Sýurih uniwersitetiniň we Lozannanyň Şweýsar ýokary tehniki mekdebiniň alymlary ses tolkunlaryny diňe bir ugurda ýaýramaga mejbur edýän enjamy işläp düzdüler. Munuň özi aragatnaşygyň täze tehnologiýalaryny işläp düzmekde esas bolup biler diýip, «ferra.ru» habar berýär. Enjam sesi geçirmek we kabul etmek üçin üç porty bolan disk görnüşlidir. Işjeň däl ýagdaýda ses birinji portdan ikinji we üçünji portlara birmeňzeş güýçlülikde baryp ýetýär. Emma howa akymyny boşluk arkaly belli bir tizlikde gönükdirseň, birtaraplaýyn geçirilmegini üpjün etmek bilen, diňe ikinji port sesi kabul edýär. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, enjamyň dizaýnynyň täsinligi tolkunlary sinhronlaşdyrmak, hatda olary güýçlendirmek bilen, ses energiýasynyň ýitgisiniň öňüni alýar. Täze tehnologiýa diňe bir sesleri dolandyrmakda ulanylman, eýsem, elektromagnit tolkunlaryna gözegçilik etmekde hem peýdalanylyp bilner.
Abbas ALIÝEW, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.
çeşme: Nebit-gaz gazeti.