Al-Azhar uniwersiteti. Müsüriň paýtagty Kairde ýerleşýän bu ýokary okuw mekdebi b.e.öň 970nji ýylda esaslandyrylypdyr. Şeýle ir döwürde esaslandyrylandygyna garamazdan, uniwersitet derejesi diňe 1961nji ýylda berlipdir. Bu mekdep döredilende dini okuw merkezi bolan hem bolsa, häzirki wagtda döwrebap okuw maksatnamalary esasynda bilim berilýär. Işewürlik, ykdysadyýet, lukmançylyk, oba hojalygy we inženerçilik uniwersitetiň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.
Boloniýa uniwersiteti.Bu ýokary okuw mekdebi diňe bir Italiýada däl, eýsem, bütin sebitde «Ýewropanyň iň gadymy uniwersiteti» derejesine eýedir. Uniwersitet 1088 nji ýylda esaslandyrylyp, dünýäniňiň gadymy ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda abraýly orun eýeleýär. Çünki Italiýanyň görnükli syýasatçylarynyň birnäçesi, şeýle hem 3 sany Rim papasy bu uniwersitetiň uçurymlarydyr. Uniwersitet jemi segsen müň talyby özünde jemlemek bilen, olaryň otuz müňi ylmyderejelere dalaşgärlerdir.
Oksford uniwersiteti. Italiýanyň Bolon uniwersitetinden soňra dünýäde, galybersede, Ýewropa sebitinde iň gadymy ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda Beýik Britaniýanyň Oksford uniwersiteti getirilýär. Dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hatarynda öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýän bu uniwersitetde okuwlar has irräk başlanan hem bolsa, onuň resmi esaslandyrylan senesi 1096 njy ýyl hasaplanýar. Taryhçylar uniwersitetiň ösmeginde Korol Genrih II oňyn täsiriniň bolandygyny aýdýarlar.
Kembrij uniwersiteti. Dünýä belli birnäçe alymlary taýýarlan bu uniwersitet käbir düşünişmezlikler sebäpli, Oksforddan giden alymlar topary tarapyndan esaslandyrylýar. 1209 njy ýylda emele gelen uniwersitetiň düzümine jemi 31 kollej girip, hersiniň öz emlägi, kitaphanasy, umumy ýaşaýyş jaýy we ybadathanasy bar. Uniwersitet uzak ýyllaryň dowamynda bilim bermek boýunça dünýäniň öňdebaryjy okuw mekdepleri bilen, şol sanda Oksford uniwersiteti bilen çekeleşikli bäsleşip gelýär. Uniwersitetiň uçurymlarynyň 121si Nobel baýragynyň eýesidir. Munuň özi uniwersitetiň ýokary abraýyny alamatlandyrýar.
Salamanka uniwersiteti. 1134 nji ýylda esaslandyrylan bu ýokary okuw mekdebine Aleksandr IV Permany esasynda 1225 nji ýylda uniwersitet derejesi berilýär. Bu uniwersitet Ispaniýada hereket edýän ýokary okuw mekdepleriniň iň gadymysydyr. Oksforddyr Kembrij uniwersitetleri ýaly bu okuw mekdebi hem birnäçe kollejleri özünde jemleýär.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Nurmyrat NURMUHAMMEDOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy
çeşme: Arkadagly ýaşlar žurnaly