Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
Döwrebap zähmetiň netijesi
22.06.2023

«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleriniň hünärmenleri uglewodorod çig mallaryna baý ýataklary senagat taýdan netijeli özleşdirmekde maksada okgunly işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler. Häzirki zaman ylmynyň soňky gazananlaryna we dünýä tejribesine daýanyp, giň gerimli işleri amala aşyrmaga ähli mümkinçilikleri bolan türkmen alymlary, geologlary we önümçilik inženerleri tarapyndan «gara altynyň» we «mawy ýangyjyň» çykarylyşynyň möçberlerini yzygiderli artdyrmak boýunça işlenip düzülen meýilnamalar konserniň kärhanalarynda üstünlikli ýerine ýetirilýär.

Häzirki wagtda konserniň nebitgaz çykaryş müdirliklerinde önümçilige giňden ornaşdyrylýan gaz göteriş usuly önümli guýulardan nebit çykarmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Konserniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň Gaz toplaýyş we akdyryş müdirligine degişli bolan «Goturdepe», «Barsagelmez» we «Hazar» gaz gysyjy desgalarynyň zähmet toparlary bu ugurda döwrebap işleri bitirmegi başarýarlar. Häzirki zaman dünýäsiniň iň bir kämil kuwwatlyklaryna eýe bolan bu desgalaryň netijeli işledilmegi bilen müdirlik boýunça şu ýylyň geçen birinji çärýeginde toplanylyp, arassalanylyp we gaýtadan işlenilip konserniň nebitli guýularyna ugrukdyrylan gazyň umumy möçberi  1 milliard 298 million kub metre golaýlady. Konserniň nebitçileriniň bu ugurdaky sargytlarynyň kanagatlandyrylmagynda müdirligiň «Goturdepe» gaz gysyjy desgasynda bitirilýän işler has-da görnüklidir. Iň bir kämil enjamlar bilen üpjün edilen bu kuwwatly desga Goturdepe baýlyklar mesgenindäki nebitli guýularyň ýüzlerçesini gaz göteriş usulyna geçirmäge aýgytly täsirini ýetirýär. Ol ýerdäki gaz göteriş usulynda işleýän guýulardan häzirki döwürde her gije-gündiziň dowamynda alynýan «gara altynyň» möçberi müňlerçe tonna barabardyr.

Hormatly Prezidentimiziň türkmen nebitçileriniň öňünde goýan belent wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşmagy maksat edinýän Gaz toplaýyş we akdyryş müdirliginiň «Goturdepe» gaz gysyjy desgasynyň hünärmenleri ýylyň ýylyna görnükli sepgitlere eýe bolýarlar. Desganyň öz işine ussat hünärmenleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny hem belent sepgitlere beslemek üçin şu günler has-da gaýratly zähmet çekýärler. Bu desgada gürrüňi edilýän hasabat döwründe nebitli guýularda ulanmak üçin taýýarlanylan gazyň möçberi 498 million kub metrden hem köp boldy. Bu görkezijiniň tutuş Gaz toplaýyş we akdyryş müdirligi boýunça geçen üç aýda bitirilen işleriň üçden birine barabar bolandygyny hem aýratyn nygtamak gerek. Ýeri gelende aýtsak, bu kuwwatly gaz gysyjynyň düzüminde kömürturşy gazyny öndürýän bölüm hem bolup, onuň kuwwatlylygy her gije-gündizde bir tonna deňdir. Kömürturşy gazy diňe bir ýangyn söndürmekde däl, eýsem, azyk senagatynda gazly içgileri öndürmekde hem giňden ulanylýar.

— Gaz gysyjy desgamyzyň düzümindäki elektron, kompýuter, ýörite turba kompressorlary bejerýän bölümleriň we gulluklaryň pugta sazlaşykda işledilmegi nebit çykaryjy müdirlikleriň sargytlaryny doly berjaý etmekde gazanýan üstünliklerimiziň girewi bolup durýar. Biziň häzirki günlerde «Goturdepe» nebitgaz çykaryş müdirliginiň nebitli guýularyna gönükdirýän ýokary basyşly gazymyzyň möçberi 8 million kub metre ýetýär. Dolandyryş merkeziniň inženeri Durdymämmet Guwanjow, çalşyk inženerleri Rejep Annaorazow, Baýram Baýramalyýew, elektroenjamlar gullugynyň montýory Witaliý Sagbeýew, awtomatiki-abatlaýjy Güýç Hajygurbanow ýaly ussat hünärmenlerimiz her bir işde öz kärdeşlerine görelde görkezýärler — diýip, desganyň başlygy Derýagylyç Tagangylyjow buýsanç bilen gürrüň berýär.