Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy
PYRAGYNYŇ ÖÇMEJEK YZLARY
29.10.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda türkmen taryhynda öçmejek yz galdyran şahyrlary, ýazyjylary öwrenmeklige uly üns berilýär. Şeýle şahyrlaryň biri hem adamlaryň kalbynda mäkäm ornaşmagy başaran Magtymguly Pyragydyr. Dana Pyragy özüniň ýiti zehini, akylpaýhasy, şygyrlary bilen dünýä tanalan umumadamzat şahyrydyr. Onuň XVIII asyrda ýaşap geçendigine garamazdan, goşgulary häzirki günde hem öz ähmiýetini ýitirmän, dünýä ýaň salýar. Beýik şahyra hormat hökmünde Russiýada, Gazagystanda, Türkiýede, Özbegistanda, Eýranda, Ukrainada we beýleki ýurtlarda ýadygärlikler guruldy. Bu hem Magtymguly Pyragynyň döredijiligine diňe biziň ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem çuňňur hormat goýulýandygyny subut edýär. Akyldaryň adamlaryň kalbynda öçmejek yz goýan eserleriniň täsirliligi, çuň many-mazmunlylygy ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyga çagyryş, agzybirlik, ahlaklylyk, arassalyk ýaly hiç wagt ähmiýetini ýitirmeýän, häzirki döwürde has hem uly üns berilýän temalaryň bolmagyndan ugur alýandyr. Aşgabadyň günorta böleginde, gojaman Köpetdagyň eteginde gurlan Magtymguly Pyragynyň ägirt uly ýadygärligi hem beýik şahyryň ömrüne, döredijiligine ähli türkmen halky tarapyndan goýulýan uly sarpanyň nyşanydyr. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekiliniň hormatyna medeni-seýilgäh toplumyny döretmek baradaky teklibi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürendigi bellärliklidir. Ýylyň şygarynyň adynyň hem dana Pyragy bilen baglanyşdyrylmagy uly ähmiýete eýedir. Şygaryň ady Gahryman Arkadagymyzyň milli şahyrymyzyň 300 ýyllyk toýuna bagyşlap ýazan eserinden alyndy. Bu goşgynyň her bir sözünde, her bir setirinde çuňňur many bar.

Salyh HUDAÝWERENOW, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy

çeşme: Nebit-gaz gazeti.