Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Depginli ösýän pudak
31.10.2024

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösüşi orta we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli we döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar. Nebitgaz, himiýa we nebithimiýa senagatlary, maşyngurluşyk we beýleki senagat ugurlary ýokary ösüş basgançaklaryna çykarylýar. Bu wajyp ösüşleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä nusgalyk ykdysady syýasaty durýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda uglewodorod baýlyklaryny diňe bir ýangyç-energetika serişdesi hökmünde ulanman, eýsem, gymmatly çig mal hökmünde peýdalanyp, köp sanly islegli sintetik önümleri öndürmek üçin ýurdumyzda nebithimiýa we gazhimiýa pudaklarynyň işini ösdürmekde hem ençeme işler alnyp barylýar. Himiýa senagatynyň ösmeginde nebitiň we nebit önümleriniň ähmiýeti örän ýokarydyr. Çünki olar durmuşymyzda giňden peýdalanylýar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemekde, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply nebit önümleriniň öndürilýän mukdaryny artdyrmakda we olaryň görnüşlerini köpeltmekde esasy orunda durýar.

Gülnäzik Aşyrowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Balkanabat bölüminiň talyby, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.

çeşme: Balkan gazeti.



Şeýlede okaň


29.01.2025


27.01.2025

24.01.2025

24.01.2025

22.01.2025