— Her ýyl geçirilýän bu forum ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, önümçiligi döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşmaga ýardam berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW
Düýn Aşgabat şäherinde «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy uly ruhubelentlik bilen diňlenildi. Döwlet Baştutanymyzyň «Biz ýangyçenergetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýäris. Eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir» diýen sözleri sergä gatnaşyjylarda uly ruhubelentlik döretdi. Indi her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara sergi we maslahat özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, önümçiligi döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşmakda özboluşly meýdança bolup hyzmat edýär. Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen forum utgaşykly görnüşde geçirilip, oňa dünýäniň onlarça döwletinden wekiller gatnaşýarlar. Foruma gatnaşýan giň wekilçilikli düzüm Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge dürli ýurtlaryň işewür toparlary tarapyndan gyzyklanmanyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär. Olaryň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ymtylmalary ýurdumyzyň «Açyk gapylar» syýasaty hem-de ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary bilen şertlendirilendir. Ylmyň we tejribäniň ösüşine daýanyp, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlerde hyzmatdaşlygy jebisleşdirmek hem halkara maslahatyň esasy gün tertibiniň birine öwrüler. Şonuň bilen birlikde-de, gürrüňi edilýän halkara maslahat we sergi ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň özara tejribe we pikir alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly ähmiýete eýe bolar.
çeşme: «Aşgabat» gazeti.