjime eden mahaly begenjunden giň dünýä sygmaz; A.S.Puşkiniň şatlykly halda: „Haý, haý, Puşkin, köpeý ogly!“ diýen sözlerine meňzeş sözleri gaýtalar; şol pursatda öz eden terjimelerini hiç bir zat bilen çalyşmaz. Terjimeçiniň aýratynlygynyň emele gelmegi üçin ene diline geçiren eserlerinde: „Ol midi-midi gürrüňleriň öýjügi bolan erkekleriň hilinden däldi“, „Içinde dömen jerhedi daşyna çykarmasa, boljak däldi“, „Men ony gaty gowy tanaýan: müýda-çüýdeligi bilmeýän, irimçik adamdyr“, „Sen ne beýle käkeleýärsiň?“, „Hamala duşmançylygy bar ýaly, ol näme üçin menden ýadyrgap ýörkä?“, „Bagty öňünden ýöreýän adam bilen oýnuň deň gelmez“...ýaly nepis jümleler köp bolmaly.
Geçen asyryň ýigriminji ýyllarynda ilkinji ädimi ädip ugran türkmen terjime sungaty wagtyň geçmegi bilen, kämilleşdi, ösüş ýoluna düşdi. Geçen ýyllaryň dowamynda türkmen diline terjime edilen poeziýa we proza kitaplarynyň ençemesi neşir edilip, okyjylaryň kitap tekjelerinde hemişelik orun aldylar. Bu ajaýyp sungat öz asylly işini - halklaryň arasynda dostluk-doganlygy, edebi we medeni gatnaşygy ýola goýmak işini abraý bilen dowam etdirýär.
Amanmyrat KIÇIGULOW, «Türkmennebit» döwlet konserniniň
«Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň hünärmeni, terjimeçi
ceşme: "Dünýä edebiýaty" žurnaly